Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Regbi hakynda
Ýazylan wagty: 23 июня 2015 Ýazan Mayichka

Regbi hakynda gyzykly maglumatlar


 


Sportyň bu görnüşiniň atlandyrylyşy Regbi atly iňlis şäheriniň adyndan gelip çykandygyny bilmek gyzyklydyr. Edil şu ýerde 1823-nji ýylyň aprel aýynyň 7-sinde futbol oýny gidip durka kollejiň 16 ýaşly okuwçysy Uilýam Webb Ellis kadalary bozupdyr: topy eli bilen tutupdyr we onuň bilen bile garşydaşyň derwezesine tarap ylgapdyr.


Bu kollejiň diwarynda soňra “Goý bu tagta topy eli bilen tutup, futbolyň kadalaryny bozmaga het eden we onuň bilen bile ylgan ilkinji adam bolan Uilýam Webb Ellisiň eden şöhratly işi barada ýatlatsyn. Şeýdip 1823-nji ýylda regbi oýny döredi” ýazgyly ýadygärlik tagtasy asyldy.


Regbi däbe görä sportyň şikes ýetirýän howply görnüşi hasaplanylýar. Emma hakyky regbiçiler islendik ýagdaýda-da ruhdan gaçmaýarlar. Täze Zelandiýaly Mýurreý Halberge ýaşlykda ýaryş wagtynda agyr şikes ýetýär. Onuň çep eli hereketsiz galýar. Şonda Halberg ylgaw bilen meşgullanýar we 1960-nji ýylda 5000 metre ylgamakda Olimpiada çempiony bolýar.


Öz wagtynda Angliýada regbiniň meşhurlygy futbolyň meşhurlygyndan yza galmandyr. 1963-nji ýylda Halkara futbol federasiýasynyň başlygy iňlis S.Rouz ýurtda futbolyň meşhur bolmagy ýaşlaryň regbi bilen gyzyklanmaklaryna örän päsgel berýänligine gynanypdyr.


Mehur rewolýusioner, 60-njy ýyllarda ýaşlar tarapyndan diýseň söýülen Ernesto Çe Gewara demgysma keseline uçrapdyr. Emma bu oňa regbi bilen çynlakaý gyzyklanmaga päsgel bermändir. Ol hatda “Atalaýa” toparynyň düzümine hem giripdir.


Bir gezek Sidneýde Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň ýygyndy toparlary ýaryşan wagty regbiçileriň biri 78 metr aralykdan jerime topuny urupdyr. Stadion eýesi şol ýerde granitden edilen ýadygärlik dikipdir we isleýän adamlara uly bolmadyk töleg öwezine şol rekord synanyşygy gaýtalamagy teklip edipdir. Isleýän adamlaryň sany az däl, emma olaryň her biri täsinlikleriň gaty seýrek bolýandygyna göz ýetiripdir.


Iňlis şäheri Twikenheýmiň gerbinde regbi derwezäniň öňünde duran iki regbiçi suratlandyrylan.


Öz wagtynda Lezinýan şäherinde (Fransiýa) 7122 tomaşaçy üçin niýetlenen regbi stadiony gurulypdyr. Ýeri gelende aýtsak, maglumat kitapçasyndaky berlenlere görä, bu şaheriň ilatynyň sany şol wagt 7122-ä deň bolupdyr.


Sportyň diňe erkekler meşgullanýan görnüşleriniň sany barha azalýar. 1983-nji ýylda Aýallaryň regbi bileleşigi döredildi, 1991-nji ýyldan başlap aýallaryň arasynda regbi boýunça dünýä çempionatlary geçirilýär.


Regbini 1900-njy, 1908-nji, 1920-nji we 1924-nji ýyllarda Olimpiada oýunlarynyň düzümine goşupdyrlar. Ilkinji üç Olimpiadalarda ýaryşlara iki ýygyndy topary gatnaşypdyr, 1924-nji ýylda bolsa üç sany. Şeýlelikde, ýaryşlara gatnaşan ähli regbiçiler Olimpiada oýunlarynyň baýrakçylarydyr. Häzir dünýäde 5 milliona golaý sportçy regbi bilen meşgullanýar.


Meşhur iňlis regbiçi Arwold sportdan gidenden soň hukuçy bolup işläpdir. Ol bir gezek sudýa hökmünde port işçisiniň bäş adamy urandygy hakyndaky işi alyp barmaly bolupdyr. Aýyplanýan özüniň soňky sözünde Arwoldy ýygy-ýygydan regbi meýdanynda görendigini we ondan görelde alandygyny aýdypdyr. “Günäni ýeňledýän ýagdaýlar sebäpli” aýyplanýan aklanypdyr.


Okalan sany: 146   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03443 sek. ýüklenen baýt: 34893