Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Birža Täzelikleri
Ýazylan wagty: 22 июля 2015 Ýazan Journaliste
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny we nebit koksuny satyn aldylar. Germaniýadan we Singapurdan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we mazudy satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Serbiýadan, Maltadan, Azerbaýjandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna pagta ýagyny, nah ýüplügi, buýan köküniň toşabyny, pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 40 million 450 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 8 million 290 müň manatlykdan gowrak bolan "Berzeňňi-saglyk" bejeriş-mineral suwy hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.
Okalan sany: 113   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04915 sek. ýüklenen baýt: 29044