Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Şu gün Aşgabatda Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri bilen Türkmenistanyň Prezidenti duşuşar
Ýazylan wagty: 25 августа 2015 Ýazan Krassavchik

Şu gün Aşgabatda Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri Boýko Borisow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçiriler.

Düýn myhman ýurdumyzyň iri senagat, ulag we dynç alyş merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy şäherine baryp gördi.

Bolgariýanyň premýer-ministri Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz menziline baryp Orta Aziýanyň “deňiz derwezesiniň” düzümi, döwrebaplaşdyrylyşynyň barşy, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylyşy we geljegi bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda “2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna” laýyklykda, Hazaryň kenarynda täze döwrebap deňiz menziliniň gurluşygy alnyp barylýar. Taslamada ýük hem-de ýolagçy, konteýner we beýleki terminallar göz öňünde tutulýar. Üstaşyr ýükleri kabul etmek we saklamak hem-de eksport-import amallary ýerine ýetirmek üçin ammarlary bolan döwrebap logistika merkezi dörediler. Mundan başga-da, bu ýerde gämi gurluşyk zawody, ýolagçy deňiz menzili we beýleki desgalar bina ediler.

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministiri  Boýko Borisow deňiz menzilinden Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugrady. Bu ýerde mertebeli myhman üçin ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň naýbaşy zawody bilen tanyşdyryş çäresi guraldy. Zawodda dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanylýan nebit önümleri ýokary okdanly, etilleşdirilmedik awtomobil benzini, uçarkerosini, suw bilen arassalanan dizel ýangyjy, nebit koksy, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, tehniki çalgy ýaglarynyň köp görnüşleri öndürilýär.

Bolgariýanyň hökümet baştutany Boýko Borisow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bolmagynyň barşynda kärhananyň tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrylyşynyň derejesine ýokary baha berip, özara bähbitlere kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Okalan sany: 76   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04017 sek. ýüklenen baýt: 31121