Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
AŞGABATLYLAR – IŇ ÖKDE BILÝARDÇYLAR
Ýazylan wagty: 02 июля 2015 Ýazan NEXTTM

AŞGABATLYLAR – IŇ ÖKDE BILÝARDÇYLAR

Aşgabatda bilýardyň “Erkin piramida” görnüşi boýunça ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan 60 türgeniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Aýgytlaýjy oýunda paýtagtymyzyň toparynyň iki wekili öz aralarynda güýç synanyşdylar. Gyzykly geçen bu duşuşykda Batyr Aşyrow Begenç Aýdogdyýewi ýeňil bolmadyk oýunda 7:4 hasabynda ýeňmegi başardy.

Ýaryş Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we ýurdumyzyň Bilýard sport federasiýasy tarapyndan guraldy. Kubok ugrundaky bu ýaryş ýurdumyzda ilkinji gezek geçirildi. Çünki bu milli sport guramasy özüniň resmi işine geçen aýyň ilkinji günlerinden başlady. Federasiýanyň döredilmegi Türkmenistanyň çempionatynyň geçirilmegi bilen utgaşdy. Çempionata  welaýatlaryň dördüsiniň we Aşgabadyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Şol ýaryşda B.Aýdogdyýew finalda B.Aşyrowy ýeňip, ýurdumyzyň çempiony diýen ada mynasyp bolupdy. 

Bu geçirilen ýaryşda bolsa, Batyr Aşyrow çempionatda şowsuz çykyş etmeginiň öwezini doldy. Ýaryşa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ezber bilýardçylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça federasiýanyň üstünlikli işleri alyp barýandygyna şaýatlyk edýär. 

Türkmenistanň Kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky duşuşyklar paýtagtymyzyň “Älemgoşar” bilýard merkezinde geçirildi. Ýarym final duşuşyklary hem-de aýgytly duşuşyk Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirildi. Bilýard oýnunyň düzgunnamasyna laýyklykda, ýaryşda ýarym finalda ýeňilen oýunçylaryň ikisine hem bürünç medal gowşurylýar. Bu baýraga aşgabatlylar  Ebabekir Bekdurdyýew bilen Garly Sowetow mynasyp boldular. 

Bilýard oýnunyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna girýändigi bellärliklidir. Şu sebäpli hem ýurdumyzda geçirilýän her bir ýaryşlar bu jogapkärli oýunlara taýýarlygyň wajyp bölegi bolup durýar. 

Bilýard boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 20 türgeniň girjekdigi eýýämden bellidir. Ol türgenler ýurdumyzyň çempionatynda we Kubogy ugrundaky ýaryşlarda gazanan utuklaryny hasaplamak arkaly saýlanyp alnar. 

Häzirki wagtda türkmen bilýardçylary öňde duran uly halkara ýaryşlaryna, şol sanda öňümizdäki güýzde geçiriljek dünýä we Aziýa çempionatlaryna  ykjam taýýyrlyk görýärler.  Türkmenistanyň Bilýard sport federasiýasynyň ýolbaşçylary häzirki wagtda biziň sport guramamyzyň Aziýanyň bilýard sporty we snuker konfederasiýasyna agzalyga kabul edilmegi boýunça gepleşikler alyp barýarlar. 

Bu konfederasiýanyň wekilleri geçen baharda tanyş bolmak maksady bilen Aşgabada geldiler hem-de ýurdumyzyň sport desgalarynyň ýokary derejededigini bellediler. Şonda halkara hünärmenleri sportuň bilýard görnüşiniň biziň ýurdumyzda berk binýadynyň tutulandygyny, sportuň bu görnüşi boýunça türkmen türgenleriniň gelejeginiň uludygyny, olaryň dünýä derejesindäki ýaryşlarda uly üstünlikler gazanjykdyklaryny bellediler. 

Okalan sany: 174   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04839 sek. ýüklenen baýt: 32711