Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen talyplarynyň halkara ders bäsleşiklerinde gazanan nobatdaky üstünligi
Ýazylan wagty: 22 августа 2015 Ýazan NEXTTM


Türkmen talyplarynyň halkara ders bäsleşiklerinde gazanan nobatdaky üstünligi

Türkmen talyplary Eýran Yslam Respublikasynyň Hemedan şäherinde geçirilen talyplaryň matematika boýunça 16-njy, himiýa boýunça 8-nji hem-de statistika boýunça 2-nji halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.

2015-nji ýylyň 15-19-njy awgusty aralygynda guralan ders bäsleşiklerine Eýran Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Yrakdan, Omandan, Şri-Lankadan, Türkmenistandan jemi 60-dan gowrak zehinli talyplar gatnaşdy. Biziň ýurdumyza Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary  wekilçilik etdiler.  

Matematika boýunça 16-njy halkara ders bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Pälwan Agamyradow, himiýa boýunça 8-nji halkara ders bäsleşiginde bolsa şu uniwersitetiň himiýa-biologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Eziz Naryýew bürünç medallara mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary statistika boýunça halkara ders bäsleşiginde 2-nji orny, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa-biologiýa fakultetiniň talyplary bolsa himiýa boýunça 3-nji orny eýelediler.

Okalan sany: 243   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05476 sek. ýüklenen baýt: 30425