Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TÜRKMEN KARATEÇILERINIŇ ÜSTÜNLIKLERI
Ýazylan wagty: 01 июля 2015 Ýazan NEXTTM

TÜRKMEN KARATEÇILERINIŇ ÜSTÜNLIKLERI

Ýurdumyzyň türgenleri adaty karate boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar. Biziň watandaşlarymyz Çehiýanyň paýtagtynda geçirilen Praganyň Açyk Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde şowly çykyş edip, 27 medallara eýe boldular. Olaryň 11-si altyn, 8-si kümüş we şonça hem bürünç medallardyr.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şeýle ýokary görkezijisi umumy toparlaýyn bäsleşikde ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Biziň türgenlerimiz diňe ýerli karateçilerden asgyn geldiler.

Mundan başga-da, ýaryşlary guraýjylar kumite boýunça toparlaýyn ýaryşlaryň kubogyny esaslandyrdylar. Bu bäsleşiklerde türkmen türgenleri öz ussatlyklaryny görkezip, bäsdeşlerine ýekeje ýeňiş gazanmaga-da mümikinçilik bermediler. Hormat münberine Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Diýar Hojaýew, Rüstem Annaýew, şeýle hem tälimçi we bäsleşige gatnaşýan türgen Döwlet Berdiýew çykdylar.

Türkmenistanly türgenler toplumlaýyn oýunlaryň ýekelikdäki we toparlaýyn görnüşlerinde,  görkezme çykyşlarynda we başa-baş  duşuşyklarynda tapawutlanmagy başardylar. Bu ýaryşlarda türkmen türgenleri Durdymyzat Meredow, Arslan Ataýew, Selim Myratdurdyýew, Baýry Baýryýew, Faruh Ýoldaşow, Oraz Durdyýew, Röwşen Hudaýberenow we  Orazmuhammet Durdyýew medallaryň sanyny artdyrdylar. Olar Aşgabadyň we Balkan, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň sport mekdepleriniň wekilleridir. 

Türkmenistanyň adaty karate baradaky Milli merkeziniň başlygy, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýewiň pikirine görä, türgenlerimiziň şeýle üstünligi tötänden däldir. Türkmenistanly türgenler indi köp ýyllaryň dowamynda halkara sport giňişliginde ökdeleriň hatarynda öz orunlaryny pugtalandyrýarlar. 

Ýakynda Polşanyň Stara Wiýes şäherinde geçirilen sekizinji dünýä  Kubogynyň ýaryşlaryny agzamak ýerlikli bolar. Dünýäniň iň gowylary hökmünde ykrar edilen erkek karateçileriň 8-sinden, şeýle hem karateçi zenanlaryň 8-sinden ybarat jemi 16 türgeni çagyrylan bu ýaryşlara biziň ýudumyzdan Diýar Hojaýewiň we Zöhre Jumabaýewanyň gatnaşmagy we olaryň dünýäniň güýçli karateçileriniň bäşligine düşmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi biziň türgenlerimziň Hindistanyň adaty karate Akademiýasynyň ýanyndaky Bütindünýä karate federasiýasynyň esaslandyran ýokary derejedäki karate ligasyna çagyrylandygyny belledi. Bu ýerde dünýäniňiň iň ökde türgenleri ussatlyk sapaklaryny alýarlar. Şolaryň hatarynda  türkmen türgenleri D.Hojaýewiň  we R.Hudaýberenowyň bolmagy bizi has-da guwandyrýar. Olar söweş sungaty boýunça ähli ugurlary öz içine alýan ýörite taýýarlaýyş okuwlaryny geçerler, ýogany – özüňe göz ýetirmegiň gadymy hindi ulgamynyň tärlerini, lukmançylyk bilimlerini we beýlekileri öwrenerler.

Şu ýylyň 18-23-nji awgusty aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda adaty karate boýunça Balkan welaýatynyň açyk çempionaty geçiriler. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerine we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän toparlardan ýüzlerçe türgenler gatnaşar. Bu ýerde bäsleşiklerden başga-da, Adaty karate boýunça Milli merkeziniň tälimçileriniň sport derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirer. 

Okalan sany: 157   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12403 sek. ýüklenen baýt: 33088