Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Paýhas bäsleşigi
Ýazylan wagty: 19 июня 2015 Ýazan Mayichka

Paýhas bäsleşigi


        Paýtagtymyzdaky Küşt  we şaşka mekdebiniň giň we ýagty zalynda paýhas oýny bolan küşt boýunça ýokary ligada çykyş edýän zenan küştçileriniň arasynda geçen Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda geçen ýaryşa Berkarar döwletimiziň iň saýlama zenan küştçileriniň 16-sy gatnaşdy.


        Elbetde bu ussat küştçiler şu çempionata gatnaşmak üçin birnäçi ýeňil boplmadyk tapgyrdan  geçdiler. Ýagny ilki bilen, küşt we şaşka mekdebinde zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 1-nji ligasynyň oýunlary geçirldi. Ol ýaryşa jemi 28 küştçi gatnaşdy oýunlaryň netijesinde öňdäki onlyga düşen küştçileriň sekizisi ýokary ligada çykyş  etmek mümkinçiligini gazandy. Ýokary ligada bar bolan öňki sekiz küştçi bilen bilelikde alanyňda jemi 16 küştçi ýokary liganyň çempionatynda oýnamak hukugyny gazandy. Şeýlelikde 16 sany zenan küştçi Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň duşuşyklaryna gatnaşdylar. Çempionatyň her bir duşuşygy täsin tilsim hereketlerine, syrly göçümlere baý boldy. Netijede mümkin bolan 15 utukdan 12 utuk gazanan Jemal Öwezdurdyýewa Türkmenistanyň çempiony diýen hormatly ada mynasyp boldy we sport ussatlyk derejesini doldurdy.


         Jemal Öwezdurdyýewa entek ýaş küştçi. Ol Paýtagtymyzdaky 32-nji orta mekdebiň 10-njy synpyny tamamlady. Onuň ilkinji we häzirki güne çenli tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Myratgulyýewdir. Jemal entek alty ýaşyndaka Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň Küşt sport mekdebinde türgenleşip başlaýar. Tebigy zehin  we zähmetsöýerlik ýaly düşünjeleriň sazlaşygy netijesinde Jemal tiz wagtdan zähmetiniň miwesini görüp başlady. 2010-njy ýylda Türkiýe döwletinde 13-ýaşa çenli küştçileriň arasynda geçen dünýä çempionatynda Bürünç medal gazandy.


        Umuman, ýokary ligada çylyş edýän  zenan küştçileriň arasynda geçen bu çempionatda Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň Küşt sport mekdebiniň küştçileri şowly çykyş etdiler. Olar ýurdumyzyň ýygyndy  toparynyň esasyny düzýärler. Olardan Tawus Baýramsähedowa, Hurma Weliýewa, Meňli Öwezowa, Ogulgerek we Gözel Atabaýewalaryň atlary hormat bilen tutulmaga mynasyp. Indi ussatlaryň öňdäki altylygyna Jemal Öwezdurdyýewa hem goşuldy.


         Berkarar döwletimizde küşt sporty zenanlaryň arasynda hem meşhurlyga eýe. Zenan  küştçileriň arasynda Mähri Geldiýewa ilkinji bolup halkara gorreýstmeýstri derejesini doldupran  zenan küştçidir. Häzirki güne çenli  hem Mähri Geldiýewa 1-nji orunda bolmagynda galýar. Onuň oýunlary häzirki ýaşlarymyz üçin nusga bolup durýar.


         Umuman zenan küştçileriniň her bir üstünlikleri paýtagtymyzda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanly küştçileriň şowly çykyş etjekdiklerine bolan ynamy goşalandyrýar.


Okalan sany: 342   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
19 июня 2015

Ýaş küştçi gyzlarymyza uly üstünlik arzuw edýâris.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13814 sek. ýüklenen baýt: 34072