Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ÝAGŞYLYK
Ýazylan wagty: 11 апреля 2013 Ýazan Mayichka


Ýagşylyk ynsan ömrüniň bezegi.<<Bir ýagşylyk, bir ýamanlyk ýatdan çykmaz>> diýlip ýöne ýere aýdylmaýan bolmaly . Men kämahal oturyp geçen günlerime ser salýaryn. Ýaşan ömrümde ýatlamaga, oýlanmaga pursat kän. Şeýle-de bolsa, ilki bilen durmuşyňda gabat gelen kyn pursatlaryňdan dogry baş alyp çykmaga kömek eden adamlar ýadyňa düşýär.


   Ol döwürler men ýokary okuw mekdebiniň  talybydym.


Umumy ýaşaýyş jaýynyň bir otagynda bäş gyz bolup ýaşaýardyk. Men toparymyzyň topar ýolbaşçysydym. Bir gün talyp haklaryny paýlan mahalym, özüm bilen dört talybyň puly ýetmän duruberdi. Aljyradym. Indi maňa näme diýerler diýip, gorkdum. Bu hakda otagdaş gyzlaryma aýtdym. Gyzlar bilen ýerli-ýerden geýinip uniwersitete bardyk. Gyzlaryň biri prorektoryň, beýlekisi dekanyň ýanyna ylgady. Menem beýleki iki joram bilen pul berilýän kassa bardym, biziň bagtymyza kassa heniz açyk eken. Biz ýagdaýy aýdanymyzdan soňra kassany ýapyp, galan pullary sanap görseler, hakykatdanam 100 manat artyk gelip dur. Maňa ýalňyşlyk bilen berilmedik pulumy berdiler. Joralar bolup göwnihoş halda otagymyza gaýdyp geldik. Häzir ondan bäri ençeme ýyllar geçenem bolsa, şol kiçijik wakany tiz-tizden ýatlaýaryn. Otagdaş joralarymyň uly ýagşylyk edendigi bilen bilelikde, dostlugyň, ynamyň uly güýçdigini ýene bir gezek ykrar edýärin.                                                                                Goý, ynsan ömrüni bezeýän ýagşylyklaryň sany köp bolsun.


 

Okalan sany: 485   Jogaplar: ( 2 )

marala
11 апреля 2013

beýle gyzykly ýatlamalar mendede bolmaly, gyzykly haladym yagşylyk edip oňarypdyrlar dost diýen diňe şolar ýaly ýerlerde kömek etmese bolmaza, ýetirip dur

Krassavchik
11 апреля 2013

nahiyli yagshylyk edenem ozun u4in etmelidir birinji o4er! il bilse bilmesede!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10859 sek. ýüklenen baýt: 32435