Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow OYR-nyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Abdulla Abdulla bilen gepleşikler geçirdi.
Ýazylan wagty: 28 августа 2015 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow OYR-nyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Abdulla Abdulla bilen gepleşikler geçirdi.

Duşuşyk “Sepidar” köşgünde geçirildi, türkmen Lideri bu ýere günüň ikinji ýarymynda geldi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy belent mertebeli türkmen myhmany bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gezekki saparynyň we onuň çäklerinde ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar iki goňşy ýurduň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Pursatdan peýdalanyp, jenap Abdulla Abdulla döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň sebitde geosyýasy deňeçerligiň, parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagynyň möhüm şerti bolan we iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ygtybarly berkidilmegini ugur edinýän dostluk gatnaşyklaryny nazarlaýan öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň parahatçylykly durmuşyny we durmuş-ykdysady ösüşini berkitmekde şu ýyllaryň dowamynda berýän ägirt uly goldawy üçin hoşallyk bildirip, Owganystanyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýänmöhüm başlangyçlarynda owgan meselesiniň oňyn çözülmegine bolan möhüm çemeleşmeleriniň öz Waatanynda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdi.   

Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygyna hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň ýolbaşçy düzümine mähirli kabul edilendigi hem-de owgan topragynda bildirilen myhmansöýerlik we netijeli iş alyp barmak üçin döreldilen ajaýyp şertler üçin sag bolsun aýtdy.   

Türkmenistan  Owganystan bilen  özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda, şeýle hem türkmen we owgan halklarynyň gadymy milli, medeni we ruhy umumylygyna daýanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.  

Milli Lliderimiz belleýşi ýaly, halkara we sebitleýin syýasatyň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlary ýakyndyr ýa-da gabat gelýändir. Bu bolsa Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan ýygjam gatnaşyklar üçin esas döredýär. Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň wehimleriniň öňüni almak we olara garşy göreşmek maksady bilen, durmuşa geçirilýän tagallalaryň utgaşdyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda goýup, Türkmenistan we Owganystan oňyn halkara başlangyçlary we teklipleri goldaýarlar hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda hyzmatdaşlyk edýärler.

Owgan meselesine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz tarapyndan Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen we syýasy serişdeler arkaly, şol sanda Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň ähli mümkinçiliklerini ulanmak bilen mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn tagalla etjekdigini nygtady. 

Ýurdumyzyň Stambul prosessiniň çäklerindäki giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2017-njim ýylda paýtagtymyzda Owganystan meselesi boýunça nobatdaky 7-nji sebitleýin ykdysady maksadyny geçirmäge taýýardygyny tassyk etdi. 

Duşuşygyň barşynda birnäçe möhüm ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürimegiň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky, has takygy, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen öňe sürlen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň we özara peýdaly hoşniýetli   goňşuçylyk hyzmatdaşlygynyň möhüm nyşany bolup durýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň möçberli taslamalaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslamalaryň durmuş-ykdysady taýdan möhüm ähmiýeti bardyr we olaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösmegini, täze iş orunlarynyň döremegi netijesinde owgan halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirer. 

Şeýle hem duşuşygyň barşynda türkmen elektroenergiýasynyň Owganystana ugradylýan möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerine üns berildi. Häzirki döwürde türkmen  elektroenergiýasy Owganystan Yslam Respublikasynyň demirgazyk welaýatlaryna ýeňillikli şertlerde ugradylýar. Şonuň bilen baglylykda, goşmaça energetiki kuwwatlyklaryň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistandan Owganystana ugradylýan elektroenergiýanyň möçberlerini has-da artdyrmak meýilleşdirilýär.

Ylym, bilim, medeniýet, sungat we beýleki ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk möhüm ugurlar hökmünde görkezildi. 

Owgan halkynyň parahatçylykly we durnukly durmuşa bolan gyzyklanmalaryny goldamak bilen, Türkmenistan mundan beýläk-de Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşine hemmetaraplaýyn kömek berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.  

Türkmenistanyň BMG tarapyndan Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygyny şanly waka mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyna we beýleki baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Abdulla Abdulla Iki döwletiň arasyndaky bozulmaz dostluk gatnaşyklarynyň  mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we türkmen we owgan halklaryna parahatçylyk, bagt we rowaçlyk arzuw etdiler.

Okalan sany: 148   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04383 sek. ýüklenen baýt: 38270