Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ÝAGŞYLYK.
Ýazylan wagty: 12 апреля 2013 Ýazan NEXTTM
Hormatlyagzalar, “Eje diýen mähriban sözüň dünýädäki iň mähriban adama-adamzat dowamatyny gerdenine alan eziz enelerimize degişlidigi ählimiziň aňymyza berk ornapdyr. Eneler mähriban, eneler eziz. Dünýäde her perzendiň öz enesiniň ornuny tutjak başga bir ynsan ýok. Eneleriň göwni bolsa, ähli çaganyň üstünde kökenek bolmaga taýýar. Olar mähre, goldawa mätäç bolan islendik çagany goragyna almak üçin hiç bir howpdan gorkmaýar. Meniň çagalykda eşiden şu rowaýatymda ene batyrgaýlygy şöhlelenýär.                                     

         Gadym zamanlarda bir tütjar baý bolupdyr. Emma näçe baý bolsa-da ol adam örän gysyk eken. Baýyň aýaly bolsa, sahylygy, elaçyklygy bilen ile özüni aldyrypdyr. Aýalynyň bolşy baýa ýaramandyr, sebäbi ol hazynasyndan ýeke teňňäniň-de özgä harçlanmagyny islemändir. Şonuň üçinem aýalyna garyp-gasarlara zat paýlamagy gadagan edipdir. Üstesine-de, giň howlusynyňdaşyna beýik diwar galdyrypdyr, oňa ýekeje girelge goýdurypdyr. Şol girelgä-de, baýyň özi gözegçilik edipdir.

Günlerde bir gün, baýyň aýalynyň çörek bişirýän pursady obanyň garypja, ýetim ýetginjegi haýaty aýlanyp, “Bäh, bu ysyň ýakymlydygyny…” diýip, özüniň açdygyny ýaňzydypdyr. Ýetimçä ýüregi awan baý aýaly oňa çörek bermegiň ýoluny gözläp başlapdyr.

Oglanjygy howla salyb-a boljak däl, el bilen uzadardanam haýat beýik, oklasa-da, çöregiň nirä düşjegi belli däl. Aýal oýlanyp-oýlanyp, ahyrynda uzyn kesewini alypdyr-da, onuň bilen çöregiň ortasyny deşip, kesewä ildirilen çöregi oňa uzadypdyr. Şu wakadan köp wagt geçmänkä,baý düýş görüpdir. Düýşünde ot-ataş ony ýandyryp, gowrup barýarmyş, bu pajyganyň içinde ýekeje ortasy deşikli çörek ony goraýarmyş. Çörek alawlap ýanýan oduň içinde aldygyna tegelenip, baýy çabraýan otdan goraýarmyş. Basyrganmadan ýaňa tisginip oýanan baý bu gören düýşüni aýalyna gürrüň berýär. Şonda aýaly baýdan ötünç sorap, oňa araky bolan wakany we kesewi bilen deşip, ýetim oglana beren çöregini ýatlaýar. Baý şundan soňra toba gelýär-de, kiçijik jomartlygyň adamy uly howpdan gutaryp biljekdigine göz ýetirip, garyp-gasarlara sahylyk bilen kömek edip, olara hossar çykýar. Orta mekdebi tamamlap, ýokary okuw mekdebine girmek üçin bar oý-pikirimi jemläp, synaglara taýýarlanyp başladym. Her hepdäniň dynç günleri teleýaýlymda görkezilýän “Merdana nesiller” gepleşigini uly höwes bilen görýärdim. Özümem gepleşikde çykyş edýän harby ýaşlar ýaly Watana, Il-halkymyza wepaly harby gullukçy bolmagy arzuw edýärdim. 2005-nji ýylda meniň arzuwym hasyl boldy. Men synaglardan üstünlikli geçip, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň talyby boldum. Berk tertip-düzgün, nyzam, harby lybas maňa diýseň ýaraýardy.

Okuw diýseň gyzgalaňly hem-de gyzykly geçýärdi. Medeni hem-de sport çäreleri, bilim bäsleşikleri, harby türgenleşmeleri biz-talyplaryň okuwa has-da werziş bolmagymyza itergi berýärdi. Okuwyň ikinji ýyllygyna geçenimizde, institutda abatlaýyş işleri geçirilýänligi sebäpli, talyplaryň köpüsi okuwa daşyndan gatnamaly boldy. Menem joran bilen garyndaşlarymyň öýüne wagtlaýynça göçüp bardym. Okuwymdan boş wagtlarym, şol institutyň birinji ýylynda okap, umumyýaşaýyş jaýynda ýaşaýan agamyň ýanyna barýardym.
 
 Noýabryň dynç günleriniň biridi. Doglan güni mynasybetli süýji tagam taýýarlap, joram bilen agamyň ýanyna ugradyk. Umumyýaşaýyş jaýynyň myhmanlar otagynda üýşüp, onuň doglan gününi baýram edip belläp otyrkak, gapydan bir ýigit ýylgyryp jyklady. Uzyn boýly, ak ýüzli, daýaw ýigit deňimizden geçip gitdi. Harby lybas ony has-da ykjam hem-de syrdam görkezýärdi. Bu harby ýigit öz ýyldaşymdy. Ol maňa şeýlebir mähir bilen seretdi welin, utanjymdan ýere bakaýdym. Biz biraz salym oturyp, gaýtmakçy bolup ýola düşdük. Şol gün meniň kalbyma mähirli duýgular aralaşdy. Ertesi okuwa baranymyzda, ony gözastyndan synlaýardym. Onuň hem gözleriniň meni yzarlaýandygyny duýýardym.

Biz ýyldaş bolsak-da, ugrumyz aýrady. Ol eýder-beýder, ebeteýini tapyp, bize söz gatýardy. Bizem gyzlar bolup, onuň sowalyna degşip, jogap gaýtarardyk. Ahyry ol telefon belgimi bilip, maňa jaň edip başlady. Özünde dörän söýgüsini aýan etdi, jogabyma sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy. Syrly bakyşlar, mähirli sözler, lezzet paýlaýan hatly bukjalar meni söýgi ummanyna atardy. Bu duýgy kalbymda körän ilkinji söýgimdi.

Gyşky dynç alyş möwsümi golaýlap gelýärdi. Biz synaglardan üstünlikli geçip, öýli-öýmüze gaýtmak üçin taýýarlanýardyk. Şonda ol ikimiziň duýgularymyz barada ejeme aýtmagymy hem-de onuň pikirini bilmegimi tabşyrdy. Oba dolanyp gelenimden, ejeme ýüregimi açmaga gyzlyk ejabym ýol bermedi. Ýöne ene ýüregi-dä... Men aýtmadygym bilenem, ol eýýäm düşen halymy duýupdyr. Ejemiň:

__ Gyzym, ýüz-gözüňden nur ýagýar. Sen-ä söýginiň gapysyna düşüpsiň öýdýän. Kim ol bagtly ýigit? – diýen soragyna, ýüregimdäki bar zady gizlemän gürrüň berdim. Ejemiň ýüzüni sallap, oturşyny görübem, bir ýalňyş hereket edendirin öýdüp çekindim. Biz üç dogan, ejem bizi ýeke terbiýeledi. Şonuň üçinem meni öz göz öňünde tutan maşgalasynyň ogluna durmuşa çykarmagy niýetläp ýören eken. Ýöne onda-da “munyň bolanok” diýmedi. Ejemiň gözüni ýaşlap oturyşy bolsa hiç göz öňümden gitmedi.

Okuwa birhili alasarmyk duýgular bilen dolanyp bardym. Özümi göwün beren ýigidimden daşda tutdum. Ol bolsa nämäniň-nämedigine düşünmän, zol-zol meniň bilen düşünişmäge dyrjaşýardy. Jogap almansoň, olam ýuwaş-ýuwaş menden sowaşyp başlady. Okuwymyzy tamamlamagymyza birnäçe gün galypdy. Bize ýerlerde işlemäge gözükdiriji hatlary gowşurdylar. Ara düşjek aýralyk hakynda oýlananymda, gözümden ajy gözýaşlar dökülýärdi.

Ondan bäri, gör, näçe ýyl geçipdir. Kämahal oturyp oýlanýan-da, söýgim, bagtym üçin göreşmändigime ökünýärin. Ikimiziň söýgimiziň paşmadygyna ony asla günäkär saýamok. Ýöne onuň öýlenenini eşidip, oňa bagtly maşgala durmuşyny arzuw etdim.
Okalan sany: 718   Jogaplar: ( 2 )

Betman
12 апреля 2013

haladym awtor sagbol, good

Betman
12 апреля 2013

haladym awtor sagbol, good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08401 sek. ýüklenen baýt: 36513