Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Öýjükli aragatnaşyk: Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sany 4 esse artdy
Ýazylan wagty: 27 августа 2015 Ýazan Krassavchik
Halkara ülňülerine laýyk gelýän we maglumat aragatnaşyklarynyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi Merkezi Aziýa sebitinde esasy baglanyşdyryjy merkez, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde Türkmenistanyň abraýyny barha artdyrýar. 

Pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, öňdebaryjy enjamlaryň we täzelikleriň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň, öýjükli tele we radiogepleşikleriň köp şahaly ulgamy üstünlikli işleýär, elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyrylýar. Telefon beketleriniň ösen ulgamy giň zolakly internete goşulmak we maglumatlary bermek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. Milli “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk operatorynyň abonent ulgamy çalt ösýär. 

Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek işi dowam edýär. Analog awtomat-telefon beketleriniň ählisi sanly ulgamlar bilen çalşyldy. Hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek we olaryň görnüşlerini giňeltmek üçin STM-64, СWDM/DWDM hem-de IP/MPLS ýokary tizlikli geçirijiler ulgamlaryna geçilýär. DWDM ulgamlaryň (ýaýlymlary bölmek) esasynda baş ulgamlar döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi dürli maglumatlaryň elýeterli bolmagyny hem-de aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahasyny peseltmäge mümkinçilik berilýär. 

Öýjükli aragatnaşygyň hyzmatlarynyň bahasynyň peselmeginiň we görnüşleriniň giňelmeginiň hasabyna “Altyn asyr” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň müşderileriniň sany 116 göterim artdy. Häzirki wagtda myhmanhanalarda, ilatyň dynç alýan ýerlerinde we söwda merkezlerinde Wi-Fi tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi şol ýerlerde internetiň ýokary tizlikli elýeterliligini üpjün eder. 

Aragatnaşygyň hiliniň gowulandyrylmagy we 2014-nji ýylda bahalaryň peselmegi netijesinde internet ulanyjylaryň sany 4 esse artdy, daşky ýaýlymlaryň tizligi bolsa 32 göterim ýokarlandy. 

LTE tehnologiýalarynyň binýadynda iň döwrebap 4G ykjam aragatnaşyk ulgamyny ähli ýerlerde ornaşdyrmak boýunça işler çalt depginde alnyp barylýar. 

Älem giňişligine ilkinji milli aragatnaşyk emeli hemrasynyň çykarylmagy bilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin uly mümkinçilikler we şertler peýda boldy. 2015-nji ýylyň 9-njy iýunyndan “TürkmenÄlem520E” milli aragatnaşyk hemrasy arkaly türkmen teleýaýlymlarynyň ýedisi HD formatynda hem-de radiogepleşikleriň dördüsi alnyp berlip başlandy. Häzirki wagtda “TürkmenÄlem520E” aragatnaşyk hemrasynyň peýdaly göwrümini ulanmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gepleşikler alnyp barylýar.

Okalan sany: 204   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,20190 sek. ýüklenen baýt: 33683