Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER IKI ÝURDUŇ WEKILIÝETLERINIŇ AGZALARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA DOWAM EDÝÄR
Ýazylan wagty: 27 августа 2015 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER IKI ÝURDUŇ WEKILIÝETLERINIŇ AGZALARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA DOWAM EDÝÄR

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam edýär. Gepleşikler hormatly Prezidentimiziň Owganystana resmi saparynyň çäklerinde Kabul şäherinde geçirilýär.

Gepleşikleriň barşynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenilýär. Aýdylyşy ýaly, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar berk dostluk, birek-birege dşünişmek we goldaw bermek esasynda ýola goýulýar. Munuň özi ynamly ösüş hem-de bilelikdäki uzak möhletleýin meýilnamalary işläp taýýarlamak üçin has-da möhümdir.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika we ulag pudaklary ýaly möhüm ugurlarda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunlukda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniňt taslamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Owganystanda durnukly syýasy  ýagdaýy, bu ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşini, onuň sebitleýin we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyny üpjün etmek babatda möhüm şert bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystana resmi sapary dowam edýär. 
Okalan sany: 113   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03949 sek. ýüklenen baýt: 30336