Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Orta mekdeplerde gimnastika sapaklarynyň guralyşy
Ýazylan wagty: 16 августа 2015 Ýazan Mayichka

Orta mekdeplerde gimnastika sapaklarynyň guralyşy


Bedenterbiýe dersiniň gimnastika bölümi orta mekdepleriň ähli synplarynda sapak görnüşlerinde geçmek bilen, onuň esasy wezipesi ösüp gelýän ýaş nesliň çeýeligini tapmaga, iş başarjaňlygyny ösdürmäge hem-de hereket endiklerini kemala getirmäge we ony kämilleşdirmäge gönükdirilendir.


Mahlasy, gimnastika oýunlary okuwçylara ilkinji nobatda çeýelik, çalasynlyk we tizlik berýär. Gimnastika diňe bular bilen çäklenmeýär. Ol dürli hereketleri takyk ýerine ýetirmek üçin zerur bolan akyl-payhasy, duýgurlygy kämilleşdirmäge we berdaşlygy gazanmaga hem itergi berýär. Gimnastika adam bedeni bilen ruhy sazlaşdyrýan täsir ediji güýçdür. Çünki, maşk ýerine ýetirilende ony takyk we dürs ýerine ýetirmäge  bütün ruhuň bilen berilýärsiň. Şeýlelik bilen, bütün bedeniň herekete gelip, gan aýlanyşyň işjeňleşýär. Bu bolsa bedeniňe gujurlylyk, egsilmez kuwwat berýär, kalbyňda joşgun, höwes, tutuş ruhuňda bolsa ynam döredýär. Megerem, şeýle ajaýyp häsiýetler bilen gurşalanlygy üçin gimnastika babatdaky ýaryşlar” Gimnastika hemmeler üçin!” şygary astynda geçirilýär.


Gimnastikaň gaty köp görnüşleri bolup, orta mekdeplerde bedenterbiýe dersi boýunça köplenç onuň a) sport gimnastikasy, we b) akrobatika giňden ornaşdyrylandyr.


a) Sport gimnastikasy; erkin we nyzam maşklary, turnik we tanapda ýerine ýetirilýän maşklar, daýadan bökmek, hatar hem-de deňagramly maşklar we ş.m. degişlidir.


                             Erkin we nyzamda ýerine ýetirilýän maşklar


Erkin maşklary bedenterbiýe sapaklarynyň esasy özeni bolmak bilen, ol umumy ösdüriji maşklarda, amaly maşklarda, çeper gemnastiki maşklarda, snarýad maşklarda, daýanç böküşlerinde, ýönekeý akrobatik maşklarda we çalt hereket oýunlarda ulanylýar.


Bu erkin esasy gimnastiki maşklar mekdebe çenli çagalar edaralarynda ,orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw jaýlary boýunça bedenterbiýe maksatnamasynda ähmiýetli orny eýeleýär hem-de ol bedenterbiýe we sport bilen türgenleşmegiň birinji hökmany basganjagy bolup durýar.


Turnik. Aslyşyp göwre çekilende her bir bedenterbiýe mugallymy okuwçylyra howpsyzlyk düzgünlerine doly we dogry gözegçilik etmekligi hökmanydyr, munuň üçin olar turnigiň sütünleriniň we trostlarynyň guratlygyna hem-de olaryň arassaçylygyna yzygiderli gözegçilik etmelidirler. Mugallym okuwçylaryň aslyşyp, maşklary ýerine ýetirýän mahallarynda sport gurallaryna we enjamlaryna dogry gatnaşykda bolmaklaryna üns bermelidirler hem-de olary maşklary jogapkärli ýerine ýetirmäge, maşky dogry başlap   dogry gutarmaga, maşky ýerine ýetirip bolanlaryndan soň, dogry böküp düşmäge endik etdirmelidirler.


                                             Tanapa dyrmaşmak.


Tanapa dyrmyşyp çykmagyň üç sany usuly bolup, olar şu aşakdaky ýaly tertipde ýerine ýetirilýär:
Birinji usulda aýaklar dyzdan epilen bolmaly, dyz bolsa döşe golaý getirilip, ýygrylmaly. Şol wagtda hem sag aýagyň daraklygy, çep aýagyň bolsa dabany, ýagny aşak ýüzi bilen tanapy gysyp, göwräňi saklamaly. Eller hem şol wagtda tirsekden epilen bolmaly.


Ikinji usulda bolsa, epilen aýaklar dogurlanmaly, şol mahal elleri tirsekden epip, göwräňi ýokaryk çekmeli.


Üçünji usul ýerine ýetirilende bolsa, tanapy aýaklaryň bilen pugta gysmaly, elleri gezekleşdirip, yzly-yzyna ýokardan tutup, göwräňi ýokaryk galdyrmaly.


Esasanam tanapa dyrmyşyp çykmak çakganlygy, çydamlylygy, güýji ösdürýär hem-de batyrlygy terbiýeleýär.


Aslyşyp maşk ýerine ýetirlende, aýaga, arka, garyn we döş myşsalaryna agram azrak düşýär. Şeýle hem bolsa umumy bedendäki myşsalaryň taplanmagyna kömek edýär.Aslyşyp maşk ýerine ýetirlende bedeniň gurluşy gowulanýar. Netijede beden owadan, syratly bolýar.


Daýanyp bökmek. Daýanmak arkaly bökmek- bu gimnastikanyň köp ugurly görnüşleriniň biridir. Bökmekligiň kömegi bilen myşsalaryň güýji, hereketiň takyklygy, çeýeligi, çakganlygy ösýär. Öwredilen wagtynda okuwçylarda  kesgitliligi, batyrlygy, sowukganlylygy terbiýelenýär.


Esasan daýanyp bökmek iki usulda ýerine ýetirilýär.


1.Daýanyp, aýaklaryň arasyny açyp bökmek.


2.Daýanyp, aýagyňy ýygryp (epip) bökmek.


                                     Deňagramlygy saklamak üçin maşklar.


Deňagramlygy saklamak üçin ýerine ýetirilýän maşklar ösüp gelýän ýaş nesliň ünsli bolmagyny, özüne erk edip bilmegini hem-de olarda batyrlygy terbiýeleýär. Mundan başgada ol ýaşlarda owadan boý-syraty kemala getirip, endigan dem almaga we anyk hereketi ýerine ýetirmäge köp ýardam berýär. Deňagramlygy saklamak diýlip, çäklendirilen meýdanlarda dürli ýagdaýlarda- duran ýeriňde we hereketde göwräňi saklap durmaklyga aýdylýar. Deňagramlygy saklamaklygy öwrenmek üçin ilki ýönekeý maşklary ýerine ýetirmeli. Bu maşklar çyzyk boýunça ýöremek, ýerde elleriňi dürli ýagdaýlarda saklap ýöremek we aýagyň daraklygynda ýöremekden ybaratdyr.


                                                  Akrobatika maşklar.


Akrobatika maşklary ösüp gelýän ýaş nesilleriň, çakganlylyk, çeýelik ýaly sypatlaryny terbiyelemäge we ösdürmäge köp kömek edýär. Onda, essasanam, deňagramlylyk saklamak kämilleşdirilýär.Akrobatika bilen meşgullanýan adamlar sportuň birnäçe görnüşlerine mahsus bolan hereketleri çalt öwrenýärler.Munuň sebäbi, akrobatika maşklary örän çylşyrymly we onuň ýerine ýetirmesi örän köp zähmeti talap edýär.Akrobatiki maşklary ýerine ýetirilýän düşekçeleriň üsti hemişe arassa bolmaly we gigiýenanyň talaplaryna laýyk gelmeli.Akrobatiki maşklaryna- esasan hem öňe, yza aşyratmak, pilçäňde dik durmak, kelläňde başaşak durmak, epilip öňe aşmaklyk we köpri durmak ýaly görnüşleri degişlidir.

Okalan sany: 232   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11968 sek. ýüklenen baýt: 40608