Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen döwlet sirki öz möwsümini täze programma bilen açdy
Ýazylan wagty: 27 августа 2015 Ýazan Krassavchik
Türkmen döwlet sirkiniň arenasynda ajaýyp täze çykyşlaryň ýigrimisinden ybarat bolan premera bolup geçdi. Bu sapar öz ussatlygy we zehinleri bilen paýtagtlylary we onuň myhmanlaryny haýran galdyran sirk artistleri özleriniň altynjy möwsümini açdylar. 

Biziň ýurdumyzda sirk sungatynyň gaýtadan dikeldilende bary-ýogy bäş ýyl geçdi. Bu döredijilik topar gysga wagtyň içinde uly üstünlikleri gawanmagy başardy. 

Sirkiň gümmeziniň aşagynda howa gimnastikaçysy Selbi Şyhyýewa gyrmyzy polotnolar bilen ilkinji gezek ýokary galdy. Edil sumrug guşy ýaly ol sirk meýdançasynyň üstünden uçup geçdi. Tomaşaçylar howa gimnastikaçysynyň bu çykyşyny uly el çarpyşmalary bilen garşy aldylar. Sirk sungaty Selbi üçin täzelik däldir. Mundan öň ol gimnastikaçy gyzlar bilen “Kauçuk” sanynda çykyş edipdi, soňra bu dogumly gyz ýeser çapyksuwar bolmak bilen, jigitçilik bilen meşgullandy. Indi bolsa ony belentlik özüne çekýär. Selbi haýsy bir işiň başyna barsa, ony ýerine ýetirmegi başarýar. Sebäbi ol örän zehinli hem-de öňde goýan maksadyna tutanýerlilik bilen ýapyşýar. 


Azamat Seýidowyň özi üçin täze käri bolan tanap ýüpde ýöremek täze programmada ýene-de bir çykyşy boldy. Özi hem ol diňe bir ýöremän, eýsem oturgyjyň üstünde oturmak bilen ony sazlap ýüpüň üstünde tigiri sürmegi başardy we beýleki haýran galdyryjy çykyşlary hem-de öz ýeňil hereketleri bilen hemmeleri geň galdyrdy. 

Çykyşlaryň köp sanyna “ilkinji sapar” diýen sözi goşasyň gelýär. Jennet Seýitliýewanyň simiň üstünde tans etmegi hem şolaryň biridir. Täze programma türkmen sirk artistleri belentligi boýun egdirýärler diýesiň gelýär, ýöne beýleki žanrlar boýunça hem geň galdyryjy çykyşlaryň sany az bolmady. 


Masgarabaz oýny özbaşdak bir tema bolup durýar. Türkmen sirkinde bu žanryň aýratyn bir ugry emele geldi. Daşary ýurtly kärdeşleriniň dürli reňkler bilen boýalan lybaslaryna, olaryň batly seslerine garanyňda biziň masgarabazlarymyz sypaýy bolup, daşyndan seredeniňde agras bolup görünýärler. Ýöne bu görnüş olaryň gülküli ýagdaýda bolmaklaryny ret etmeýär. Bu sapar tomaşaçylara dört sany gülküli sahna görkezildi. Oguljan Saparowa hem masgarabaz oýunlaryny täze ýerine ýetirip başlady. Ol “Banklar” atly gülkili sanda meşhur masgarabaz Swetlana Çersowa bilen bilelikde üstünlikli çykyş etmegi başardy. Katuşkaly sanda Jeýms Bondyň keşbi bilen berk ýatda galan Arslan Kuraýew “Opera” atly gülkili sanda çykyş etdi. Elbetde, Arslany täze keşpde tanar ýaly däl. Ýöne hemişe tanalyp gelýän Jumamyrat Hommaýew we Pena Myratdurdyýew “Sagatlar” atly gülkili sanda çykyş edip, tomaşaçylary güldürmegi ussatlyk bilen başardylar. 


Şu möwsümde sirkiň ýyldyzjyklarynyň ikisi – Halap Baýrammyradow we Ilýa Gawrikow çykyş edýärler. Jigit we haýwanlara baş öwrediji Resul Täçmyradow we çapyksuwar we tansçy Medine Baýramdurdyýewa sirk dinastiýasynyň wekillerine degişlidir. Adatça çagalar sirkiň sahnasynda şägirt hasaplanylýar we olara sirkiň gelejegi hökmünde garalýar. Ýöne gaýduwsyz jigit – baýdak göteriji Resul Täçmyradow aýratyn hormata eýedir. Ol ýöne bir çalşyp bolmajak zehindir. 

Adatça sirk oýunlary baş öwredilen haýwanlaryň çykyşlaryny öz içine alýar. Biziň sirkimizde daşky görnüşleri bilen tomaşaçylary üýşendirýän ýolbars, gaplaň, pil ýaly ekzotiki ýyrtyjy haýwanlar ýokdur. Biziň sirk sahnamyza germew agaçlarda ýöreýän adaty geçiler, tans edýän düýeler, owadanja güjüjikler mahsusdyr. Geçiler hem, aýratyn hem düýeler tebigy häsiýetleri boýunça tapawutlanýarlar, hatda çykyş edýän wagtlary hem olaryň öz häsiýetlerini görkezýän wagtlary hem bolýar. Bir söz bilen aýdanyňda, düýä tans etdirmek ýeňil iş däl we onuň bilen çykyş etmek hem ýönekeý bir zat däl. Ýöne Jennet Seýdiýewa, Resul Täçmyradowa, Allabaru Useýnowa bu üstünlikli başardýar. 


Türkmen sirkinde jigitler oýny öň hem, häzir hem esasy çykyşlaryň biri bolup durýar. Edil ýel ýaly tiz, ýeňil we hereketleri bilen örän owadan görünýän jigitler we ahalteke bedewleri sirk sahnasynda bir bütewi göwrä öwrülýärler. Haçanda jigitleriň döredýän piramidasynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagy peýda bolanda ýerine ýetirilýän çykyşlardaky howplulyk ikinji plana geçýär, tomaşaçylary watany söýüjilik ruhy gurşap alýar. Pyhy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Galkynyş” jigitler topary öz çykyşlaryny dürli täze sanlar bilen baýlaşdyrýarlar, tomaşaçylaryň köňüllerini bolsa ruhy duýgulardan doldurýarlar.

Tamara GLAZUNOWA, 

Okalan sany: 75   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13231 sek. ýüklenen baýt: 38013