Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Prezidentimiz Saglygy Goraýyş Ulgamyna Degişli Täze Binalaryň Açylyş Dabaralaryna Gatnaşdy
Ýazylan wagty: 22 июля 2015 Ýazan Journaliste
Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy baýramçylygy mynasybetli saglygy goraýşy ulgamyna degişli täze iri desgalaryň açylyş dabaralary, şeýle hem saglyk düzüminiň nobatdaky ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň düýbuni tutmak çäresi geçirildi. Şanly seneler mynasybetli guralan çärelere saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň ulgamyna eýe bolmagyna mümkinçilik döreden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
... Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň ulagy Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň düýbüniň tutulýan ýerine geldi. 
Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlerikleriň, pudak edaralarynyň,  harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurudmyzyň welaýatlarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda şu gezekki çärelere gatnaşmak üçin ýörite çagyrylan Germaniýadan professor-lukmanlar we beýleki daşary ýurtly myhmanlar bar. Şeýle hem bu ýere şu gün öz hünär baýramçylygyny belleýän saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri geldiler. 
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. 
Döwlet Baştutanymyz ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde ilatymyzyň beden we ruhy taýdan, sagdynlygy, her bir adamyň, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi boýunça amala aşyrylýan iri möçberli işlere degip geçdi. Ýaşulular milli Liderimize türkmen halkynyň saglygy we bagtyýar durmuşy barada ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz adamlar we olaryň saglygy hakdaky aladanyň geljekde hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyny belläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş maksatnamalary we taslamalar ilata hil taýdan täze, ýokary derejede lukmançylyk hyzmatyny hödürlemäge gönükdirilip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge ýardam bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 
Döredijilik toparlarynyň we ussat ýerine ýetirijileriň ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabaralara  özboluşly öwüşgin çaýdy.   Hormatly Prezidentimiz özi üçin ýörite taýýarlanan ýere geçýär. Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, öz çykyşyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda baýramçylyklaryň goşalanyp gelýändigi barada aýtmak bilen başlady. Ýakynda Oraza baýramyny, Galla baýramyny belläp geçdik. Indi bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi hem-de "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen bagly dabaralara gatnaşýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy. 
Şu täze halkara lukmançylyk merkezleriniň - 180 orunlyk hirurgiýa merkeziniň, 120 orunlyk endokrenologiýa merkeziniň düýbüni tutýarys. Bu toplumyň endokrinologiýa ulgamyna degişli dürli keselleriň, şol sanda süýji keseliniň öňüni almak, anyklamak hem-de bejermek boýunça meseleleri çözmekde uly ähmiýeti bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 
Biz 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda "Saglyk" döwlet  maksatnamasyny kabul etdik. Maksatnamanyň esasy wezipesiniň keselleri bejermek däl-de, olaryň öňüni almakdygyny, şonuň esasynda hem şu döwrüň içinde uly  işleriň amala aşyrylandygyny, birnäçe keselleriň ýurdumyzda ýok edilendigini bellemeli., Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de beýleki birnäçe abraýly halkara guramalarynyň şol keselleriň ýok edilendigi baradaky güwänamalarynyň ýurdumyza gowşurylandygyny aýtmak isleýärin.
Keselleriň öňüni almak üçin maşgala lukmanlarynyň ulgamy ýola goýuldy, bu usul iş ýüzünde özüniň netijeliligini görkezdi. Ýurdumyzda meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş gäwänamasy ulgamyny girizdik, ýokary derejeli anyklaýyş we bejeriş – öňüni alyş hyzmatlarynyň umumy elýeterli bolmagyna ýardam berýän beýleki köpsanly çäreler durmuşa geçirildi.
Käbir keselleriň öňüni almak we bejermek üçin merkezleşdirilen hassahanalar zerur bolup durýar. Biz Halkara saglyk merkezleriniň müdiriýetini döretdik. Onuň düzümine Kardiologiýa merkezi, Halkara iç keselleri merkezi, Halkara anyklaýyş merkezi, Kelle we boýun keselleri halkara merkezi, Ene mähri merkezi, Göz kesellerini bejerýän oftalmologiýa merkezi we Stomatologiýa merkezi girýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 
Her ýyl ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň şanly senesinde lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak ýa-da açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. 
Şu gün hem biz täze Okuw-ylym merkezini açarys. Diňe ylym bilen aýakdaş gitmek bilen biz oňyn netijeleri gazanyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu Okuw-ylym merkezi geljekde ylmy-barlag işlerini geçirer ýaly, lukmanlarymyzyň öz hünärini ýokarlandyrmak üçin, kliniki ordinatorlar, aspirantlar, doktorantlar tarapyndan degişli ylmy-barlag işlerini geçirip, ylmyň gazananlaryny amaly tarapdan durmuşa geçirip, keselleriň öňüniň alynmagy üçin zerur şertleri üpjün eder. 
Ýene bir açyljak desga Halkara kardiologiýa merkezidir, ol durky täzelenilen we düýbünden täzeden gurlan binalardan ybaratdyr. Öňki kardiologiýa merkezi 20 orunlyk bolan bolsa, täze halkara kardiologiýa we kardiohirurgiýa merkezi 150 orunlukdyr. Bu ýerde raýatlarymyz üçin  ýürek-damar keselleriniň öňüni almak, bejermek ýa-da hirurgiýa taýdan bejeriş amallaryny ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi. Bu merkezler täze saglyk halkara müdiriýetiniň düzümine girýär. 
Milli Liderimiz şeýle hem sagdyn nesli ösdürip ýetişdirmek üçin öňi bilen eneleriň sagdynlygynyň zerur  bolup durýandygyny aýtdy. Şu gün biz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy merkezini açarys. Bu ýerde biziň aýal-gyzlarymyz, çagalar üçin ähli lukmançylyk hyzmatlary, şol sanda akuşerçilik-ginekologiýa bejeriş işleri ýola goýlar. Zerur bolsa, bu ýerde ylmy-barlag işleri hem geçirilip bilner. 
Döwlet Baştutanymyz ýene bir desga hakynda, çilimkeşlik, arakhorluk, neşekeşlik ýaly belalardan saplanmak üçin şu gün Tejen şäherinde 120 orunlyk ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň açylýandygyny aýtdy. Bu merkez bu zyýanly endiklerden ejir çekýän adamlara sagdyn-durmuş ýörelgesini saýlap almaga kömek eder.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk bejeriş işlerinde saglygy goraýyş ulgamynyň derman serişdeleri bilen üpjün edilmeginiň ähmiýeti baradaky meselede durup geçdi. Dermanyň ýokary hilli saklanylmagyny, olaryň ulanyş möhletini, hiliniň barlanylyşyny we dermanhanalara öz wagtynda ýetirilmegini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana müdirliginiň häzirki zaman halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze ammarlary üpjün eder – ol şu gün ulanmaga berilýän desgalaryň biridir. 
20 ýylyň içinde, hakykatdan hem, uly işler amala aşyryldy, paýtagtymyzda merkezleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň ençemesi – Gaýragoýulmasyz  tiz kömek merkezi, Şikesleri bejeriş merkezi, Ýokanç keselleri merkezleriniň toplumy, ýöriteleşdirilen harby hassahanalar gurlup ulanmaga berildi, welaýatlarda "Ene mähri", anyklaýyş merkezleri, obalarda saglyk öýleri guruldy – näçe sanasaň sanap oturmaly. Bu işler dowam etdirilip, milli saglygy goraýyş ulgamyny ýokary dünýä derejesine çykarýar diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagt, saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerine bolsa ynsan saglygyny bejermek ýaly asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýygnananlar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.  
Soňra şu günki dabara gatnaşýan oglanjyk bilen gyzjagaz hormatly Prezidentimize ýörite gutyny getirip, ýadygärlik ýazgy galdyrmagy haýyş etdiler. Bu ýere ýygnanlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geljek nesillere niýetlenen ýazgyny guta salyp, täze binanyň düýbüniň tutuljak ýerine bardy. Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň binýadyna beton garyndysyny atyp, onuň gurluşygyna ak pata berdi. Ýaşulular we dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerdiler. 
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde germaniýaly professorlar bilen lukmançylyk pudagynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdy we olaryň türkmen kärdeşleri bilen täze işjeň gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine baha bermekleri üçin, olary şu günki açylýan desgalar bilen tanyşmaga çagyrdy. 
Täze desganyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň şu künjegindäki lukmançylyk şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Halkara okuw-ylmy merkezine tarap ugrady. 
Milli Liderimiziň ulagy Halkara okuw-ylmy merkeziniň öňündäki meýdançada saklandy. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselelerini gowşurdylar. Dabara gatnaşýan hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, daşary ýurtly myhmanlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.  Şeýle hem bu ýerde okuw-ylmy merkezi, onda amala aşyrylýan işleri ösdürmek  boýunça iş alyp barýan daşary ýurtly alymlar bar. Olar täze merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşýarlar.  Ýurdumyzyň lukmanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik ýagdaýynda  garşyladylar. 
Halkara okuw-ylmy merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar şanly waka mynasyebtli belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. 
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz täze binanyň toý bagyny kesýär. Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň içine girip, onuň aýratynlyklary bilen tanyşýar. 
Merkeziň esasy wezipesi lukmançylyk biliminiň derejesini ýokarlandyrmak, ylmy barlaglary geçirmek, dürli görnüşdäki şekilleri ulanmak arkaly saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek bolup durýar. 
Täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň  ýokary ösüş derejesi bolan döwletleriň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmagyny üpjün edýär. Hil taýdan täze kämil düzümi emele getiren bu merkez lukmançylyk pudagynyň esasyny düzmek bilen, ol ulgamyň ýokary hilli mümkinçilikleriniň yzygiderli artdyrylmagyny üpjün edýär we lukmançylyk ulgamynyň täzeçil ýol bilen sazlaşykly ösüş strategiýasyny kesgitleýär.  
Halkara okuw-ylmy merkezi, öňdebaryjy tehnolgiýalar bilen üpjün edilen iri bilim merkezidir. Ol ähli täzeçil ýörelgeleriň döredilmegini, ornaşdyrylmagyny we giňden ulanylmagyny öz içine alýan lukmançylyk düzüminiň kemala getirilmegindäki nobatdaky tapgyr bolup durýar. Bu merkezde täze işläp taýýarlamalar bilen meşgullanmak, ylmy – barlag taslamalaryny amala aşyrmak, ilat üçin täzeçil lukmançylk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen olaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmak işleri alnyp barylar. 
Merkezde oturdylan enjamlaryň Orta Aziýa ýurtlarynyň hiçisinde ýokdugyny bellemeli. Bu kämil enjamlaryň kömegi bilen, talyplar, ordinatorlar, lukmanlar we beýleki hünärmenler tejribe sapaklaryny geçerler, öz hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrarlar, möhüm işläp taýýarlamalary, düýpli we amaly barlaglary geçirerler, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenenler we kämil usullary, tehnologiýalary synagdan geçirerler. Toplumyň düzümine endoskopiýa, hirurgiýa bölümeçi bolan  Lukmançylyk türgenleşik bölümi, ylmy-anyklaýyş we usulyýet bölümi, barlag we seljeriş ylmy bölümi özünde jemleýän merkeze girýär.  
Döwlet Baştutanymyz  bu ýerde ýerleşýän embriologik we sütin öýjükleri ylmy-anyklaýyş barlaghanasyna bardy. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda iň häzirkizaman ugurlaryny biridir.  
Milli Liderimiz bu ýerde implantasiýanyň öňüsyrasynda genetiki-anyklaýyş döwründe kemisligi ýüze çykarmak bilen blastomerleri öwrenmek, ekstrakarporal tohumlandyrma meseleleri boýunça anyklaýşy we barlaglary geçirmek bilen baglanyşykly usullar bilen tanyşýar. Şunuň ýaly anyklaýyş çäreleri genetika sebäpler boýunça tohumyň ösüşini kesmek töwekgelçiligini aradan aýyrýar we doga näsaglygy bolan eneden sagdyn çaganyň dünýä inmek mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Dünýäniň dürli ýerlerindäki klinikalarda şunuň ýaly tejribäniň ulanylmagy, bu tehnologiýanyň netijeliliginiň ýokarydygyny subut etdi. 
Häzirki döwürde adamyň bedeninde sütün öýjüklerinden dürli öýjükli ulgamyň emele gelýändigine hiç hili şübhe ýok. Häzirki zaman  lukmançylygynda adamyň sütün öýjükleri  bejeriş maksady bilen başga ýere geçirilýär.  Meselem, bejeriş mahalynda gan aýlanyş ýagdaýyny dikeltmek üçin zerur çäreleri ýerine ýetirmek mümkinçiligi döreýär. Bu merkezdäki dikeldiş hirurgiýasynda dürli keselleri bejermekde ulanmak maksady bilen, mezenhimal sütün öýjükleriniň dürli görnüşleriniň şekilini döretmäge mümkinçilik berýär. Olaryň sanyny we hilini hem-de olary gerekli ýerine oturtmaga taýýarlamagy üpjün edýär. 
Bu ýerde işleýän lukman hormatly Prezidentimiziň sowallaryna jogap bermek bilen, enjamlar, olary barlaghana şertlerinde ulanmagyň kadalary barada gürrüň berdi. Şeýlelikde, Germaniýada öndürilen "LAMINAR AÝIRFLOW CABIN"  enjamy özünde gepofilter saklaýar we daşky gurşawdan gelen mikroblaryň täsirini peseldip, sütün öýjükleriň arassa ýagdaýyny saklamagyny üpjün edýär.  Munuň özi  sütün öýjüklerine düzümiň kadasyna laýyk getirmäge çenli bolan ukyplylygy we adam bedeniniň ýürek damarlary, beýni öýjügi, nerw sütünleri, öýken, bagyr, kentlewük we deri ýaly dürli böleginiň kadaly işini ýola goýýar. 
Bu barlaghanada oturdylan Indoneziýanyň önümi bolan   "Ecko"  enjamy sütün öýjükleriniň kadaly ýaşamagy we saklanmagy bilen baglanyşykly ylmy barlaglarda giňden ulanylýar. Onuň maksatnamalaýyn üpjünçiligi sütün öýjüklerini saklamak, köpeltmek  we ösdürmek üçin zerur bolan şertleri, ygtybarly goraglylygy ýola goýar. Ol CO2 ölçeglerinde degişli ýylylygy we çyglylygy üpjün edýär. 
Öýjük terapiýasy sütün öýjükleriniň mümkinçiliklerine daýanyp, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen öýjüklere öwrülmäge we täzeden dikelmäge ukyplydyr. Sütün öýjükleriniň şunuň ýaly aýratynlyklary netijeçinde ol adam teniniň ähli ýerindäki zeper ýeten öýjükleri çalyşmak we täzeden dikeltmek wezipesini ýerine ýetirýär. Şeýle hem ol has ýiti keselleriň 80-den gowragyny bejermekde işjeň ulanylýar. Barlaghananyň sowadyjy enjamy sütün öýjükleri 86 dereje suwuklykda alty aýdan bir ýyla çenli bolan möhletde saklamaga mümkinçilik berýär.  
Ýaponiýanyň "Olympus"  inwertirlenen  mikroskopy lukman hünämenleriň ygtyýarynda bolup, ol janly sütün öýjükleriniň köpelmegine hem-de ösmegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol wideokamera bilen üpjün edilip, kompýuter ulgamyna birikdirilendir. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan germaniýaly professorlara ýüzlenip, olaryň sütün öýjüklerini barlamagyň geljegi bilen baglanyşykly pikirlerini diňledi. Şonda myhmanlaryň biri tejribeli kardiolog öz iş tejribesinde sütün öýjüklerini näsagyň infarkt keseliniň öňüsyrasyndaky ýagdaýynda ulanandygyny we bu usulyň oňat netije berendigini belledi. 
Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň patomorfologik ylmy-anyklaýyş barlaghanasyna bardy. 
Bu barlaghananyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, bu ýerde Wisto-- we sitomorfometriýa öýjükleriň ýadro gurnaýjylaryny ýüze çykarmak we adam bedeniniň aýry-aýry ýerleri boýunça barlag işleriniň geçirilýänligidir. Şeýle hem barlaghana immun ulgamynyň doly ýetmezçiligi bilen bagly ylmy barlaglary geçirmäge, bedeniň agzalarynyň we dokumalarynyň trasplantologiýasynda patomorfologiýa işini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnan bu enjamda Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň makro we mikrosopiki derejede bedeniň dürli agzalaryna edýän täsiri öwrenilýär. 
Döwlet Baştutanymyz lukmandan barlaghanada ulanylýan täzeçil usullar we barlag serişdeleri barada aýdyp bermegini sorady. Merkeziň işgäri otagda oturdylan enjamlar toplumy barada aýtmak bilen, kliniki anyklaýyş we synag işlerini awtomatlaşdyryş enjamlaryny öndürmekde  dünýäde öňdebaryjy hasaplanylýan Germaniýada "Leica"  kompaniýasynyň "Aperio CS2"  göçüriji ulgamyň iş tertibini görkezdi. Bu enjam gistologiýa şekillerini göçürmek we olary saklamak maksady bilen, keseli anyklamak hem-de surat görnüşinde bir bitewi maglumat binýadyna utgaşdyrmak üçin ýokary öndürijilkli we örän tiz hereket edýän gural hasaplanylýar.  
Şeýle hem lukman bu ýerde oturdylan Daniýanyň "Dako" kompaniýasynyň enjamynyň artykmaçlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bu enjam immunogistohimiýa anyklamasy üçin niýetlenip, oňa işläp taýýarlaýjy, reňkleýji gurallar girizilendir. Olaryň kömegi bilen islendik dokumalarda antigenler we beýleki serişdeler anyklanýar, şeýle hem käbir doly anyklamasy kyn bolan keselleriň sebäpleri kesgitlenýär we anyklanýar. Bu bolsa ejir çekýän adamlara patogenetiki taýdan bejergi geçirmäge mümkinçilik berýär. 
Soňra milli Liderimiz biohimiýa we gemotologiýa ylmy-anyklaýyş barlaghananyň innowasiýa enjamynyň, şol sanda barlaghana enjamynyň işleýiş häsiýetleri bilen tanyşýar, bu lukmançylyk enjamy gysga wagtyň içinde allergiýa keselleriniň sebäbini anyklamaga mümkinçilik berýär. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anyklaýyş enjamynyň işleýiş aýratynlyklary hem-de onuň şeýle enjamlar bilen deňeşdirilende artykmaçlyklary bilen gyzyklandy. Hünärmegniň gürrüň berşi ýaly, "Phadia 250" enjamy häzirki wagtda awtomatlaşdyrylyş, hil we hyzmat ediş möçberleri allergiýa häsiýetli we autoimmun keselleri gysga wagtyň içinde aňrybaş derejede anyklamak boýunça iň häzirki zaman abzalydyr. Ol bir wagtyň özünde 50 nusgany kabul etmäge hem-de  allergiýa görnüşli keselleriň 700-den gowrak görnüşini ýüze çykarmaga ukyplydyr. 
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza iň täze biohimiýa seljeriş enjamy görkezildi, ol biohimiýa barlaglaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmäge we lipid, uglewod, belok we mineral çalyşmalaryň önümlerini kesgitlemäge ukyplydyr. Bu enjamyň kömegi bilen ýokanç keselleriň döremeginiň sebäbini ýüze çykaryp bolar.
Beýleki enjamlaryň hatarynda barlaghanada "Centaur" awtomatlaşdyrylan immunoferment anyklaýjy abzal hem bar. Onuň kömegi bilen ähli garmonlary, onkomarkerleri, kardiomarkerleri ganazlyk alamatlaryny ýüze çykaryp hem-de gysga wagtda delilli netijeleri alyp bolar.     
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk tehnikalarynyň yzygierli täzelenendigini we her gün diýen ýaly olaryň  has kämil görnüşleriniň peýda bolýandygyny belledi. Hünärmenlerimiziň öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmegi üçin olarda ýokary pikirlenmek ukybyny ösdürmek maksady bilen okuw maslahatlaryny yzygiderli guramak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutatynymz dabara gatnaşýan "Simens"  kompaniýsaynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, bu ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, kompaniýanyň toplan tejribelerini türkmen lukmalarynyň öwrenmegi boýunça okuw sapaklaryna nemes hünärmenleriniň çekilmeginiň möhümdigini belledi.  
Halkara okuw-ylmy merkeziniň Ylmy -barlag bölüminiň düzüminde molekulýar-genetik, situ-genetik, mikrobiologiýa barlaghanasy, şeýle hem metalbolizmi öwrenmek boýunça barlaghana we başgalar bar. 
Seljeriş bölümi merkeziň möhüm bölümleriniň biridir. Onuň işi saglygy goraýşyň ösüşini, döwrebaplaşdyrylmagyny we dolandyryşyny ylmy-amaly usulda üpjün etmäge, ykdysady binýadyny döretmäge, Türkmenistanyň döwalet elektron saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy taýdan esaslandyrylan dolandyryşyny üpjün etmäge, derman serişdelerine Döwlet sanawyny girizmäge we lukmançylyk tehnikalaryna, lukmançylyk ähmiýetli beýleki enjamlaryna Döwlet sanawyny girizmäge gönükdirilendir. 
Soňra milli Liderimiz Okuw merkeziniň endeskopiýa we robotlaşdyrylan hirurgiýasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşýar. Bu ýerde boks –türenleşik enjamy we hirurglaryň dürli amallary ýerine ýetirmegi üçin okuw geçilýän türgenleşik-simulýator enjamy bar, şunda bu tälimleri hünärmenler weterinariýa barlaghanasynda işe girişmezden ozal haýwanlar bilen geçirilýän synaglar arkaly özleşdirýärler. 
Hünärmen döwlet Baştutanymyza bu häzirki zaman enjamyny işledip görmek bilen onuň tehniki aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Norwegiýanyň "SimSurgery" kompaniýasynyň önümi dünýäde iň kämil simulýatorlaryň biri bolup, ýaňy işe başlan, şeýle hem tejribeli endohirurglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin peýdalanylýar. Bu enjamda maşklar ýerine ýetirilende içki agzalaryň we dokumalaryň hakyky ýagdaýy görkezilýär we näsaz hereketler ýüze çykanda, olaryň ýaramaz netijeleri (gan akmak, ýolunmak we ş.m.) ýaly netijeler görkezilýär. Maksatnamalaýyn şekiller dürli çylşyrymlyklary we köp basgançakly maşklary sazlamaga mümkinçilik berýär. 
ABŞ-nyň "Helskea" kompaniýasynyň LapVR wirtual simulýatory endohirurgiýa gurallaryndan başarnykly peýdalanmagy öwrenmek, binýatlaýyn utgaşdyrmany, iş ýüzündäki tälimleri we endohirurgiýa amallary ýerine ýetirmek zenan keselleriniň hirurgiýasynda degerli tälimleri almaga niýetlenendir. 
Bu enjamyň kömegi bilen hiç hili gan görkezmezden operasiýalary geçirmegi içgin özleşdirip bolar, mysal üçin, körçegäni aýyrmakda, enjamyň ekranynda görkezilişi ýaly göbek ingisi ýa-da öthaltasy bejerilende ulanylýar. 
Şweýsariýada öndürilen Wirtamed guraly bolsa beden agzalarynda ownuk gan çykarmasyz amallary ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Onuň kömegi bilen  bogunlary birleşdirijileri dikeltmek hem-de ýüze çykýan beýleki beden näsazlyklaryny aradan aýryp bolar.  Soňra bu usulyň ýerine ýteirilişi görkezildi. Myhmanlar monitoryň kömegi bilen lukmanyň ähli hereketlerine syn edip bildiler. 
Şeýle hem üç  derejeli endohirurgiýa we robotohirurgiýa ukyplaryny ele almak üçin iň täze enjam bar. "Da Vinsi" roboty örän çylşyrymly mikroskopiýa amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ähli keselleýiş ýagdaýlarynyň hakykata örän ýakyn görnüşde suratlandyrylmagy okatmagyň ýokary netijeliligini  üpjün edýär, ýörite kompýuter maksatnamalary bolsa hünärmenleriň ösüş derejesine we ussatlygyna baha bermäge mümkinçilik döredýär. 
Bu okuw merkezi kliniki okuw türgenleşik merkezi we wiwarium bilen bilelikde köpugurly simulýasiýa toplumynyň düzümine girýär. 
Kliniki merkeziň okuw esbaplary näsaglaryň hakyky ýagdaýyny suratlandyrýan türgenleşik garantgylaryndan ybaratdyr we elektron okuw maksatnamalary bilen üpjün edilen dolandyryş enjamly simulýatorlardyr. Bu okuw usulyýeti soňky ýyl talyplar we ýaş hünärmenler üçin niýetlenendir we onuň maksady ýaşlarda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlary meýilleşdirmegiň esasynda kliniki pikirlenmäniň tärlerini iş ýüzünde kemala getirmekdir. Bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji gezek Aşgabatda ornaşdyrylandygyny bellemeli. 
Bu, mysal üçin,  öýünde heläkçilige uçran adama gaýragoýulmasyz kömege gelýän gulluklar tarapyndan ýardam berilmegi, awtoulag çaknyşygyny mysaly meýilleşdirmek we tiz kömek bermekdir. Doly abzallaşdyrylan tiz kömek ulagy we okuw garantgysy şikest ýetmegiň bolup biljek dürli ýagdaýlaryny meýilleşdirmäge hem-de tälim alýanlara näsaglar hassahana äkidilen ýagdaýynda mümkin bolan gaýralmalary öwrenmäge mümkinçilik berýär.
"Learning Spase" lukmançylyk simulýasiýa merkeziniň dolandyryş ulgamynyň kömegi arkaly ("Okadylýan giňişlik") simulýatordaky hereketler gözegçilige alnyp, ýazgy edilip ýa-da netijeleri jemlenen wagtynda ara alnyp maslahatlaşylyp biliner. 
Şeýle simulýatorlaryň kömegi bilen, lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň şikes alanlara ýa-da ýürek kesellilere gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berlende ýerine ýetirmeli işleriniň yzygiderliligi we iş endikleri özleşdirilýär. Okuw-türgenleşik merkezinde tiz kömek otagy, kompýuter tomografiýa otagy, koronar angiografiýa otagy, ultrases barlagy otagy, döwrebap maneken-simulýatorlary bolan, anesteziolog lukmanlarynyň we operasion şepagat uýalarynyň gatnaşmagynda jikme-jik amaly okuwlary geçmek üçin operasion otagy bar. Bu operasion enjamlarda ähli ýagdaýlary, dem alyş ýollarynyň geçirijiliginiň bozulmalaryndan başlap, anesteziologiýadaky çylşyrymly ýagdaýlara, meselem, howply gipertermiýa çenli modelirlemek mümkin.
Reanimasiýa bölüminde ululara we çagalara, şol sanda bäbeklere bejerginiň güýçli depginde geçirilýän ýagdaýlaryny modelirlemek bolýar. Çaga dogruş otaglarynda dogrum barada, dogrum wagtynda ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlar boýunça amaly okuwlar geçilýär. Şeýle hem wideoendoskopiýa otagy, meseleleri türgenleşdiriji otag diýlip atlandyrylýan otag, derman serişdeleriniň taýýarlanylýan otagy bar. Ýol berilmeli däl ýalňyşlyklaryň 30-göterimi  derman serişdeleriň mukdarynyň we taýýarlanyşynyň, goýberilişiniň nädogrulygy bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Şepagat uýalary üçin amaly okuwlar şeýle ýalňyşlyklaryň sanynyň azalmagyna niýetlenendir. 
Şepagat uýalaryň işini kämilleşdirmek üçin, näsaglara gözegçilik etmek hem-de olar bilen gürleşmegiň düzgünlerini özleşdirmek üçin, aýratyn ideg talap edýän ululara we çagalara meňzedilip ýasalan "näsaglar"- trenažerlar ýöriteleşdirilipdir.
Hassahana otagy lukmanlar we şepagat uýalary üçin agyr görnüşli ýagdaýlar, näsaglaryň bejergisiniň alnyp barlyşyny we dürli-dürli hünärleriň arasyndaky iş ýörelgelerini kämilleşdirmek üçin niýetlenipdir. Süňk mulýažlarynyň we artroskopiýa otagy, ortoped lukmanlara hakyky hirurgiki enjamlary ulanyp sapak geçmäge mümkinçilik berýär. 
Okuw-ambulatoriýa bölüminde lukmanlaryň iş endikleriniň kämilleşmegi üçin amaly sapaklar guralýar. Türgenleşik merkezinde iň çylşyrymly türgenleşdirijiniň biri hem stomatologiki türgenleşdirijidir. Ol bejergi mahalynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar bilen, ýagny agyra çydamsyzlyk, üsgülewük, ýürek bulanma, ýürek urşunyň kadasynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar bilen modelirlenipdir. Türgenleşdiriji dürli ýagdaýda nädogry hereketi görkezip biler. Onda dogry netijä gelmek öwrenýänleriň näsag bilen iş endikleriniň kämilleşmegine, hakyky iş ýagdaýynda tejribesini artdyrmaga kömek eder. 
Mundan başga-da merkezde urologiýa we GBB (gulak, burun bokurdak) türgenleşdirijileri gurnalypdyr. Çekge süňküni deşmegiň we burun  boşluklarynyň çäginde endoskopiki hirurgik amalllaryň taktil ikitaraplaýyn aragatnaşykly modelirlenilmegi öwrenýän operasion çägiň anatomiki gurluşyny we dokumalaryny duýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem endoskopiki sinus hirurgiýa türgenleşdirijisinde hem meşgullanma göz öňünde tutulypdyr. 
Oftalmolog lukmanlara göni we göni däl oftalmoskopiýa üçin, şeýle hem döwrebap türgenleşdirijini ulanmak bilen witroretinal hirurgiýadan okuwlar geçilýär.
Robotlaşdyrylan hirurgiýanyň türgenleşdiriş otagynda dünýä-de deňi bolmadyk hem-de dürli okuw gurluşlary bIlen üpjün edilen "Da Winçi" atly robotlaşdyrylan hirurgiki ulgam gurnalypdyr. Robot iki bölekden durýar. Birinji bölek dolandyryjy üçin, ikinji bölek – dört elli awtomat- hirurgyň işini ýerine ýetirýär. Robotyň elleriniň biri operasiýa edilýän ýeri görkezýän wideokamerany saklaýar, beýleki iki eli hakyky alynan wagtda hirurgyň amala aşyrýan işini ýerine ýetirýär, dördünji el bolsa hirurgyň kömekçisiniň etmeli işini ýerine ýetirýär. Hirurg-lukman operasiýa edilýän ýeri 3-D görnüşde birnäçe esse ulaldyp görmäge mümkinçilik berýän dolandyryjynyň başyna geçip oturýar we enjamlara erk etmek üçin niýetlenen ýörüte abzallary peýdalanyp işleýär.
Döwlet Baştutanymyz binanyň multimediýa zalyna baryp gördi. Milli Liderimiz telelukmançylygyň mümkinçiliklerini ulanmaga şert döredýän enjamlaryň artykmaçlyklary bilen tanyşdy.
Bu ýerde işleýän hünärmene operasiýa zalynyň gollanmasynyň multimediýa zaly bilen baglanyşdyrylmagy merkezde okuw geçýänlere hirurgiýa maksatnamasynyň aýratynlyklaryny öwpenmäge, weterinar barlaghanada hirurgiýa işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýaş lukmanlaryň hirurgiýa taýýarlygy bilen bir hatarda,  "Learning Space" ulgamynyň kömegi bilen Kliniki simulýator merkezinde ýerine ýetirilýän şeýle okuw sapaklaryny we beýleki bäsleşikleri guramaga mümkinçilik berýär.  
Bu ýerde şeýle hem  teleköpri arkaly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda okuw derslerini guramak we beýleki çäreleri geçirmek üçin mümkinçilikler bar.  
Bu ýerde myhmanlara munuň nähili bolup geçýändigi görkezildi: teleköpri Okuw-ylmy merkezini paýtagtymyzyň halkara lukmançylyk merkezleriniň ikisi bilen birikdirip, olaryň arasynda "häzirki wagt" ("on—laýn") tertibinde  göni gürrüňdeşligi görkezmek üçin giňişlik döredildi. 
Döwlet Baştutanymyz multimediýa zalyň işi bilen tanşyp, okuw derslerini geçmegiň barşynda daşary ýurt ylmy we kliniki merkezleri bilen geljekde okuw maslahatlaryny, geňeşmeleri, tejribe alyşmalary geçmek üçin göni wideoaragatnaşygy peýdalanmak mümkinçiligine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 
Şeýle hem milli Liderimiz "Türkmen Älem52oE" milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bilen halkara derejesinde geçirilýän teleköprüleriň guralmagyna giň mümkinçilikleriň açylandygyny belläp, şu ýerde milli emeli hemra arkaly häzirki zaman telearagatnaşyk tehnologiýalaryň üsti bilen tejribe sapaklaryny, ylmy alyşmalary ýola goýmak boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmalydygyny tabşyrdy. 
Milli Liderimiz ýene-de nemes hünärmenlerine ýüzlenmek bilen, hemra aragatnaşygyny ulanmak arkaly bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýmagyň, möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belläp, teleköprüniň üsti bilen ylmy we maglumatlar alyşmagyň ähmiýetini nygtady.
Bu ýerde şeýle hem interaktiw ekrany peýdalanmak bilen täze okadyş tehnologiýasy görkezildi: 3D ölçeginde köp esse ulaldylan dokumalaryň ýa-da beden agzalarynyň şekillerini "işläp" olaryň ýagdaýyny öwrenmek mümkindir. 
Hünärmen bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijleriniň enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny, olaryň Orta Aziýada ýeke-täkdigini aýdyp, döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary häzirki zaman enjamlary we kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw-ylmy merkeziniň açylyş dabarasy bilen ýene bir ýola gutlady hem-de olara işlerinde üstünlik arzuw etdi. Merkeziň işgärleri hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş ulgamynyň we lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan Halkara kardiologiýa merkeziniň açylyş dabarasynyň geçýän ýerine tarap ugrady.
Bu ýerde köp sanly dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşuryldy. 
Merkeziň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belli aýdymçylaryň we tans toparlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bu ýerde geçirilýän dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda merkeziň toý bagyny kesdi. Şunlukda ýurdumyzyň saglygy goraýyş düzüminde ýene-de bir ähmiýetli desga açyldy.
Halkara kardiologiýa merkezi bilen tanyşdygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýanynda Germaniýadan gelen belli kardiolog   lukmanlar ýanynda boldy. Döwlet Baştutanymyz olar bilen bu merkeziň enjamlaşdyrylyşy, onuň häsiýetli aýratynlyklary boýunça pikir alyşdy. 
Halkara kardiologiýa merkezi täze gurlan iki sany döwrebap binadan ybaratdyr. Olar ýörite gurlan geçelge arkaly baglanyşýar. Şeýle hem Kardiologiýa merkezi lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlary we iň häzirki zaman tehnikalar bilen üpjün edilip, ol ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Merkez 141 näsag üçin niýetlenip, bu ýerde olara ýokary derejedäki lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar. 
Merkeziň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde ýokary hünär derejesi bolan kardiolog, kardiohirurg, reanimatolog, terapewt, newropotolog, ginekolog we beýleki ugurlara degişli lukmanlar  kabul edýärler. Şeýle hem merkezde keseli anyklamak ulgamynda ulanylýan usullaryň we enjamlaryň ägirt köp görnüşi işjeň ulanylýar. 
Döwlet Baştutanymyz merkez bilen tanyşlygyň barşynda ehokardiografiýa barlag otagyna barýar. Milli Liderimiz gyzylödegiň üstünden ehokardiografiýa barlagyny amala aşyrmak , ýürek-damar kesellerini stress usuly arkaly anyklamak üçin oturdylan ejamlaryň mümkinçilikleri bilen tanyşýar.  
Bu ýerde işleýän lukman döwrebap enjamyň artykmaçlygy barada aýdyp, bu ýerde oturdylan enjamlaryň Orta Aziýanyň ýurtlary boýunça diňe Aşgabatda bardygyny uly buýsanç bilen belledi hem-de netijeli işlemek ugrunda döredilen aňrybaş mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy. 
Şöhle anyklaýyş we angeokardiografiýa bölümi kardiologiýa anyklaýyş ulgamynda täze ölçegleri emele getirýär. Meselem, häzirki zaman "Simens" nemes kompaniýasynyň "Somatom Delfinition" kompýuter tomografi bir öwrümde 128 kesimi bolan şekili ýerine ýetirip bilýär. Şeýle hem bu bölümde rentgenologiýa tehnikasynda iň häzirki zaman enjam bolan köpugurly "Luminos Fuston" sanly gurnama ulanylýar. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow koronar gan aýlanyşyň we damar ulgamynyň irki döwürdäki näsazlygyny ýüze çykarmaga we ony täzeçil usullar bilen bejermäge niýetlenen angiografiýa Otagyna bardy. Mili Liderimiz bu ýerde otagda oturdylan Germaniýanyň enjamlary bilen tanyşdy. Bu enjamlar diňe bir keselleri anyklamaga däl, eýsem olary öz wagtynda kateter ulanmak ýoly bilen aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Bölümde kardiologiýa ulgamy býounça dünýäniň iň soňky gazananlary ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde ýakyn döwürlerde mümkin bolmadyk hasap edilýän öňdebaryjy usullar ulanylýar. Olar 15 mikron ölçegi bolan damarlara optiki kogerent tomografiýasyny ulanmak arkaly ýüregiň damaryndaky gan aýlanyşynyň ölçegini amala aşyrýar. 
Şeýle hem bu ýerde uly geljegi bolan böwrek deňerwasiýasy bejeriş usuly ulanylýar. Ol agyr arterial keseli bolan näsaglarda arteriar gan basyşyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde Ýewropanyň öňdebaryjy klinikalarynda ornaşydyrylýan bu usul howpsuzdyr –em-de netijelidir. Ol gapdal arterialara kateter oturtmak arkaly we ultrasesiň kömegi bilen böwrek nerwlerine täsir edýär. Ol gan basyşyň ýokarlanmagyny kadalaşdyrýar. Bu çäräniň dowamlylygy 60-80 minuda barabardyr. 
Ýene bir angiografiki enjam damar ulgamyna diagnostik barlaglardan başga-da ýüregiň hereketini we onuň geçirijiligini anyklamak üçin niýetlenendir. Bu enjam ýürek ulgamyna elektrofihiologik barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär. ABŞ-nyň "CARTO" nawegasiýa ulgamy ýüregiň elektoişjeňligi baradaky wajyp maglumaty almaga hem-de elektrokardiostimulýator gurnama arkaly bejeriş geçirmäge mümkinçilik berýär. 
Bölümiň oýlanyşykly enjamlaşdyrylmagy tutuş merkezde bolşy ýaly, bejerişe bolan toplumlaýyn çemeleşmeleri özünde jemleýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desganyň buýrujysynyň, onuň potratçysy boaln Türkiýäniň "Gap Inşaat" kosmpaniýasynyň we enjamlary getirýän Germaniýanyň "Hospital Internasional" kompaniýasynyň işine kanagatlanma bildirdi. 
Ýökary tehnologiýaly çylşyrymly operasiýalary az töwekgelçilikde geçirmäge mümkinçilik berýän we häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän enjamlaryň tapawutly tarapy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň merkeziň beýleki bölümlerindäki koronar hirurgiýadan we beýleki hirurgiýa kesellerinden tapawutlydygyny belledi. Näsaglar bu ýerde toplumlaýyn bejergini alyp bilýärler. Ol bolsa gyssagly hem-de anyklaýyş çärelerini geçirmäge, netijeli bejerişi amala aşyrmaga we lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we enjamlaryň gije-gündizleýin gözegçiligi astynda dikeldiş işleriniň netijeli bolmagyna ýardam berýär. 
Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň operasiýa we gan-damar kesellerini intensiw bejermek boýunça dikeldiş otagyna bardy.  
Bu ýerde işleýän lukman döwlet Baştutanymyza merkeziň operasiýa bölüminiň dünýäniň öňdebaryjy kardioklinikalarynyň derejesindäki tehnologiýalara, usullara we mümkinçiliklere eýe bolan üç sany operasiýa zalynyň bardygy barada aýtdy. Bu toplumda "OCTOPUS" (Medtronik, ABŞ) toplumynyň kämil enjamlary, emeli gan aýlanyşy üpjün edýän enjam, gözegçiligiň häzirki zaman köpugurly ulgamy, zerur ýagdaýlary anyklamaga niýetlenen Germaniýanyň önümi bolan ultra şöhle anyklaýyş enjamy bar. Bu ýerde oturdylan enjamlar diňe bir Orta Aziýada däl, eýsem tutuş dünýäde iň häzirki zaman görnüşleridir. 
Lukmanyň aýdyşy ýaly, anesteziologýa we intensiw terapiýa bölümi Germaniýanyň öňdebaryjy "Dragär", "Siýemens" we "Fresenius" ýaly kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde barlag geçirmek, onuň netijelerini dessine   almak we täze işläp taýýarlamalaryň maksatnamalaýyn üpjünçiligi boýunça zerur maglumatlary almak hem-de olary bellemek üçin zerur şertleri üpjün edýän häzirki zaman ulgamy oturdylypdyr. Onuň kömegi bilen näsagyň ýagdaýyna, operasiýa mahaly onuň beden agzalarynyň işleýşine gözegçiligi amala aşyrýar. 
Merkeziň düzüminde Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ("Simens", "Roche", "Sysmex") häzirkizaman awtomatik analizatorlarybolan kliniki – anyklaýyş barlaghanasy bar. Bu ýerde gematologiýa barlaglary, biohimiýa, immuniologiýa barlaglary alnyp barylýar. Şeýle hem gipertonik keselleri anyklamak üçin immuniologik görnüşiň sanawy örän giň. Bu ýerde ýiti koronar sindromyny, çişleri we düwnük keselini anyklaýan enjamlar bar. Olar bagryň irki döwürdäki firozyny ýüze çykarmkk üçin baglanyşdyryjy öýjügiň ösüş ýagdaýyny kesgitleýär. 
Mundan başga-da merkezde fiziotperapewtik bölüm işleýär. Onda elektroterapiýa, magnitoterapiýa, gidroterapiýa, şöhle bilen bejeriş, lazer terapiýasy we beýleki hyzmatlar hödürlenýär. Bölümde fitobar bolup, onda dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň, beýleki içgileriň dürli görnüşleri bar. 
Soňra milli Liderimiz iki binany baglanyşdyrýan dälizden geçip, merkeziň durky täzelenen binasyna bardy. Bu ýerde  köp ýyllardan bäri zähmet çekýän halypa lukmanlar milli Liderimizi garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz özüniň lukman bolup işlän döwürlerinde bile işleşmek miýesser eden lukmanlary bilen görşüp, olaryň hal-ahwallary, işleri bilen içgin gyzyklandylar. Halypa lukmanlar soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini,  näsaglara edilýän hyzmatyň hil taýdan täze derejä çykandygyny buýsanç b.ilen belläp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiz olara işlerinde üstünlik arzuy etdi. 
Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden täze açylýan desganyň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkeziň açylyş dabarasynyň guralýan ýerine tarap ugrady.   
Täze merkeziň açylyşy mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar milli liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasaky gyzlar horoimatlyPrehzidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki  merkeziň ýanyndaky meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çyky şlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze merkeziň toý bagyny kesýär. Hormatly Prezidentimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkez bilen tanyşyp başlaýar. 7-nji gatdan ybarat bolan bu merkez 670 orunlyk bolup, onuň 28 bölümi bar. Bu iri lukmançylyk edarasy enelere we çagalara ýöriteleşdirilen ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen birnäçe bölümlerden ybaratdyr. Olaryň hatarynda kabul ediş bölümi, barlaghana ylmy-kliniki bölümi, anyklaýyş-maslahat beriş bölümi, ýatymlaýyn anyklaýyş bölümi, çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş, fiziobejeriş we bejeriş bedenterbiýe, çagalaryň gemotologiýa ylmy-kliniki, çaga iç keselleri ylmy-kliniki we başga-da birnäçe bölümler bar.
Soňra milli Liderimiz bu ýerde ýerleşýän operasiýa toplumynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Lukman bölümiň enjamlaşdyrylyşy barada aýdyp, bu ýerde dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. 
Bu ýerde endeskop arkaly operasiýa geçirmäge niýetlenen "Karl stors" kompaniýasynyň laporaskop   enjamynyň aýratynlygy barada gürrüň berdi. Ol näsaglarda uly kesim etmän endaskop arkaly operasiýa geçirmäge mümkinçiilik berýär. Bu bolsa çagalarda operasiýadan soňky agyrynyň bolmazlygyny, olaryň tiz sagalmagyny üpjün edýär.
Şeýle hem bölümde Germaniýanyň Maguet kompaniýasynyň altyn ölçegine laýyk gelýän operasiýa stoly oturdylypdyr. Bu operasiýa stoly hirurg lukmanyň çagalarda dürli operasiýalary geçirmegi üçin ähli amatlyklary özünde jemleýär. Onuň ýumşak, ýöriteleşdirilen köp gatlakly düşegi, elektro we mehaniki usul arkaly dolandyrylmagy  operasiýa edilýän  näsag üçin has-da oňaýlydyr.
Okalan sany: 228   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03456 sek. ýüklenen baýt: 78341