Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTANDA KOWÇUM BOLUP ÝAŞAÝAN TÜRKMEN WEKILLERI BILEN DUŞUŞDY
Ýazylan wagty: 28 августа 2015 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTANDA KOWÇUM BOLUP ÝAŞAÝAN TÜRKMEN WEKILLERI BILEN DUŞUŞDY.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynda kowçum bolup ýaşaýan türkmen wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşyk Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Köşkler toplumynyň “Çar çynar” köşgüniň maslahatlar zalynda geçirildi. Duşuşyk geçirilýän ýerde ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. 

Watandaşlarymyz bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Türkmenistanyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady. 

Şu ugra eýermek bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan goňşy Owganystan bilen gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Owgan we türkmen halklaryny müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy—medeni däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. 

Köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we birek-birege goldaw bermek däplerine eýermek arkaly Türkmenistan garaşsyzlygy gazanan ilkinji ýyllaryndan başlap, Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegine yzygiderli kömek-goldaw berýär. Bu bolsa goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ýaradam berýär. Şonuň bilen bir hatarda,  Türkmenistan goňşy Owganystanda howpsuzlygyň we durnuklylygyň parahatçylykly ýol bilen hem-de diplomatiki serişdeler arkaly üpjün edilmegi babatda halkara bileleşiginiň tagallalaryny işjeň goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy.

Geçirilen gepleşikleriň  netijeleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen bolan duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ulag we energetika pudaklary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Mälim bolşy ýaly, bu babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, ýurdumyz ony ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirmäge çalyşýar. Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini döretmek, energetika pudagynda sebitleýin we işjeň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Ýakyn wagtda Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine 500 Mwt kuwwatly elektrik energiýasynyň ulgamy getiriler. 

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi özara peýdaly gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle hem özüniň möçberleri boýunça deňi-taýy bolmadyk Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bolsa, diňe bir oňa gatnaşyjylar ýurtlar däl, eýsem tutuş sebit üçin örän ähmiýetli bolup durýar. Onuň gurluşygyna şu ýylyň aýagynda girişmek göz öňünde tutulýar. Onuň işe girizilmegi owgan ykdysadyýetine gazy üstaşyr geçirmekden ägirt uly girdeji getirer, 12 müň iş ornuny döreder.  

Türkmenistan Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň hatarynda özüniň goňşy ýurda ynsanperwer kömegini bermegi esasy ugur edinýär. Şu maksat bilen  degişli çäreler toplumyny, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, ynsanperwer ýükleriň ugradylmagyny göz öňünde tutýan ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Şeýlelikde, Owganystanyň serhetýaka etraplarynda mekdep, saglyk öýi guruldy, şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu ýyl Hyrat welaýatynyň serhetýaka Turgundy obasynda çaga dogrulýan öýüň gurluşygyna başlandy. 

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda türkmen halysynyň önümçiligini, olaryň dokalyş derejesini kämilleşdirmek, bu ugurda işleýän halyçylar üçin zerur bolan ähli şerteri üpjün etmek hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz türkmen halylyarynyň dünýä ýüzünläki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagy ugrunda zerur çäreleriň görülýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekillerini şu ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky mejlisine we baýramçylyk çärelerine, şeýle hem dekabr aýynda hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. 

Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi. Olaryň hatarynda döwlet düzüminiň ýokary derejeli wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary Möwlawy Jora Tahyry hem-de Hojamyrat Atamyrat  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň Owganystana bu gezekki saparynyň taryhy waka öwrülendigini we olaryň iki goňşy ýurduň gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna täze sahypany ýazandygyny nygtadylar. 

Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmen wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ähli watandaşlarynyň adyndan parahatçylyk söýüjilikli oňyn syýasaty alyp barýandygy, onuň adamzadyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Pursatdan peýdalanyp, duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize daşary ýurtly watandaşlar hakynda edýän atalyk aladasy, şeýle hem Owganystanyň durmuşä-ykdysady taýdan ösdürilmegine yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar. Şeýle hem olar daşary ýurtly watandaşlarymyzyň adyndan döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygyň 20 ýyllygy bilen gutladylar hem-de milli Ldiderimize berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, Watanymyza gulluk etmek ýaly asylly işde egsilmez güýç-kuwwat we täze üstünlikler arzuw etdiler.

Okalan sany: 114   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03744 sek. ýüklenen baýt: 36860