Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORT LUKMANÇYLYGYNDA ULANYLÝAN HÄZIRKI ZAMAN DERMAN SERIŞDELERI
Ýazylan wagty: 26 августа 2015 Ýazan Mayichka

               SPORT LUKMANÇYLYGYNDA ULANYLÝAN HÄZIRKI ZAMAN DERMAN SERIŞDELERI


     Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda çykaran 14045-nji karary bilen tassyklanan, 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň hemde Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň şanly 20-ýyllygyna gabat gelýär.


      1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen ”Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biride ýurdymyzyň derman senagatyny ösdirmekdir.


      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015 -nji ýyllar  üçin Döwlet maksatnamasyny”  üstünlikli durmuşa geçirmek, derman senagaty üçin halkara  ölçeglerine laýyk gelýän täze kärhanalary  gurmak, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň  hem-de ilatymyzyň özümizde öndürilýän ýokary hilli derman serişdelerine  we saglygy goraýyş maksatly önümlerine bolan islegini has doly kanagatlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz  Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň  2012-nj ýylyň 14-nji sentýabrynda bolup geçen mejlisinde  saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze derman kärhanalaryny gurmak hakynda Karara gol çekdi.  Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň  Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat  şäherinde,  Balkan we Daşoguz welaýatlarynda  ýokary tilsimatly öňdebaryjy önümçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalary bina etmek tabşyryldy hem-de olar 2014-nji ýylda şanly garaşsyzlygyň 23 ýyllygy mynasybetli Milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.


      Anyk aýtsak, Aşgabat şäherindäki “Berzeňňi” mineral bejeriş suwy kärhanasy, Aşgabat  şäheriniň Abadan etrabyndaky  zyýansyzlandyryjy erginleri  öndürýän  kärhana, Balkan welaýatynyň  Bereket etrabyndaky    ýöd önümçiligi kärhanasy we Jebel şäherçesindäki  bejeriş palçyklaryny hem-de deňiz duzuny gaplaýan kärhana, şeýle-de Daşoguz welaýatynyň merkezinde zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasydyr.


     Soňky  onýyllykda häzirki zaman adamyň durmuş ýörelgeleri  öňkiler bilen deňeşdirilende has güýçli üýtgedi. Sport bilen meşgullanmak, dünýäniň ähli ýerlerine syýahat etmeklik ýaly işjeň durmuş ýörelgeleriniň ähmiýeti bolsa has ýokary galdy.


     Sport bilen meşgullanmak – bu ýokary lezzet almaklyk, saglyk we köp ömürlilikdir.


     Sport bilen mejgullanýan adamlaryň sanynyň has ýokary ösmegi hem-de türgenleriň ýaşynyň garry ýaşlara tarap üýtgemegi lukmançylykda aýratyn - “sport lukmançylygy” pudagynyň döremegini emele getirdi.


     Sport şikeslerini we ýadawlyklary aýyrmakda we spor üstükliklerini ýokarlandyrmak üçin täze derman serişdelerini işläp düzmek bilen lukmançylygyň bu pudagyna farmasewtiki işgärler uly gyzyklanma bilen seredýärler.


 Dermanhananyň içinde taýýarlanylýan ekstemporal derman serişdelerini üstünlikli ýerlemek üçin her derman serişdesiniň häsiýetini we ulanylyşyny hemde nähili türgen we haýsy şikes üçin niýetlenendigini bilmeklik dermanhana işgäriniň  wajyp meseleleriniň biridir.


     Edebiýat maglumatlaryna görä amaly taýdan ähli atletler sport bilen meşgullanýan döwründe şikes ýada ýaralanma alýarlar (ylgaýanlaryň 60-70%,  suwda ýüzýänleriň 40-50%, sportyň güýç ulanylýan görnüşleriniň türgenleriniň 80-90%) göterimidir.


Okalan sany: 136   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03425 sek. ýüklenen baýt: 37127