Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýewgeniý Primakow aradan çykdy
Ýazylan wagty: 28 июня 2015 Ýazan Krassavchik

26-njy iýunda Moskwada 86 ýaşynyň içinde Russiýanyň öňki premýer-ministri we DIM-niň baştutany Ýewgeniý Primakow aradan çykdy. Bu barada “interfaksa” syýasatça ýakyn çeşmeler habar berdi. Habarda aýdylyşy ýaly, ol “uzaga çeken keselden” soň dünýäsini täzeledi.

Primakowyň aradan çykandygy baradaky habary onuň agtygy Ýewgeniý Sandro hem tassyklady.

Ýewgeniý Maksimowiç Primakow döwlet adamsy, alym hem syýasatçydy, ol özünden soň örän baý miras goýdy — diýip, döwlet baştutanynyň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy.

Primakow 1991—1996-njy ýyllar aralygynda Russiýanyň daşary razwedka gullugyna ýolbaşçylyk etdi. Soňra iki ýyllap daşary işler ministri, 1998—1999-njy ýyllarda bolsa hökümet baştutany boldy. 2001—2011-nji ýyllar aralygynda söwda-senagat edarasyna ýolbaşçylyk etdi

Okalan sany: 170   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12429 sek. ýüklenen baýt: 30260