Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
Ýazylan wagty: 20 августа 2015 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýerine ýetiriji direktory jenap Babatunde Osotimehini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk täze ösüşe eýe bolup, anyk wezipeleri çözmäge gönükdirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň hereket etmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, şol sanda gender deňligi babatda gazanan üstünlikleri bellenildi.

Şeýle hem, söhbetdeşligiň barşynda geljek ýyl geçiriljek halkara maslahaty barada pikir alşyldy. Bu maslahat UNFPA bilen bilelikde guralar we ýaşlar meselesine bagyşlanar. Bellenilişi ýaly, bu forum dünýä bileleşigini ýurdumyzyň ýaşlar babatdaky syýasaty hem-de onuň bu möhüm ulgamda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory Türkmenistanyň we UNFPA-nyň däp bolan köp ýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, täze bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar.

Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň bellenip geçilýändigini aýdyp, BMG-niň Baş sekretaryny we belent mertebeli myhmany bu şanly sene mynasybetli dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Pursatdan peýdalanyp, jenap Babatunde Osotimehin döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkyny bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllyk senesine gabat gelýär.

Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory jenap Babatunde Osotimehin döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça düýpli söhbetdeşligiň geçirilendigi üçin ýene bir ýola tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Okalan sany: 136   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05302 sek. ýüklenen baýt: 31456