Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Süýrenjileriň oýanýan wagty,
Ýazylan wagty: 13 апреля 2013 Ýazan Marala
Ýaz – meýdana guralýan ekspedisiýasynyň köpelýän döwri, möhüm oba hojalyk we maldarçylyk çärekeriniň başlanýan wagty, tebigatyň oýanýan döwri bolýar. Ýylyň bu ajaýyp we täzelenýän döwri ýaz paslynyň ajaýyp görnüşleri peýda bolýar – hemme ýerlerde Türkmenistanda ýylanlaryň 32 sany görnüşi, şol sanda olaryň dördüsiniň zäherli görnüşleri, ukudan oýanýar. 

Ýylylygy söýýän süýrenjilerň işjeň döwri aprel aýyndan başlap, oktýabr aýyna çenli dowam edýär, salkyn howany gowy görýän süýrenjeňleriň bolsa – mart aýyndan noýabr aýy aralygydyr. 

Ilkinji nobatda, ýylanlaryň özüni alyp baryşlaryna üns bermelidit – „dik duruş“ kepjebaşlarda, „halka“ göklorslarda, ýiti haşşyldy alahöwrenlerde bolýar, olaryň reňki, hereket etmek usuly ýabany tebigatda olaryň ýanyna ýakyn barmagyňyzdan ägä bolmagyňyzy talap edýär. Hakykatdan hem esrdeň bolunmagyny talap edýän dört sany howply süýrenji bardyr. 


Orta Aziýa kepjebaşynyň uzynlygy 190 santimetre ýetip bilýär, onuň reňki zeýtuny reňkden gara-goňur reňke çenli üýtgeýär, olaryň ýaşajyklarynyň arkasynda keseleýin zolaklar bolýar. Ol hemme ýerlerde duşýar, dagda bolsa hemme ýerde diýen ýaly duş gelip bilýär. Gyşlandan soňra martda peýda bolýar, ýazda we güýzde gündüzine duş gelýär, tomsuna bolsa gijeki ýaşaýyş durmuşa geçýär. Adamlaryň durmuşynda kepjebaşyň çakmagy az bolýar. Sebäbi bu onuň goranyş usulyna geçip, dik galmagy bilen düşündirilýär. 

Adaty şitomordnik çäklendirilen çäklere – Merkezi we Günorta-Günbatar Köpetdagda we ýurduň demirgazyk günbatarynda ýaýrandyr. Ol daglaryň orta we ýokary guşaklyklarynda, düzlüklerde, toýunsow we daşlyk çöllüklerde gabat gelýär. Onuň çakmagy agyrly bolsa-da, birnäçe günden gutulýar, onuň awysy kepjebeşe, alahöwrene we göklorsyňka garanyňda azdyr. Ol beýle bir uzyn däl, reňki açyk-kontrast reňklidir, onuň kellesinde iri „örtük-galkan“ ýerleşendir. 

Orta Aziýa alahöwreni bir metrden uzyn bolmaýar, kellesi boýnundan düýpli tapawutlanýar hem-de onda „uçup barýan guşuň“ açyk şekili gowy görünýär. Ol Türkmenistanyň ähli ýerlerind eýaşaýar. Ol bimaza edilende iki sany ýarym halkalaýyn bolýar, kellesini duşmanyna garşy öwrüp, ortada saklaýar. Ýüzi gaýdan teňňelerine degeniňde hyşşyldap ses çykarýar. Mart aýyndan noýabr aýlary aralygynda alahöwren işjeň ýagdaýda bolýar. Mart-aprel aýlarynda alahöwrenlere gündüzine hem duş gelmek bolýar, yssy wagtlary gijeki ýaşaýyş durmuşyny alyp barýar. Eger-de howply ýagdaý ýüze çykan ýagdaýynda alahöwrenler duýdansyz duşuşykdan gaçyp bilýär. 

Göklorsuň üstki gatlagy çalymtyl-gum reňkli ýa-da gyzylymtyl-goňur reňde bolýar, ýöne käwagt bir reňkli görnüşleri hem gabat gelýär. Onuň uzynlygy 170 santimetre ýetip bilýär. Daglarda we düzlüklerde, derýalaryň ugurlarynda ýaýrandyr. Ol özboluşly hereket edip, az-owlak gapdallaýyn süýşýär. Göklors gyşdan soň hat-da fewral aýynda hem oýanýar, ýöne esasan hem mart aýynyň ahyrynda oýanýar. Ir baharlarda ol gündüzki ýaşaýyş durmuşyny alyp barýar, yssy howanyň düşüp başlamagy bilen, alagrňky wagtda ýaşaýyş durmuşyna geçýär, soňra bolsa gijeki işjeňligi başlanýar, güýzde bolsa ýene-de gündizki işjeňligi başlanýar. Gyşlamaga bolsa oktýabr-noýabr aýlarynda gidýär. Bu ýylan baglara gowy dyrmaşyp bilýär, buky ýere çalt baryp bilýär, onuň güýçli beden etleri bolýar hem-de awysyny güýçli pürküp bilýär. 


Häzirki wagtda şäherden daşyna gezelenje gidilende, mellek ýeri işlenende, ot-iým taýýarlanylanda, meýdan işleri geçirilende, miwe we iýmiş ýygnalanda, oba hojalyk mallary bakylanda örän eserdeň we seresap bolmaly. Ýatdan çykarmaň, size gabat gelen ýylanyň gyzyl kitaba girizilen görnüşi bolmagy mümkindir. Ýylanlar – tebigatyň saniarlarydyr, sebäbi olar gemirijiler bilen iýmitlenýärler, olaryň zäheriniň bolsa lukmaçylykda belli bahasy ýokdur. Iň gowusy olardan daşrakda duruň. Zäherli ýylany görüp, netije çykarmaga alňasamaň, seresap boluň, täweregiňizdäki adamlary duýduryň. Hüjüm ediji bolmaň, sebäbi gyssaga düşen ýylanyň özi hem tiz wagtdan nirä gideni belli bolmaz. 

Zäherli ýylanlaryň zäheri gana düşmese howply däldigini ýatdan çykarmaň. Ýylan çakan mahaly tizlikli hereket etmeli: güýçli garylan margansowta kaliýesi bilen ýylan çakan ýerinde galan zäheri aýyrmaly, ondan soň ýara bolan ýerden zäheri sormaly we derrew ony tüýkürmeli. Şunlukda, eger-de kim kömek berýän bolsa onuň agyz boşlugynda hiç-hili ýarasy bolmaly däldir. Sormak arkaly ýylanyň göýberen zäheriniň elli göterimini aýryp bolýar. Soňra heläk bolana köp içgi bermeli, doly rahatlyk bermeli, ýylylygyň deň agramlygyny saklamak üçin, elbetde, tiz kömek hökmünde ýylan zäherine garşy çüýrän süýdi bermeli.
Sähet ŞAMMALOW
Okalan sany: 1075   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
13 апреля 2013

haladym!!! shuwagt meydanlarda kopelipdir yylanlar, shon u4in seresap bolmaly!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05666 sek. ýüklenen baýt: 35792