Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Toý gününde arzuw edeliň!
Ýazylan wagty: 22 августа 2015 Ýazan NEXTTM



Toý gününde arzuw edeliň!

Süýji sözleň ýagyp duran mahaly,
Geliň, toý gününde arzuw edeliň!
Bagtyň süýt deý çogup duran mahaly
Geliň, toý gününde arzuw edeliň!

Dünýämiz dawasyz, jenjelsiz oňsun,
Guşlar gonup ýören pudagna gonsun,
Körpe çaga öz erkine oýansyn,
Diýip, toý gününde arzuw edeliň!

Goý, bu ykbal nagarasyn döwmesin,
Dostuň ýigrenmesin, duşman öwmesin,
Hiç kim erbetligi kalba düwmesin
Diýip, toý gününde arzuw edeliň!

Baglaryň miwesin ekenler ýolsun,
Ter güller solsa-da pudakda solsun.
Her kimiň ak päli niýeti bolsun
Diýip, toý gününde arzuw edeliň!


Okalan sany: 148   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,15691 sek. ýüklenen baýt: 32129