Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenabatda 836 orunlyk täze köpugurly hassahana gurlar
Ýazylan wagty: 31 июля 2015 Ýazan Krassavchik

“Nahal” hojalyk jemgyýeti Lebap welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça Türkmenabatda 836 orunlyk täze köpugurly hassahanany gurar. Potratçy hassahanany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün eder, inžener-kommunikasiýa düzümini geçirer we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrar.

Gurluşyk işleri 2015-nji ýylyň awgustynda başlanar. Desgany 2017-nji ýylyň dekabrynda doly taýýar edip, ulanyşa tabşyrmak bellenilýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli onlarça desga gurlup, ulanylmaga berildi. Şol sanda Lebap welaýatynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň 20-den gowragy işe girizildi.

Okalan sany: 151   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03733 sek. ýüklenen baýt: 29391