Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
ýaşlyk duýgusy
Ýazylan wagty: 11 апреля 2013 Ýazan Mayichka

    Şöhrat bilen kiçilikden bile ulaldyk. Oňa edil doganym ýaly öwrenişipdim. Ikimiz  goňşudygymyz üçin mekdebede bileje gidip gelerdik. Ýöne 10-njy synpa geçenimizden soň, ejem<<Şöhrat bilen tirkeşmäňi bes et. Ulugyz çykypsyň, aýyp bor>> diýdi welin,ondan çekilip başladym. Ol bolsa derwezämiziň öňüne gelip, birnäçe wagt säginip, maňa garaşýardy. Men onuň gelenini görsemem, ejemiň diýen sözlerini ýatlap, çykyp bilemokdym.Şeýlelikde bir gün okuwdan soň ol meni saklap;


  - Näzli, näme üçin sen gün-günden menden daşlaşýarsyň?-diýip sorady. Men onuň bu soragyna düşünmediksirän bolup;


  -Aý, ýok, seniň göwnüňedir-diýip jogap beripdim.


  -Ýör onda hemişeki ýaly bileje gaýdaly.


  -Men bu gün başga ýere gitjekdim. Sen gaýdyber-diýip, aşak bakdym.


   Onuň ýörän ugruna uzak wagtlap seredip duranymy duýman galypdyryn. Joram Sülgün duýdansyz egnime kakyp göbbereninde, tisginip gitdim.


 -Jorajan, alyslara seredip, kimi gözleýäň, ýa birini ugradýarmydyň-diýip, kinaýaly ýylgyryp dur. Men oňa-da jogap bermän, ýuwaşlyk bilen ýöräp başladym.


  Şöhrada ýalan sözlänim üçin özümi birhili oňaýsyz duýýardym. Nämüçündigini bilemok,ýöne şonsuz ýüregim gysýardy. Şöhrat howlymyzyň deňinden säginibräk geçende, gapymyza umyt bilen bakanda, ýüregim gyýym-gyýym bolýardy. Ynha, bu günem<<ugrum başga ýere>>diýip ýalan sözlesemem, öýe baka ýöneldim. Öýümize golaýlaberenimde Şöhrat öňümden çykyp:


  -Seniň öýüňe gaýtjagyňy bilýän ahyry. Meni aldamak nämä gerekdi,<<Seniň bilen tirkeşjek däl>> diýip aýdaýmaly ekeniň-dä...-diýip, menden gaty görendigini aýtdy-da, hyrra yzyna öwrülip, ötägitdi. Ýüregime iňňe sünjülen ýaly boldy. Öýe baramsoňam hiç zada elim barmady. Ertesi Şöhradyň howlymyzyň deňinden geçerine garaşyp penjiräniň öňünde kän durdum. Gözlerim ony näçe gözlese-de, ol biziň töweregimizden geçmedi. Şeýlelikde biziň mekdebe gatnaýan ýolumyzam aýry-aýry boldy.


   Mekdebi tamamlamaly günlerimiz ýetip geldi. Gutardyş synaglaryndan geçmelidik. Synaglara taýýarlanyp, başagaý bolup ýörkäm Sülgün;<<Şuny saňa Şöhrat iberdi>> diýip hat berdi.Hatda Şöhrat meni gowy görýändigini, okuwuny dowam etdirmek arzuwunyň bardygyny ýaňzydyp, hatyň jogabyny basym bermegimi haýyş edipdir. Şol wagt Şöhradyň hatyny jogapsyz goýup, onuň duýgularyna ýüzleý çemeleşendigime häli-häzire çenli ökünýärin.


    Şöhradyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň talyby bolandygyny eşidip begendim. Ol synaglardan geçip, oba dolandy. Synpdaşlarymyzy çagyryp, şagalaň gurady. Şagalaňda Şöhrat özüni edil meni görmeýän ýaly alyp barýardy. Meniň bilen sowuk-sala salamlaşyp, myhmanlary bilen boluberdi. Men bolsa ýüregimi bire baglap, şu gün oňa bolan duýgylarymy açaryn diýen umyt bilen barypdym. Şöhradyň bu bolşuny görübem, kän oturman derrew gaýtdym.


   Şu düşünişmezlikden soň Şöhrat meniň bilen duşuşmak isläp, Sülgünden ençeme hat iberdi. Ýöne meniň öýkäm ýazylmady. Ahyry, okuwa gaýtmaly güni Şöhrat agamyň ýanyna gelenden bolup, maňa habar gatdy. Şonda öýümizde daýymyň ogly Rahman hem bardy. Şöhrat ony görüp , birenaýy ýylgyrdy. Asyl şagalaň eden güni Şöhrat dükanyň öňünde meni Rahman bilen görüp, nämäniň-nämedigini bilmän, gahar edipdir. Öňki jogapsyz galan hatdan soň meni ýat oglan bilen görmegi <<Durnanyň üstüne urna bolupdyr>> Bize gelip, ýagdaýyň nähilidigine göz ýetiren Şöhrat menden hoş habar alyp, okuwa arkaýyn gidýänligini aýtdy.


   Durmuşda her hili säwlikler bolýar. Ýöne çyn söýgi şolardan üstün çykanda, hakyky duýgy taplanýar eken.


Okalan sany: 542   Jogaplar: ( 2 )

NEXTTM
12 апреля 2013

Sag bol,haladym Söýmegi we söýülmegi başarýan adamyň elmydama ýoly açykdyrgood

Krassavchik
12 апреля 2013

haladym!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05932 sek. ýüklenen baýt: 36998