Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ömrümiziň jüýjeleri
Ýazylan wagty: 13 апреля 2013 Ýazan Bayko

 Biraz ähli meseleleriňi unut! Iň bolmanda şu ýazgyny okap bolýançaň. Belkide daşaryk seredip biraz pikirlenersiň. Ýapraklary görýäňmi, olar nahili owadan şeýledämi?! Wah şuwagt ullakan bir parky daşdan synlasan gaty owadan görnüşi bardyr. Sary, mämişi, gyzyl, ýaşyl.... Seret ýapraklar saralyp ýere gaçýar. Güýziň sowujak şemaly hem olary iki ýana galgadyp göýä tans edýär. Köçedäki adamlary görýäňmi? Olaryň hersi öz işi bilen gümra, her haýsy bir ullakan dünýä. Hanaha-da bir ýaş ýigit gulagyna birzatlar dakyp bökjekläp barýar. Wah, ol garry ýaşuly hem zordan ýöräp barşyna, ol ýigide seredip kellesini ýaýkaýar. Aý garaz köça seredip ýazara zat kän. Eýsem şol adamlaryň näçesi indiki güýzi görüp bilerkä?! Wagt nähili çalt geçýär. Biziň bu gündelik işler bilen gümra bolup ýörşümize şeýle güýzleriň geçip gidenini duýman galýas. Eýsem bu güýz size hiç zady ýatladanokmy?! Türkmen aga “jüýjäni güýzde sanaşarys” diýýär. Belki bizem durmuşymyzyň jüýjelerini sanarys otyryp! Ýok, ýok men size zat diýjek bolamok belkide siz günde sanaýansyňyz jüýjeleriňizi. Ýöne bu güýzi göremde yzda galan ýyllarym, çagalygym, gyzykly günlerim, dünýeden giden tanyş-bilişlerim, köp wagt bäri görmeýän adamlarym ýa-da ýerlerim ýadyma düşýär. Wah, hany ol günler…

Gurbannazar şahyryň goşgysyny tapdym şuwagt:

Hamala çagalyk geçm-ejek ýaly,
Çagalygyň kenarynda kän durdum.
Bu dünýe durşuna sowaldy maňa,
Şo sowallaň jogabyna näm berdim.

Ol şeýle kenardy,— Beýik kenardy,
Alkymynda sorag Adasy bardy.
Aňyrsynda bolsa, başga bir beýik, B
aşga bir giň kenar uzap gidýärdi.

Ol şeýle bir uzak, şeýle çuň eken,
Ol şeýle bir beýik, şeýle giň eken.
Çeker şatlygyny diňe gögeren,
Gaýgysynam diňe göteren çeker.

Şo kenara gelip oý edil ýörün,
Ýygnap ýeňil, agyr soraglaň baryn —
...Ne bir o kenarda jogal tapdym men,
Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn.

Günde irden turup haýdap işedir ýa-da okuwa gitýäs. Okuwadan (işden) soň bolsa biraz beýeki işlerimiz bilen meşgullanyp öýe gelýäs. Naharymyzy iýip ertirki işlermize taýynlananymyzdan soňra telewizoryň önünde ýa-da teswirler.com-da uklap galýas. Günümiz edil şeýle bolmasa-da, şuňa meňzeş ýagdaýda geçýär köpümiziň. Käbir işler üçin bolsa wagtymyzyň ýoklugyndan zeýrenýäs. Eýsem sen eliňe galam alyp işleriň sagadyna görä ýazyp wagt tygçytlşajak bolup gördüňmi? Seredip otursam menä köp wagtym gaty boş geçýän eken. Ýadaw diýýän wagtlarym hem adatça psihologiki ýagdaýda ýadaýan, lukmanlar beýniniň ýadamaýandygyny aýtýarlar sebäbi. Güýz ynsanyň akyl paýhasynyň durlanýan pasly. Biz iň bolmanda güýzde ömrüniziň jüýjesini sanajak bolalyň! Ýogsam, Berdinazar Hudaýnazarowyň aýdyşy ýaly hatda 5 minutdan soň hem giç bolup biler.

Okalan sany: 421   Jogaplar: ( 4 )

permann
13 апреля 2013

 drinks bah 

marala
14 апреля 2013

Shol yashlyk yyllar sagbolawtor

Mayichka
14 апреля 2013


Şu gyzykly dünýede köp zatlary okamaly, bilmeli, ýazmaly, halal işläp çagalaryňa guwanyp şolary ylymly bilimli ilhalar edip ýetişdirmek ýaly ajaýyp pikirler, arzuwlar bilen ýaşamaly. Şonda ähli işiň ugruna bolup gidiberer, hemişe ýagşy dilegde boluň. Awtor sizede sagboluň bizem edil siz ýaly günde işimiz bilen başagaý bolup geçýäs. Şahyrymyzyň maslahatyna eýerip 5-minudam gijä galmajak bolalyň

shutnick
15 апреля 2013

sag bol awtor gyzykly teme, bu mowzugyňyz maňa bir zatlara ýatlatýar, sag bolgoodýetirip dur


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10037 sek. ýüklenen baýt: 34088