Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Çilim çekmegil
Ýazylan wagty: 12 апреля 2013 Ýazan Krassavchik
Janyňa kast etme, dudkeşim, özüň,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
Pendim bu, roza tut, oky namazyň,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Çilimden ýylanlar düşer boýnuňa,
Agzyn açyp, haşlap girer goýnuňa,
Her zaman zäherin salar iniňe,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Ýylan aýdar: ,.Bu gün gaçar sen menden,
Ol Hakyň emridir, aýrylman senden",
O şol wagtda bizar bolar sen andan,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Ýalançy dünýäde isteme wepa,
Ot iýmek bolarmyş bizowk-u sapa,
Dudkeşler ymmat däl diýdi Mustapa,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Bu dünýä panydyr, durmaýyn geçer,
Her kimse akyldyr, bil, andan geçer,
Şeýtana ýol berme, imanyň öçer,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Amanat janyňa kylmagyl töhmet,
Sarpasy nedir, gel, sen imdi pähm et,
Magşar gün nä diýr sen, jowabyňny aýt,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Iblise ýol berme, ýuwtmagyl nary,
Gül diýip özüňe salmagyl hary,
Bigaýratlyk etme, saklagyl ary,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Terk eýle çilimi, dogry dur Haka,
Her zaman toba diýp, tutgul sen ýaka,
Diýrlermiş, suw bermez dudkeşe saka,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Içdigiň zakkumdyr, iýdigiň otdur,
Bilmez sen, şeýtanlar kesbiňe şatdyr,
Bu gün hoşnud bolsaň, taňla heýhatdyr,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Bir sapar hatadan çekipdir Aly,
Seýl üçin sähraga çykypdyr weli,
Bir mesjidi görüp zerli-sapaly,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Mesjidi görüpdir ajaýyp zada,
Tomaşa eýleýip, girmiş pyýada,
Sütüni syýamyş, örtenmiş oda,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

O şol demde gaýdyp gelmiş Resula,
Habaryn söýlemiş sahyp usula:
.,Sütüni syýamyş nädir wusula?"
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Resul aýtdy: "Aly eşitdim sözüň,
Sypatyň, suratyň görüpdir gözüň,
Dudkeşlik zyýandyr, eşitgil özüň,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Gorüp sen mesjidu turpa ýaranmyş,
Şeýtan saňa bu gün keýpi beremniş,
Anyň üçin sütün oda bürenmiş,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Adamyň sütüni-bilgil-imany,
Bu şeýtan mekriden saklagyl any,
Gapyl bolsaň ýakar, etme gümany,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Şol pursatda Haýdar çykdy meýdana,
Gahr ile kast etdi lagyn şeýtana,
Şondan bäri şeýtan boldy pynhana,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil! "

Andan owwal şeýtan äşgär gezermiş,
Adam aldap, dinin beýle bozarmyş,
“Bismilla!” diýseň, umyt üzermiş,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle,
Sapar kylmak lazym, azygyň eýle,
Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Magtymguly Pyragy
Okalan sany: 564   Jogaplar: ( 3 )

NEXTTM
12 апреля 2013

good ine size gerek bolsa çilimkeş, gör nähili erbet zyýany bar tüssäniň, sag bol

Krassavchik
12 апреля 2013

dogry zyyany kan shu chilimin!

marala
12 апреля 2013

öňem bir gezek ýazylypdy ýalňyşmaýan bolsam, haladym ondadagood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06412 sek. ýüklenen baýt: 50310