Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
DURALGADA
Ýazylan wagty: 11 апреля 2013 Ýazan Asmandakebelejik

Ekiz taýy ýaly jorasy bilen,
Jümjüme gülleriň arasy bilen
Jümjüme ýaglykly bir gözel gelýär
Jümjüme köýnekli jorasy bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
“Gyzym, uýam” diýip, lak ataýmasaň,
Lak atmagam indi bize howuply.

Gyzlaryň birisi – duran bir keýik
Köwşüniň ökjesi ne pes, ne beýik
Megerem, dünýäde iň bagtly oglan-
Şol keýik gözlere ýar boljak ýigit.

Menem synlap durun çekilip gyra.
Gyzlar meňzäp gelýär swetofor-çyra.
Çabytlary gyzyl, ýaglyklary gök –
Ýol ýapyk hem açyk – bagtyňa görä.

Gyzlaň biri – çynar, birisi – derek.
Görmäge göz gerek, söýmäge ýürek.
Wah, gözem, ýüregem ýeterlik weli,
On sekiz gerek, wah, on sekiz gerek!

Ikisem uz basyp duralga geldi
Birisi pyňkyryp, bir zada güldi.
Saňa güldümikä? (Aý, ýa-ha saňa,
Ýa-da bir seň ýala güleni belli!)

Asmana seretdim. Gün eýýäm peýşin.
Onýanüa gaýradan göründi maşyn.
Duralga ýetäýmän, gyzlaň gaşynda
Togtatdy, baş egip gözellik üçin.

Mündüler. Gyzlardan galmadym menem.
Aý, näme, dynç günüm, gezjek bir sellem.
Aý, onsoňam, şeýle gözeller bilen
Garşy däl uçmaga kosmosa çenlem…

Awtobus togtady. Aüyldy işik.
Reňbe-reň müň gözel, müň ýigit üýşüp,
“Watan” teatrnyň öňünde durlar,
Deň ýarysy magşuk, deň ýary aşyk.

Ýüregimi alyp özleri bilen,
Kereşmesi bilen, näzleri bilen,
Gyzlaryň ikisem maşyndan düşdi –
Menem böküp düşdüm yzlary bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
Birden iki gözel dörde öwrüldi –
Hersiniň gapdaly gerçek ýigitli.

Tanapdyr ýigitler gyzlaryň gowsun.
Göreçler göreje atyşdy owsun.
Bir ýigid-ä hasam ýeserje eken –
Kemputdan doldurdy bir çabdyň jübsün.

Onýança-da açdy gapysyn “Watan”…
Kemput iýýän gyzyň golundan tutan
Bir görsem öz oglum, öz Nazar oglum…
Guwan şahyr guwan, Utan şahyr, UTAN!

Okalan sany: 526   Jogaplar: ( 3 )

asmandakebelejik
11 апреля 2013

Kerim aganyň goşgusy barada azajyk teswirler ýazyşalyň

Mayichka
11 апреля 2013


Kerim şahyr goşgularyny ýönekeý dilde ýürek gopdurujy ýazýar.Köp goşgularynda bolsa diýjek bolýan zadyny soňundaky setirleriň üsti bilen ussatlyk derejesinde okuja ýetirýär.

Krassavchik
12 апреля 2013

hakyky menem goshulyan Kerim agan goshgylary manyly hem gyzykly!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06232 sek. ýüklenen baýt: 36608