Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ÇO­PAN PÄL­WANY
Ýazylan wagty: 11 апреля 2013 Ýazan Betman
Bir bar eken, bir ýok eken, bir­wagt ga­ty güýç­li bir ga­ryp ço­pan bar eken. Ol gum­da ço­pan­çy­lyk edip ýö­ren eken. Bir gün sürüniň yzyn­dan gi­dip bar­ýar­ka, öňün­den bir döw çy­kyp, “Dur!” di­ýipdir.
Ço­pan buýrugy ýerine ýetiripdir. Döw betniýetini aýan edipdir:
– Sen ma­ňa hem­me goý­nu­ňy ber, bol­ma­sa, özü­ňi iýip, hem­me goý­nu­ňy alyp gi­de­rin .
– Döw aga, men sa­ňa goý­unlaryň ýekejesinem ber­men, ine, güý­jüň ýet­se-hä iýer­siň, bol­ma­sa-da, ja­ny­ňy be­rer­siň.
– Bol­ýar, gel, iki­miz göre­şe­li – di­ýip, ço­pan bi­len tu­tlu­şan­la­ryn­da, ço­pan dö­we:
– Kim ýy­kyl­sa, şo­ny öl­dür­me­li – di­ýipdir.
Döw razylaşypdyr.
Ço­pan bi­len döw gö­reş­mä­ge baş­la­ýar, dör­dü­len­ji gü­n­de ço­pan dö­wi ýyk­ýar. Ol bi­lin­dä­ki py­ça­gy­ bilen dö­wüň kel­le­si­ni ke­sip, sürüsini gu­ýa ge­ti­rip, su­wa ýa­kýar, çaý gaý­na­dyp, iç­mä­ge otur­ýar. Çaý içip otyr­ka, öz ýa­nyn­dan içi­ni gep­le­dýär: “Men ba­ýyň go­ýun­la­ry­ny tab­şy­ryp, bu hor­luk­dan çy­ka­ýyn” di­ýip, eden pi­kir­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin şol gi­je sü­ri­niň öňü­ne eşe­gi­ni sa­lyp, gi­je­si bi­len ýö­räp, ba­ýyň öýü­niň gapdalyna ge­lip, ba­ýa ha­bar be­ren. Hojaýyn ço­pa­nyň ýa­ny­na ge­lip:
– Sen nä­me üçin men­den gid­ýär­siň, se­ň iý­mi­tiň, egin-eşigiň ýet­me­ýär­mi ýa-da baş­ga zat bol­du­my? – di­ýip, ço­pan­dan so­ran­da, matlabyny aýdypdyr:
– Ýok, ýet­mez­çi­lik ed­ýän za­dym ýok, ýö­ne men ço­pan­lyk­dan gitmekçi.
– Ýy­lyň dol­andan gidersiň.
– Men se­ň eliň­de bäş ýyl öm­rü­mi ge­çir­dim, in­di bes­dir, ha­ky­my ber.
– Me­ň di­ýe­ni­mi et­mese ha­ky­ňy ber­jek däl.
 – Ber­me­seň-ä bol­maz.
– Ber­men!
– Ine, ber­me­seň – di­ýip, ba­ýyň eli­ni-aýa­gy­ny da­ňyp, onuň ýa­nyn­da­ky bar pu­lu­ny al­ýar. On­dan soň, ba­ýyň öýü­ne ba­ryp, og­lu­na-da:
– Ka­kaň goý­nuň ýa­nyn­da, ol sa­ňa tiz gel­sin diý­di di­ýip, ba­ýyň og­lu­ny ata­sy­nyň ýa­ny­na iber­ýär.
Ço­pa­nyň özi şä­he­re gaýd­ýar. Ba­ýyň og­ly ka­ka­sy­nyň ýa­ny­na gel­se, eli-aýa­gy güý­lün­gi ýa­tan.
– Ka­ka, se­ni kim daň­dy? – di­ýen.
– Ço­pan daň­dy – di­ýen.
– Ol ýa­ňy öýe ba­ryp: “Se­ni ka­kaň ça­gyr­ýar” di­ýip, me­ni se­ň ýa­ny­ňa iber­di.
– Ze­le­li ýok, og­lum! – di­ýip, baş­ga ço­pan tap­y­lar.
Ço­pan şä­he­re ba­ryp:
– Gö­reş­mä­ge kim bar? – di­ýip, bir çaý­çy­dan so­ran.
– Er­tir ba­za­ra çy­ka­ly, bel­ki, jar­çy gö­reş baý­ra­gy bar – di­ýip gy­gy­rar.
Bu­lar er­tir ba­za­ra bar­sa­lar, jar­çy: “Er­tir py­lan ýer­de gö­reş bol­ýar, şoňa kim is­le­se bar­ma­ly, haw!” di­ýip, jar çek­ýär.
Ço­pan bi­len çaý­çy mu­ňa gid­ýär, bar­sa­lar, gö­reş baş­la­nan eke­ni. Bu­la­ryň için­de bir päl­wan bar eke­ni, haý­sy päl­wan bi­len gö­reş­se ýy­kyp, baý­ra­gy alyp du­ran eke­ni. Ço­pan çaý­ça ýüzlenýär:
– Men hem şu­ň bi­len bir synanyşaýyn.
– Sen şu­ny ýy­kyp bil­seň, men sa­ňa eşek gu­lak päl­wan diýerin.
– O di­ýýä­niň nä­me?
– Öň bir baý bo­lup ge­çen, şo­ň bir eşe­gi bar eke­ni we­lin, haý­sy eşek bi­len uruş­sa, gu­la­gy bi­len urup ýyk­ýar eke­ni.
Ço­pan: “Bu nä­me?” di­ýip, özü­ne göwni ýe­tip, or­ta çy­kypdyr. Ol päl­wan ço­pa­nyň bi­lin­den tu­tan­da, onuň güýç­lü­di­gi­ni bi­lipdir. Ço­pan garşydaşyny daşyna iki ge­zek aý­lap, ýe­re ça­lypdyr we­li, päl­wan zo­ra çy­da­man, içi­ni tutup­dyr. Soň­ra ço­pa­na “Sag bol!” diý­şip gy­gy­rypdyr­lar. Soň­luk bi­len, çaý­çy ço­pa­na “Eşek gu­lak päl­wan” ady­ny go­ýan. Ol bu ady alyp, päl­wan­çy­ly­ga has hyjuwly baş­lan, ýy­ky­lan päl­wan bol­sa içi­ni tuta­ny­na uta­nyp, ço­pan­dan ýy­ky­la­ny­na ga­ty na­mys edip­dir. Çaý­çy bi­len ço­pan päl­wan iki­sem öý­le­ri­ne gaý­dan.
Eşek gu­lak päl­wan bir gaý­ra ge­zip ýör­kä, baş­ga bir ýe­riň pa­ty­şa­sy­nyň uly päl­wa­ny bar­dy­gy­ny eşi­dip­dir, Päl­wan çaý­ça:
– In­di öz ili­miz­de me­ni ýyk­jak adam ýok – di­ýen.
Ço­pan päl­wan bir­nä­çe gün ýö­räp, şol pa­ty­şa­nyň ili­niň çe­tin­den ba­ryp, kim eken­li­gi­ni hiç ki­me aýt­ma­ýan eke­ni.
Ço­pan päl­wan:
– Men şu gün şä­her­de ge­zip ýör­käm, bir adam: “Päl­wan, şä­he­riň pa­ty­şa­sy­nyň bir uly päl­wa­ny bar­myş, mu­ny hiç kim ýy­kyp bil­me­ýär­miş” diý­di­ler – di­ýip, çaý­ça gür­rüň be­ripdir.  
– Ondan ýykylyp, ýöne masgara bolaýmagyn, eger sen ýykylsaň, men göreşjek, ýogsam, bir ýerlerden gelip, ýykylyp gitdi diýip utandyrarlar – diýipdir.          
– Ýykylsam, zeleli ýok – diýip, şol patyşanyňka ugraýar.  
Kim ýoldan çyksa:         
– Şol uly pälwanly patyşaň ili nirede? – diýip, sorap barýan eken. Pälwan birnäçe gün ýol ýöräp, şol patyşanyň iliniň çetinden baryp, bir adamdan sorapdyr:
– Siziň patyşaňyzyň öýi nirede?
– Inim, onuň öýüne ýetmek üçin, sen ýene bir günlük ýol ýörärsiň.
– Zeleli ýok, ýaşuly, sen maňa şoňa gidýän ýoly görkez.
Ol adam pälwany ýola salmaga barýarka, oňa ýüzlenipdir:
– Siz nireli bolarsyňyz?
– Agam, men özümem bilmeýän.
Ol adam pälwany ep-esli ýere ugradyp:
– Şol ýol bilen gidiber – diýipdir.
Okalan sany: 602   Jogaplar: ( 1 )

marala
11 апреля 2013

özi çopan bolarda Döwden gorkarmy,gyzykly erteki


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08085 sek. ýüklenen baýt: 52887