Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýowuz bela
Ýazylan wagty: 12 апреля 2013 Ýazan Mayichka

 


                Adam ykbalyny öz islegine görä eli bilen düzedip bilýän bolsady! Wah, onda bolaýmajakmy diýsene?! Iň bolmanda, eziz enelerimiziň islegi, dilegi berjaý bolanda-da, ýek-tük täleýi ters gelenlere-de duşulmazdy. Her kimiň özüne-de, çagasyna-da diňe gowulygy isleýänligi belli zat. Geçen günleri yzyna dolap bolsady, Ogulgül eje-de düýbünden başgaça hereket ederdi, ähli zady öz eli bilen düzederdi.


               Ogulgül gyzyl kürte atynyp, bu ojagyň bosagasyndan ätlän günini, şir gerçege arkalanyp, baýdak ýaly gelin bolup buýsanyp gezişini, altyn aşyk ýaly alty ogluň, göwün hoşy – ýekeje gyzynyň ösüp, boý alyşyna guwanan hoşwagt günlerini ýatlady. Şol bagtyň birwagt özüniňki bolandygyna, ýöne birden ürküzilen kepderi ýaly pasyrdap egninden uçup gidendigine şeýlebir gynandy. Ogulgül eje ýagşy ýatlamalara imrinip, kalbyna aram gözledi. Emma janyna jaý tapmady. Çynar boýuny büküp, alma ýaly ýaňaklarda yz goýan gyzgyn damjalar böwedi böwsülen ýaly bolaýdy.


               Adamsynyňaňyny neşä aldyrjagyny Ogulgül näbilsin. Başyndan inenýowuz apat ýaş gelniň aňyny alan ýaly edipdi. Aýňalyp ýetişmänkä-de, adamsy öz ýoluny urduranyny az görýän ýaly, ajyny ýaňy öýlenen uluja ogly Maksada-da dadyrypdyr. Ogly ýoňlap, üşüdip ýatyrka sümsünip,“ Gel oglum, hiç zady alada etme, edil heziller edinäýersiň” diýen bolup, kerebionuňam daşyna aýlapdyr.Ynha, şondan bärem Ogulgül bu goşa dagyň çökder yzasyny çekip ýör. Ilkibaşda ony ilden-günden gizlejek boldy, azaşanlar ýola geler öýtdi. Emma neşe şeýle aňsat ýeňilýän bolsady, oňa “ak mergi” diýiljekmi?


              Hawa, Ogulgül ejäniň uly ogly Maksady öýerenine on dokuz ýyl dagy boluberipdir. Ynha, tüweleme, körpesi Altymyradam indi öýeribermeli. Hersiniň arasyna iki üç ýyl salyp toý edeninde-de, ol bu wagta bir gyzyny çykaryp, alty gelinli, gol doly agtykly bolup oturmalydy. Ýöne gelin edinmek barada diňe bir göwün ýüwürdende-de, Ogulgül ejäniň endamy düýrügip, gözi garaňkyrap gidýärdi. Ol ojagyna gelin däl-de ýalyn bolup çabran Gülbaharyň gapy-gapy aýlanyp, ýygnaýan şerebeli gep-gybatlaryndan ýaňa-da bez bolupdy. Gelniniň hol günki: “Obaň aýallary saňa“gaýynyň idili heleý bolsa, ogullaryny garradyp, daşyna üýşürip oturarmy?” diýýärler” – diýmeside dertli jana ýokuş degipdi. Çagalarynyň ýanynda aňsat-aňsat zeýrenýän däldir welin, halys degnasyna degendir-dä, biçäre, körpe oglunyň ýanynda ejizlänini özi-de duýman galdy:


           __Wah, jan balam, maňa galsa, sizi bireýýäm öýli-işikli etjek-le... Ýöne kakaň bilen agaň derdinden zat artdyryp bolýarmy? Görýäň-ä, garaçowlam bolup ertirden agşama çenli dyzyňy epeňok. Erkimde bolsa,    men seni şol agyr-agyr işleriň gyrasyndanam eltjekmi?


            __ Ejem jan, mertdiň ahyryn,giňräk bolsana...Biziň-ä öýlenesimizem gelenok. Gülbahar gelnejem ýaly gelniň bolandan-a müjerret öteniňem gowudyr-la. Bize-hä, gelin gerek däl. Ýöne, eje, Aýgüli berin hol günki gudaçylyga gelenlere beräýmelidik. Ýokary bilimli, abraýly ýerde işläp ýören oglan diýdiler. Şolaryň sözüni alaýmalydykda.


          __ Garadagym, senden gizläp nädeýin? Çagamyň bagtyna böwet boljakmy men?!Özümem şol gudaçylygyň oňanyny kem görmedim-le... Ýazgyt däldir-dä. “Mähek ýaly gyzyňyz bar diýensoňlarnesibedir diýip geldik. Adamyňyz bilen ogluňyz barada soň eşitdik. Oglumyz abraýly ýerde işläp ýör. Işine zyýan bolaýmasyn, bagyşlaweriň” diýip gitdiler.Kemsindim, bir gysym boldum. Gelnejeň ýanynda “entäk gyz çykarjak däl diýdim” diýip aýtdym. Ýigrenilen men bolaýyn, jan bala. Dogryňy aýtsaň, ile peçan etjeg-ä, ol...


              Altymyradyň gözi garaňkyrap gitdi. Dünýe dar göründi. “Görýän welin, Jallynyň aýdanlary dogram ýaly bolup barýar” diýip oýlandy. Onuň sowukganlylyk bilen aýdanlaryny ýatlady.


         __ Gel, dost, gel, ýaýdanmada sor birki gezek. Heziller edinäýersiň. Nädersiň ähli aladaňy unudaýsaň...Dünýä janyňy ýakyp ýörme. Kakaň bilen agaňy görýärmiň dünýäni sil alsa topugyndandyr. Beýdip, aladadan igläp ýöreniň bilen alan galaň bolmaz. Onsoňam, ol ikisiniň agzy zaýa bolsa, seniişe alanam-a bolmaz. Gel hany, birje gezekde meniň aýdanlarymyň dogrudygyna göz ýetirersiň.


                Yzly-yzna ýuwdunyp, ýumrugyny düwüp oturan ogluny görüp, ene haýykdy. Ony köşeşdirjek boldy, söz tapmady. Adam gaýga batyp, kelebiniň ujuny ýitiren mahaly syrdaş adamyň mährini küýseýär. Synan göwne tekge berjek ýürekdeşini gözleýär. Ogulgül bijesine bir çümmüjek şatlyk düşse-de, gam laýyna howlugardy. Häzirem naçar göwün şeýtmekden özge alaç tapmady.


               __ Gelneje jan, ejiz göwnüm bu gün ýene-de seň göwnüňden suw içmäge geldi. Başga arzymy aýdara adam ýok . Gujak açyp oturan enem-atam ýok. Agam eşitse-hä, ýene-de gahary geler. Ýöne-de meňkileri halanok ol. “Alty sany ogul bolup, özlerini oňaranoklar, işsiz eplenşip ýatyrlar diýýär”. Onuňkam dogry. Näalaç etsemkäm... Men-ä halys ugrumy ýitirendirin...


               Alňasap, gapysyndan ätlän Ogulgülüň teň halyna, egbar keşbineýüregi gyýym-gyýym bolsa-da, Amangözel gözýaşyny baldyzyndan gizledi. Ol bu zatlarybu gün eşitmeli däldi.


             __ Ogulgülüm, mertjediň-le. Halys degnaňa degäýdimi? Eneňe-ataňa, agalaryňa-ýeňňeleriňe, gaýynlaryňa eden hyzmatlaryň üçin ýalkanjak günleriň-ä öňdedir, çagam! Sen harlanmaly gyz-a däldiň welin, elbetde, buda durmuşyň bir synagydyr-da. Ol ikisiniň ýagdaýyny-ha sen bu gün görmeli däl, başga näme boldy? Köşeşdejik baryny bolşy ýaljak gürrüň ber. Ýöne aglama, sen aglasaň, menem...


               Ogulgül hol günki gyzyna gudaçylyga gelenleriň gaýtmyşym edip gidişini, gelniniň ýürek bulamasyny, ogly Alty bilen bolan gürrüňdeşligini, äriniň ýoknasyzlygyny birin-birin gürrüň berdi.


                __ Gelneje jan, adamlar ejiz ýeriňi ýüzüňe basýarlar. Obada ýörgünli adymyz “Çary neşekeşler”. Alty janam Aýgülümem hemme zady içine salyp, halys sary-saman boldular. Altyma-ha bir bolgusyz kellagyram tapyndy.“Saçymam düşýär, eje,kellämizem kel bolup barýar” diýýär. Ýaş başyna dünýäň aladasy başynda çagamyň. Kimiň gapysyndan gyz diýip barjagymy bilýän däldirin. Çaryň ýanynda “Şu haram pişäni indi taşlaý, çen bolandyr-a, çagalary öýli-işikli etmeli” diýsem, “Öz emelsizligiňi meniň üstüme atjak bolma, gidiber gudaçylyga, neşekeşlik ilde-de ýok zat däl” diýip, birmüýnsiz  jogap berýär.


                    __ Ogulgül jan, sen Gülbaharam ýazgaryp oturma, ol ýaşlygyndan neşäň oduna ýanmaly bolaýdy-da. Janynyň ýandygyny şeýdip egisýändir ol. Sen onuň günäsini öt, artykmaçlyk et. Indiki mesele welin aýdyň. Ýoldaşyňam, Maksadam degişli ýere habar berip, bejergä ugrat, başga alaç ýok. Şeýtmeseň, olar neşäň batgasyna çümüp gark bolarlar, maşgalaňa-da hiç wagtam ýazylganlyk bolmaz. Hanha, uly il kärendesine ýer alyp, daban azaby bilen baýaýar. Bir ogluň zaýa bolany bilen, seniň ýene-de bäş ogluň bar-a! Sen olaryň başyny birikdirjek bol, Ogulgül.“Adamlar ejiz ýeriňi gözleýärler” diýibem nadyl bolma. Iki sany agzy boşuň diliniň hezilini göreni bilen kemelen ýeriň bolmaz. Il-gün gowudyr. Müýnürgäp, müzzerip ýörme. Nesip bolsa, dördüsini birden öýereris. Dogan-garyndaşda-da “Başyna barsa, kömek ederis” diýip ýöreni kän. Aýgüljanam nesibesiniň çeken ýerine barmalydyr. Aýal doganym “Körpe ogluma Aýgüljany bermezlermikä” diýip, mydam onuň soragynda, öňünde ogullaryň öýlenmän oturansoň, söz gatmaga ýaýdanyp ýör. Belki, şolaryň nesibesidir.


                 ...Ogulgül eje Amangözellerden çykyp gaýdanda düýbünden başga adamdy. Amangözeliň dözümli sözleri onuň gulagynda henizem ýaňlanyp durdy. Altymyrat bolsa ejesiniň Amangözellere gitse, hökman göwne teselli hoş söz, ýyly mähir, göwne geňlik berip göýberýändigine düşüşdi. Ol ejesi gapydan giderine mähetdel “Eje, daýzam näme diýýär?!” diýip özelenenini-de duýman galdy. Ene daýzasynyň hoş sözüne sabyrsyzlyk bilen garaşan ogluny gujaklap,bagryna basdy:


                ___ Ýaşlygyňa munça aladany başyňa çekmeli bolanyň üçin günämi öt, eziz bala! Agzybirje dursak, biz bu belany ýeňeris. Betbagt bolmak maňlaýymyza ýazylaýan däldir-ä. Bizem il deňinde ýer alaly, guşgursak däne ýetişdireli, pagta öndüreli.


                Eneli ogul esli mahallapderdinişip oturdylar. Soňra bularyň gürrüňine uly ogullary bilen gelni Gülbaharam goşulyşdy. Esasy zat bolsa, olar indi etmelisini bilýärdiler.


                ...Umyt bilen ekilip, yhlas bilen ýetişdirilen hasyl bol getirdi. Deriňi döküp,daban azabyňy siňdiren girdejiň häzirem üýtgeşik. Rysgal-döwlet bolup bosagadan ätlän dört gelin dört ýerden Ogulgül ejäň ezeneginden galdyrdylar. Ogulgül eje bolsa her birişde Gülbahary nusga edip, olaryň öwgüsini ýetirdi. Bu döwletli ojakda çaga sesi yzly-yzyna ýaňlandy. Ogulgülüň ogullary Ýarandyr Döwrana mellek ýer berildi. Oguljygy Eziz bilen gyzjagazy Göwherjigiň elinden tutup doganlarynyň jaý toýuny gutlamaga gelen Aýgülüň töre gelşik berip oturan kakasy bilen uly agasyny görüp, ýüzi ýagtylyp gitdi. Aýgül “Gurgunjamyň, gyzym” diýip, başyny aşak salan kakasynyň ýanyna baryp,“Eziz jan, babaň bilen salamlaş” diýdi-de, begenjinden gözýaşyny sylyp duran ejesi bilen görşüp, ony bagryna basdy.              


Okalan sany: 688   Jogaplar: ( 3 )

Betman
12 апреля 2013

häzirki wagt şol neşäniň ýok bolup gitmegi bütin türkmen halky begenen bolsa gerek, köp sag bol awtor gyzykly haladym

marala
12 апреля 2013

gynancly tema okap gutarýançam gözümden ýaşyň çykanyny bimändirin, bular ýaly bela hiç bir maşgala görközmesin, sag bol awtorgood

Krassavchik
12 апреля 2013

Huday saklasyn hi4kime gozrkezmesin, haladym, sagbol!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05822 sek. ýüklenen baýt: 46871