Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmensiň!
Ýazylan wagty: 13 апреля 2013 Ýazan Krassavchik
Ýör, göwnüm, diýara seýran eýläli
Gursagy arslanly-şirli türkmensiň!
Geldi garyp, gamgyn ýigdiň eýýamy,
Jelaleddin kibi ärli türkmensiň!

Saýlap-seçip müň ganatly bedewi,
Dagyna-düzüne sežde edeli,
Synlap dagda Daga dönen pederi —
Goýny üç ýüz altmyş pirli türkmensiň!

Gojalary Gorkut ýaly pähimdar,
Ejeleri Ýunus ýaly rehimdar,
Ýeke bolsaň «häh» diýeňde «mähim» bar
Agaýunus kibi hüýrli türkmensiň!

Ärden ärsiň, diňe merdan saýlagyn,
Şirden şirsiň, jeňe meýdan saýlagyn!
Gaýmagyň galňasyn, synman gaýnagyn,
Goýny Garagumly — gorly türkmensiň!

Taryh diýrler eždadyňa-hyşdyňa,
Ataňa-babaňa, kowum-puşduňa.
Atly girip zarply şalaň köşgüne,
Zeberdest gollary zorly türkmensiň!

Ýagşyzada kybap baý-u-begleri,
Mydam al-asmanda parlar tuglary,
Sözleri ýalkymly, kalby şuglaly
Ýüregi, gül ýüzi — nurly türkmensiň!

Düýp babaň Oguz han, Gorkut — halypaň,
Altmyş asyr taryhydyr — hakydaň.
Garagumuň — desterhanyň, hazynaň
Rysgal-bereketli, barly türkmensiň!

                                                                                                                         Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Okalan sany: 452   Jogaplar: ( 2 )

marala
13 апреля 2013

şu goşgyny okan badyňa geçmişiňi we türkmeniň gelip çykyşyny bilse bolýar, Türkmen gaýduwsyz mert är ýigitdir.sag bol awtor haladym ýetirip dur

Krassavchik
13 апреля 2013

yaran bolsa bolya size!!!! hakyky, goshgy yaman gowy!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07392 sek. ýüklenen baýt: 31475