Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti awtosportçularyň “Alfa-Romeo—2015” atly Kubogy ugrunda ýaryşynda sport ulagyna erk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezdi
Ýazylan wagty: 25 августа 2015 Ýazan Krassavchik

22-nji awgustda Aşgabatda awtosportçularyň “Alfa-Romeo—2015” atly Kubogy ugrunda ýaryşy geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu ýaryşlar Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunyň tamamlanýan ýerinden Gökderä çenli uzalyp gidýär.

Milletiň Lideri awtosportçynyň lybasynda 7-lik belgili “Alfa-Romeo” sport ulagyna münýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ozal hem awtosport boýunça ýaryşlara gatnaşyp, olarda şol belgili sport ulagynda çykyş edipdi. Ýetginjeklik ýyllarynda awtomobil sporty bilen işjeň meşgullanypdyr we bäsleşiklerde hemişe 7-lik belgili awtoulagda çykyş edýän eken.

Ýaryşa gatnaşýan sport ulaglarynyň ýene-de altysy hatara düzüldi. Hemmeler jogapkärli ýaryşa taýýar boldular.

Ine-de, Kubok ugrunda geçirilýän bäsleşiklere badalga berildi. Olar paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde dag etegindäki ýol bilen öňe okduryldylar.

Uzynlygy 57 kilometr bolan halkara ölçeglere doly laýyk gelýän çylşyrymly menzil külterlenip başlandy. Sport ulaglary menzil aşdygyça, ýoluň çylşyrymly öwrümleri hem-de dag içiniň kötelleri türgenleriň ussatlyk derejesini kesgitleýän pursatlara öwrüldi.

Awtoulaglar örän ýokary tizlikde bäsleşik ýolunyň pellehanasyna geldiler. Sport ulagyna erk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7-lik belgili “Alfa-Romeoda” ynamly ýeňiş gazandy. Milletiň Lideri bellenilen 57 kilometr aralygy 26 minut 10 sekuntda geçmegi başardy.

2-nji orna Sport ulaglary merkeziniň türgeni Gurbanmyrat Hommadow mynasyp boldy. Ol bu aralygy 26 minut 13 sekuntda geçip, üçünji orny eýelän Parahat Garlyýewden bir sekunt wagt bilen üstün çykdy.

Şeýle hem milletiň Lideri  ýurdumyzyň Awtomobil sporty milli merkeziniň ýolbaşçysy G.Agamyradow bilen söhbetdeş bolup, sportuň bu görnüşini ösdürmek we ony hil taýdan täze derejä çykarmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdy.

G.Agamyradow merkeziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, türkmen awtosportçularynyň ýokary netijelere eýe bolmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy we türkmen türgenleriniň ýakynda dünýä derejesinde geçirilýän “Dakar” derejeli bäsleşiklere gatnaşandyklaryny habar berdi.

Okalan sany: 113   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12921 sek. ýüklenen baýt: 32230