Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA IKIÇÄK GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Ýazylan wagty: 27 августа 2015 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA IKIÇÄK GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Kabul şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ikiçäk görnüşdäki gepleşikler geçirildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Owaganystana resmi saparynyň çäklerinde boldy.

Birek-birege ynanyşmak we düşünişmek esasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine we özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere ähmiýet bermek bilen türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-owgan gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklarda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag pudaklaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berildi. Bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine oňaýly täsirini ýetirer. Ulag-aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, bu babatda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy has-da ähmiýetlidir. 

Elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasy Owganystanyň demirogazyk sebitlerine ýeňillikli şertlerde ugradylýar. Degişli düzümiň desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, goňşy ýurda ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberleri has-da artar. 

Türkmen halkynyň we goňşy owgan halkynyň  parahatçylykly hem-de  abadan durmuş babatdaky  garaýyşlary umumydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň  Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde Türkmenistan goňşy döwletleriň serhetýaka welaýatlarynda durmuş maksatly birnäçe desgalary gurmagy we olary elektrik energiýasy bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Bu babatda Hyrat welaýatynda şu aýyň başynda türkmen gurluşykçylarynyň tagallasy bilen gurluşygyna badalga berlen çaga dogrulýan öýi mysal getirmek bolar. 

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we Owganystan Yslam Respublitkasynyň Prezidenti ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, iki goňşy ýurduň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady pudakda türkmen-owgan gatnaşyklaryny giňeltmek barada aýtmak bilen, iki ýurduň Liderleri medeni-gumanitar ulgamdaky däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dosam edýär.

Okalan sany: 193   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05333 sek. ýüklenen baýt: 32557