Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Haçan we näçe?
Ýazylan wagty: 16 августа 2015 Ýazan Mayichka

 


Maşklaryň optimal maksatnamasy we olaryň sany siziň ýaşyňyza, beden gurluşyňyza we köpsanly başga faktorlara bagly. Elbetde, 70 ýaşly garry we 20 ýaşly ýigit üçin maşklar toplumy dürli bolmalydyr.


1.     Iň gowusy siziň fiziki başarnyklaryňyz nähili bolsa-da, olaryň 50%-den artygyny ulanman maşk etmek gowy. Bedenterbiýäniň maksady – başgalara nämäni başarýandygyňyzy görkezmek däl-de, olardan özüňiz üçin peýda we lezzet almakdyr. Eger siz 30 minut ylgamaga ukyply bolup, şondan soň ýadawlyk duýup başlaýan bolsaňyz, 15 minutdan köp ylgamaň. Eger siz maşklary ýerine ýetirip ýadaýan bolsaňyz, siz olaryň manysyny ýok edýärsiňiz. Maşklar maksatnamasynyň dogry ýerine ýetirilenliginiň alamaty ýadawlyk duýgusy däl-de, serginlik, şähdaçyklyk, kuwwatdan dolulyk duýgusy bolmaly. Kem-kemden siziň fiziki başarnyklaryňyz öser, we siz adaty suratda basymy ulaldarsyňyz.


2.     Eger agzyňyz bilen dem almak zerurlygy duýsaňyz, maşklary ýerine ýetirmegi bes ediň, eger siz burnuňyz bilen dem alyp bilmeseňiz we agzyňyz bilen dem almaga mejbur bolsaňyz, diýmek, siziň başarnyklaryňyzyň 50%-lik çägi eýýäm geçilen. Bu bedene aşa zor salnandygyndan we ol el degrilmez kuwwat goruny ulanyp başlandygyndan habar berýär, şol sebäpli öýjüklere kislorod ýetmeýär. Haçanda ýürek gaty güýçli urup başlandygyny duýsaňyz, gaty der basyp başlasa ýa-da bedeniňiz titräp başlasa, bu siziň öz mümkinçilikleriňiz çägine ýetendigiňizi aňladýar. Şeýle bolanda türgenleşigi dem alşy kadalaşdyryp, pyýada ýöreýiş bilen soňlamak maksadalaýykdyr. Düzgün örän ýönekeýdir: hemişe agyz bilen däl-de, burnuň bilen dem almaly, we günde bir gezek, derläp başlamaýançaňyz türgenleşmeli.


3.     Bedenterbiýe bilen gowusy gündiz bilen meşgullanmaly. Berk agşamky türgenleşikler onçakly peýdaly däldirler, sebäbi bedene şeýle wagtda kuwwatlanmak däl-de, tersine, rahatlandyryjy we ýaşardyjy uka taýýarlanyp, ähli prosesleri haýallatmak gerek. Hiç haçan gönüden-göni nahardan öň we derrew nahardan soň maşklary ýerine ýetirmäň, sebäbi bu iýmit siňdiriş prosesini bozýar we iýmit siňmezliginiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Derrew nahardan soň 15 minudyň dowamynda ýöne seýil etmek bolsa iýmit siňdiriş üçin peýdalydyr. Türgenleşikden öň we soň ganyň goýalmagynyň we öýjükleriniň suwsyzlanmagynyň öňüni almak üçin suw içiň.


Okalan sany: 218   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06875 sek. ýüklenen baýt: 32658