Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda täze şäher emele geler
Ýazylan wagty: 22 августа 2015 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanda täze şäher emele geler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara Ahal welaýatynyň «Täze zaman» obasynda alnyp barylýan gurluşyk işlerini seljermegi we oňa gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Bu oba häzirki döwrüň binagärlik talaplaryna laýyk gelýän uly, döwrebap oba bolmaly. Şoňa görä-de, bu obanyň ýanynda ähli zerur gulluklary bolan, üpjünçilik ulgamlary we ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilen edara ediş merkezini gurmaly. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen «Täze zaman» obasynyň ilat sanyny artdyryp,  şäher ilatynyň sanynyň derejesine ýetirmek meýilleşdirilýär. Mejlisde Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna  Ahal welaýatynyň häkimi bilen bilelikde täze şäheriň derejesini kesgitlemek bilen bagly meseläni öwrenmegi hem-de  bu şäheri nähili atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny kesgitlemegi, täze şäheri Derweze etrabynyň edara ediş merkezi hökmünde bellemek meselesine seretmegi tabşyrdy.

Okalan sany: 147   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07863 sek. ýüklenen baýt: 29674