Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Döwletabat gaz käninde gaz we gaz kondensatynyň çykarylyşyny we önümçiligini artdyrmagyň tehnologiýasy kämilleşdirilýär
Ýazylan wagty: 27 августа 2015 Ýazan Krassavchik

Iri Döwletabat gaz käniniň gatlaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň hünärmenleri bu kände gaz we gaz kondensatynyň çykarylyşyny we önümçiligini artdyrmagyň tehnologiýasyny kämilleşdirmek boýunça iş alyp barýarlar. Diýseň üýtgeşik käniň maglumat binýady döredildi, alymlar gaz we gaz kondensatynyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça teklipnamalary işläp taýýarladylar.

Olaryň arasynda peýdalanylýan az öndürijilikli guýularda deşişdirme geçirmek hem bar, munuň özi gazkondensat käniniň az çalykdyrylýan ýerlerini işjeň ulanmaga çekmegi göz öňünde tutýar. Bu işler gazly meýdançalar boýunça hödürlenen işläp taýýarlamalaryň seljermeleri esasynda, şeýle hem guýularyň özara täsirliligini göz öňünde tutulyp geçirildi.

Guýulardaky beklemek üçin ýeňil we düýpli abatlaýyş işlerini geçirmekde alymlar institut tarapyndan işlenip taýýarlanan ýeňledilen polimer-uglewodorod garyndysyny ulanmagy maslahat berdiler. Bu maslahatlar önümçilige ornaşdyryldy. Munuň özi gazyň we gaz kondensatynyň goşmaça möçberlerini çykarmaga ýardam berdi.

Işlenilýän guýularyň üçüsinde gatlakdan gaz çykarmak üçin alymlar ikinji şahasyny burawlamagy teklip etdiler. Şeýlelikde, guýularyň her birinden tebigy ýangyjyň goşmaça möçberlerini çykarmak başartdy.

Okalan sany: 101   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04151 sek. ýüklenen baýt: 30583