Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gözellik we sagdynlyk
Ýazylan wagty: 11 апреля 2013 Ýazan Mayichka

   Limon güýz-gyş aýlarynda iň kän sarp edilýän sitrus iýmitidir.Onuň dümewde jana şypa beriji häsiýetiniň bardygyny uly-kiçi –hemme bilýär.Ýöne gadymy döwürlerde şa zenanlarydyr melikeler limony kosmetiki serişde hökmünde hem ulanypdyrlar.


   Limonyň agardyjylyk häsiýeti bar. Ýüze günaşadan 7-8 gezek çalnan limon şiresi ýakaly hem menekleri soldurýar. Bu ýapgyny edeňsoň 1 sagat çemesi daşaryk çykmaly däldir.


   Pamyk dolanan çöpi limon şiresine batyryp, düwürtige sürtseň, ol aýrylýar. Muny 3-günläp ýatmazdan ozal etmeli.


   Ýüzdäki ýygyrtlary aýyrmak üçin limon şiresiniň hem-de zeýtun ýagynyň deň mukdaryny mazaly garyp, arassa ýüze çalmaly. Ýapgyny irden hem-de giçlik çalyp, 5-7 minut saklamaly.


   Limonda derini ýumşadyjy häsiýet hem bar. Ýagny limonyň bir bölejigini tirsege, ökjä, dyzyňa ýapsaň, deridäki gataňsy ýygyrtlar ýazylyp, ýumşaýar.


   Saç ýuwlansoň, limon şiresi goşulan suwa çaýkalsa, ol lowurdar, çolaşygy aýrylyp daramasy aňsatlaşar.


   Limony dyrnaga sürtmek hem peýdaly.Onuň şiresi dyrnagyň berkemegine ýardam berýär, lowurdusuny artdyrýar.


   Irden bir bulgur suwa bir ýaşyl limonyň şiresini guýup içmek adam bedeni üçin peýdalydyr. Bu demleme bedendäki toksinleri çykarýar. Birnäçe gün içilen demleme adamyň süňňüni ýeňleder, derisiniň ýumşamagyna, ýüzüniň nurlanmagyna ýardam berer.


   Duýdansyz başlanan kelle agyryda hem limonyň peýdasy uludyr. Iki bölejik limony çekgeüstüniň her tarapyna ýapyp, 10-15 minut saklasaň, agyry el bilen aýrylan ýaly bolar.     


 


 


 


 


 


 


Okalan sany: 797   Jogaplar: ( 2 )

Betman
11 апреля 2013

sag bol öňem bir gezek şu temaňyzy açdyňyz öýtýän, shok

Mayichka
11 апреля 2013

 men öň limon barada ýazmadym


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06838 sek. ýüklenen baýt: 34628