Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Köpetdag” futbol toparyna ajaýyp awtobus sowgat berdi
Ýazylan wagty: 05 августа 2015 Ýazan Krassavchik

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda durky täzelenen “Köpetdag” stadiony açyldy. Onda Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky böleginiň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdagy” bilen Marynyň “Merwiniň” arasyndaky duşuşygy geçirildi. Açylyş dabarasyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, köp sanly aşgabatlylar gatnaşdylar — diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti türgenlere ýokary netijeleri arzuw edip, “Köpetdagyň” futbolçylaryna toparyň nyşanyny we “Hundayi” kysymly ajaýyp awtobusyň açaryny gowşurdy.

Türgenler bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatdaky bimöçber aladalary we döredýän şertleri üçin döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Futbolçylaryň we olaryň tälimçileriniň adyndan milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa futbol formasy sowgat berildi. Türkmenistanyň Prezidenti şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde sport toplumynda gymmatly eksponat boljak futbol pökgüsinde öz goluny goýdy we futbolçylar bilen surata düşdi.

Durky täzelenen desganyň umumy meýdany 11 gektara barabar bolup bu ýerde 26503 tomaşaçy orunlyk stadion ýerleşýär, onuň töwereginde ýeňil atletika ylgaw ýodalary, uzynlygyna, beýikligine bökmek boýunça sektorlar, türgenleşmek üçin meýdançalar bar. Ylgaw ýodalarynyň örtügi sintetik kauçukdan, şeýle hem ýokary hilli we ekologik taýdan arassa şikes howupsuz materialdandyr.

Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, stadionyň birnäçe girelgesi bar. Onuň yşyklandyrylyşy FIFA-nyň ülňülerine laýyk gelýär, telewizion alnyp görkezişleriň şertleriniň talaplaryny ödeýär.

Toplumyň çäginde toparlaýyn pökgüli oýunlar üçin açyk sport meýdançalary, türgenleşik korty, trenažýor zaly ýerleşendir. Sport toplumynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, gök öwsüp otyr.

Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp hemmeleri durky täzelenen sport toplumynyň açylmagy bilen gutlady we bu ýerden ugrady.

Okalan sany: 206   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07684 sek. ýüklenen baýt: 32132