Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sagdyn ýörelgä eýerip.
Ýazylan wagty: 26 августа 2015 Ýazan Mayichka

Sagdyn ýörelgä eýerip.


 


Saglyk bagtyýarlyga eltýän esasy ýollaryň biridir. Hut şonuň üçinde her bir ynsan öz saglygy barada alada etmelidir. Onuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli mümkinçilikler we şertler bar. Saglygyň esasy girewi bolan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän şertler hasda guwandyryjydyr. Bu günki gün paýtagtymyzdan başlap, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etrap merkezlerinde, obalarynda döwrebap stadionlar, sport mekdepleri gurulýar. Olarda sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça ýaryşlar, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Köpetdagyň etegindäki saglyk ýoluna yzygiderli ýöriş edýän, welosipedli gezelenç edýän we ýeňiljek ylgawy geçýän raýatlarymyzy görenimizde halkymyzyň öz saglygy barada alada edýändiklerine guwanýarsyň.


      Halkymyzyň saglygy baradaky alada bu gün hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu babatda “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Kanunyň kabul edilmegi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap hassahanalaryň, şypahanalarynyň, saglyk merkezleriniň gurulmagy ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär,


“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar. Gurlup ulanylmaga berilýän saglyk öýleri, hassahanalar, sport mekdepleri, stadionlar bu gün halkymyza hyzmat edýär. Saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalaýyn özgertmeler esasynda döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak, ýokary tehnologik enjamlaryny satyn almak boýunça göz öňünde tutulýan taslamalar amala aşyryldy. Bu ulgamy düýpli we hemmetaraplaýyn ösdürmekde mähriban diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şeýle hem ak mermerli paýtagtymyzda döwrebap lukmançylyk merkezleriniň we beýleki desgalaryň köpçülikleýin gurulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.


Halkymyzyň saglygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda yzygiderli alada edip, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.


Okalan sany: 160   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,15436 sek. ýüklenen baýt: 31704