Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Şowhunly bäsleşik
Ýazylan wagty: 23 июля 2015 Ýazan Mayichka

                                       Şowhunly bäsleşik


   Baglyga bürenip  oturan Gökdere jülgesinde çagalaryň şadyýan seseleri has çasly ýaňlanýar. Bu ýerde hereket edýän ähli amatylyklar döredilen sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ählisinde-de çagalar göwnejaý dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Sportuň dürli görnüşleri boýunça guralýan bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Ine, ýakynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmeistanyň Bilim ministrligi, <<Türkmenistan>> Ýaşlar bedenterbiýe-sport gurmasy, Türkmenistanyň Magtymuly   adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäheriniň Arçabil etrap häkimligi bilelikde <<Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz >> atly dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynyň jemleýji spartakiadasyny geçirdi.


Sportuň ýeňil atletika, basketbol,woleýbol, stol tennisi, şeýle hem küşt ýaly görnüşlerini öz içine alýan spartakiada açylyş dabarasyndan başlandy. Hatara düzelen toparlaryň ýaşajyk türgenleriniň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary olaryň dynç almaga, saglygyny berkitmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklarynyň çäksizliginiň özboluşly beýany boldy. Soňra bu ýere ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumunyň medeni işewürlik merkeziniň <<Ruhubelent çagalar>> tans toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy. <<Altyn damja>> çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hereket edýän <<Gözbaş>> atly tans toparynyň, şeýle hem sport bilen meşgullanýan ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary diýseň täsirli boldy. Şeýle tolgundurujy pursatlardan soň spartakiýada başlandy. Ýörite meýdançada okuwçylar öz çykyş edýän görnüşinde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Şunlukda, emin agzalarynyň gelen netijelerine görä <<Nesil >> topary birinji orny eýeledi. Bu ýaryşlary kabul eden merkezde dynç alýan oglan-gyzlar hem çalasynlyk, ezberlik görkezip, ikinji bolmagyň hötdesindden gediler. Üçünji orna bolsa <<Altyn sümmül>>  topary mynasyp boldy.  


Okalan sany: 135   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12498 sek. ýüklenen baýt: 31422