Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Lukmanyň maslahaty
Ýazylan wagty: 30 июля 2015 Ýazan Mayichka

                         Lukmanyň maslahaty


 


                  Söze uýup unutmagyň rahmany.


                  Kesse aklyň, ýagşy bilen ýamany.


                  Her bir söze joşup, daşma ganyňdan.


                                                                Magtymguly.


    Adamyň gaharynyň gelmeginde, dogry terbiýelenişem, naharlanyşam, fiziki taýdan taýýarlygam, kär saýlap bilişi, material durmuş üpjünçiligem, arassaçylygam, maşgalada, jemgyýetde dostlaşýan adamlaram, kitap žurnallary okaýyşam, radio, telegepleşikleri synlaýyşam, ula, kiçä hormat goýşam, uly orun tutup biler.


    Psihologlar gaharjaňlyga organizmiň goraýyş reaksiýasy diýip düşündirýärler. Eger-de bu reaksiýa az wagtlyk bolsa howply däl. Minutlar artyberse onda nerwilerimize,  häsiýetimize, saglygymyza zeper ýetiriji howply duýduryş. Gahardan gaça durmaly. Gahar hemme güýjüňi alýar, gowşadýar. Gahar gowluga eltmeýär. Üstünlige barýan ýolda agsadýar, päsgelçilik döredýär. Gahar gan basyşyň ýokarlanmagyna, ýürek infarktynyň döremegine, beterlemegine getirip biler. “Gülki güneşdir, ol adam ýüzünden gyşy kowýar”- diýen pähim bar. Örän sabyrly bolmaly. ýylgyrmany öwreneliň. Gahardan ägä boluň!


 


1-nji nesihat:  Gazaba münmäň! Ýagdaýa dogry düşünmäge çalşyň. Kelläňize gaharyň gowluk bilen gutarmajagyna, tersine beterleşip biljegine akyl ýetirýän pikirler geler. Öz-özüňizi  halas edersiňiz. Gaharly sözler bilen sowaşmaň, bir zada güýmenip, içki gaharly güýjiňizi sarp ediň. Zähmet argynlygy- gahary ýuwudýar. Şony endik ediň. Gürlemän, içiňizden öz-özüňize “Rahatlan, sowaş, köşeş, hany endamyňy gowşat”- diýip, 4-5 gezek uludan demiňi alyp, göýbermelide eginleriňi gowşatmaly. Gaharyňyz gar ýaly eräp gider.


2-nji nesihat:  Artykmaç talap döretmäň!


Töweregindäkileriň özüne üns bermegine garaşýan adam hemişe gaharjaň bolýar. Ol: “Töweregimdäkiler maňa düşünmeýärler” diýip hemişe kineli gürleýärler. Ol adam ýalňyşýar. Uly adamyny tankytlap, täzeden terbiýläp bolmaýar, muňa her kim düşünmelidir. Terbiýelenjek adamyny terbiýäniň bu usuly garşylyk görkezmäge getirýär. Her bir adam aýratyn şahsyýetdir. Ony uly ýaşda öz göwnüňe ýarar ýaly edip terbiýelemek aňsat düşmeýär. Wagt ýitirip, gahar edip ýörmän, her  bir adamyň  gowy tarapyny öwrenmäge, hormat goýmaga, ýagşylyk etmäge çalşyň. Şeýle edeniňizde wagt geçdigiçe töwerekdäkileriň gaharyňyzy getirmeýändigine, olaryň öz-özünden terbiýelenendigine göz ýetirersiňiz.


3-nji nesihat:  Aladalaryňyzdan ünsüňizi sowmagy öwreniň!


Başyňyza düşen iş näçe agyr bolsada, agyr pikirden ünsüňizi sowmagy öwreniň. Töweregiňizdäki adamlary hiç-haçan özüňiziň keýpiňiziň ýoklugy bilen gynandyrmaga çalyşmaň. Ýagdaýyňyz kyn bolsa, töwerekdäkileriň özleri göwünlik bererler. Ýönekeýje zatlary hem uly meselä öwrüp ýüz-gözlerini üýtgedýän adamlar göwünlik berenden-ä geçen, tersine çaltyrak ara açmak bilen bolýarlar. Giň göwüne dünýäde giň.


4-nji nesihat:  Käwagt yza çekilmek hem bolar.


Diýenimizi gögertjek bolup, käwagt kesir çagalara meňzeýäris. Kesir bolmakdan gorkuň!  Garşyňdaky gürleýäniň aýdanlaryny sabyrlylyk bilen soňuna çenli diňlemäni öwrenmeli. Aýdýanlarynyň jany bar bolaýmasyn diýip pikirlenmek gerek.  Gahardan akylly yza çekilmek işiň peýdasyna, töwerekdäkileriň bolsa size hormat goýmagynyň artmagynyň hatyrasyna çözüler. Deňagramly bolmagy öwreneliň. Ol asyllylyk adamy bezeýär.


5-nji nesihat: Hemme zadyň aňyrsyna çykmak hökman däl!


Käbir adamlar ömürlik bäsleşikde ýaly ýa-da özlerini başgalardan pes hasap edip, kemsinip gezýärler. Bu häsiýetden yza çekilmek isleýärler, emma ýeňil düşmeýär. Zehinimiziň, mümkinçiligimiziň her birimizde çäklidigine düşünmegimiz gerek. Iň esasy işiňizi ussatlyk bilen, beýlekileri başardygyňyzça ýerine ýetiräýmeli.


6-njy nesihat: Näsazlyklaryňyz bilen  ýeke galmazlyga çalşyň!  Rehimdar, pikirlenip maslahat berip bilýän adama içki dünýäňi beýan etmek, pikir alyşmak jebir çekýän zatlaryňdan ýeňlemeklige we halas bolmaklyga kömek edýär. Gürrüňdeşimiziň sizi diňläp, raýdaşlyk bildirmegi, ýürekden berýän maslahatlary, size uly kömek edýär. Gürrüňdeş, eneň, ataň, ýakyn dostuň, ýa-da ulagdaky nätanyş  ýolagçam  bolup biler. Siz hem öz gezegiňizde, özüňiz ýaly başyna iş düşen adam gabat gelse kömege taýýar boluň.


7-nji nesihat: Ýagşylyk ediň!


Az wagtlaýyn başyňyza düşen näsazlyklardan ünsüňizi sowuň.


Kim hem bolsa, başga bir başyna iş düşene göwünlik bermäge çalşyň. Bu siziň öz göwnüňizi göterer.  Sebäbi siz birine ýagşylyk etdiňiz. Göwnüňiz hemişe şondaky ýaly hoş bolsun!


8-nji nesihat: Hemme zady bir bada däl!


Gaharjaň adamlara adaty ýönekeý zatlar hem örän çylşyrymly ýaly bolup görünýär. Olar haýsy işiň, haýsy tarapyndan başlajagyny bilmän şol pikirlenip ýörler. Her bir çylşyrymly zatlar hem ýönekeý zatlardan ybarat. Iň zeruryndan başlamak gerek. Beýleki işler barada pikir etmäň, olara gezek gelende, pikir edişiňizden hem has ýönekeý bolup çykýar. Hiç haçan bir işi örän gowy ýerine ýetirip, beýlekileri ýüzleý etseň hem bolar diýmäň. Beýle etseňiz eliňiz işden sowap, gaharjaňlygyňyzy güýçlendirer.


9-njy nesihat: Hemmeden tapawutlanyp bilersiňiz.


Käbir gaharjaň adamlar, töweregindäkiler bilen bäsdeşlik edip, özlerini pellehana howlukýan ýaly alyp barýarlar. Bäsdeşlik edýän hemişe “Büdürärin” öýdüp görkuda gezýär, ýüzi mydama aladaly bolýar. Bäsdeşlik erbet däl, işiňde saýlanmakçy bolsaň, beýlekilere-de mümkinçilikler beriň.


Göwnüňiziň söýen işini ýerine ýetirip bilmäniňiz üçin hasrat çekmäň. Dünýe giňdir.


10-nji nesihat. Gabawuňyzdan çykyň.


 Köpleriň içinde bütin ömrüne “Meni hormatlamadylar, ösmegime päsgel berdiler” diýip, ajy düşünjäni gaýtalap gezýänleri bolýar. Danalaryň “Ýatan daşyň aşagyna suw gelmez” diýen pähimi bar. Gabawuňdan çykyp, adamlara goşulyň. Yhlasyňy işde görkezmeli.   


Okalan sany: 186   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,17926 sek. ýüklenen baýt: 42535