Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY
Ýazylan wagty: 13 июля 2015 Ýazan NEXTTM
TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY

2015/2016-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Agronomçylyk (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa (oba hojalygynyň ekologiýasy); agrohimiýa we topragy öwreniş). 
2. Maldarçylyk we weterinar lukmançylygy (hünär: weterinar lukmançylygy).
3. Gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy (hünärler: mirapçylyk (gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy); oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; gidromeliorasiýa (suw gorlary we dolandyrmak), tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy).
4. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünär: oba hojalygynyň ykdysadyýeti).
5. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy (hünär: oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit).
6. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: oba hojalygynda maglumat ulgamlary).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary  Lebap, Mary, Daşoguz  welaýatlarynyň merkezlerinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy); 
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
- şahsy pasportyny;
- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty iýul aýynyň 31-i- awgust aýynyň 1-i, 4-5-i we 8-i günleri
Lebap welaýaty awgust aýynyň 2-3-i, 6-7-si we 9-y günleri
Daşoguz welaýaty awgust aýynyň 10-11-i, 12-13-i we 14-i günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
Agronomçylyk; maldarçylyk we weterinar lukmançylygy ugurlary – himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy; kompýuter tehnologiýasy ugurlary – matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy; 
pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; ykdysadyýet we hojalyk hukugy ugurlary – matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy. 
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
- harby gullugy tamamlap gelenler;
- soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar. 

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy:Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94;  tel.: 5-31-60,  5-22-49, 5-34-51, 5-57-02.

Okalan sany: 809   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06479 sek. ýüklenen baýt: 36656