Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI....
Ýazylan wagty: 28 августа 2015 Ýazan NEXTTM
OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI....

Hormatly jenap prezident, Sizi dostlukly Owganystanda kabul edýändigime örän şatdyryn. Biz Türkmenistany oňyn syýasat ýöredýän ygtybarly dost we hysmatdaş hasaplaýarys. Siz sebitde parahatçylygy we durnulylygy, howapsuzlygy üpjün etmäge ägirt uly goşant goşýarsyňyz. Wekilçilikli topar bilen, biziň ýurdumyza gelmegiňiz bizi örän begendirýär. Siziň bu saparyňyzyň uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn. Ilkinji nobatda owgan gelin-gyzlarynyň 80 göteriminiň haly dokamak bilen meşgullanýandyklaryny nazara almakb ilen, Siziň “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilen Owganystanyň haly bilen meşgullanýan edarasynyň hyzmtdaşlyk etmek barada beren tabşyrygyňyz bizi begendirdi. Bu ynsanperwer çözgüdiň oňyn miwelerini nesip bolsa ýakyn wagtda göreris. Şu gün hormatly doganym, Siziň Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini ýakyn wagtda bäş esse köpeltmek barada aýdanyňyz bizi begendirdi. Bu Owganystanyň ähli welaýatlary üçin peýdaly bolar. Ýurdumyzyň Günorta, Demirgazyk, Günbatar sebitlerinde elektrik geçirijileriň ulgamlary hereket edýär. Türkmen elektrik energiýasynyň goşmaça möçberleri ýurdumyzyň Gündogar we Günbatar welaýatlary üçin has-da zerur bolupd urýar.

Owganystanyň üsti bilen türkmen energiýasyny Pakistana ibermegiň meseleleri hem başlangyç tapgyrda ara alnyp maslahatlaşyldy, ýakyn günlerde bu meselä gaýtadan dolanyp geleris. Energiýanyň beýleki görnüşlerini biziň ýurdumyza boýunça hem gepleşikler geçirilýär. 

Söwda ulgamynda we hususy telekeçileriň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça hem degişli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň we biziň ýurdumyzyň önümleriniň sergileri guramak babatda kabul edilen çözgüdiň bähbitli boljakdygywny bellemek isleýärin. Owgan halky Owganystanyň üstünden geçiriljek demir ýoluň açylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bu babatda 
üç taraplaýyn ylalaşygyň gazanylmagy bizi begendirýär. 

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyna girişildi, häzir ol Akinadan Andhoýa,  ol ýerden bolsa Şywyrgana, soňra   Mazarişarife we Gunduza çenli uzalar. Bu ugur biziň halkymyz üçin örän  bähbitli bolar. Bu ýoluň çekilmegi biziň magdan serişdelerimizi özleşdirmek, olary daşamak hem-de senagatymyzyň ösmegi babatynda örän ähmiýetlidir. 

2016-njy ýylyň fewral aýyna çenli Akina çenli demir ýoluň bölegi ulanmaga berler. Biziň Jemgyýetçilik işleri ministrligimiz bu ugur boýunça barlag işleriniň 75 göterimini geçirdi, işleriň doly derejede amala aşyrylmagy bilen, bu ugurlar boýunça nebit önümlerini daşamak meselesine garalar. Turgundy ugry boýunça galan uzak bolmadyk demir ýoluň gurluşygyny gysga wagtda tamamlamak zerur bolup durýar. Biz türkmen gurluşykçylarynyň Turgundydan Hyrada çenli demir ýol şahasyny çekmek boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyklaryna şu gezekki saparyň dowamynda göz ýetirdik. Eger Hyrada çenli demir ýol çekilse,  biziň ýurdumyza Eýrandan gelýän demir ýol şahasy oňa birikdirilip, ol  daşary ýurtlardan bize gelýän önümleriň bahasynyň arzanlamagyna şert döreder. Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe geçelgesiniň hem uly ähmiýeti bolar. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegini üpjün eder. 

Şu ýylyň  fewral aýynda gadymy Merwiň ýadygärliklerini ýakyndan görmek maňa miýesser etdi, Gadymy döwürde ýörgünli bolan ylymlar boýunça meşhur alymlar Merwde ýetişipdirler. Şunlukda, gadymy Merw we Balh şäherleri siwilizasiýanyň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. 

Şeýle hem biz halkara gaz geçirijileri boýunça hem gepleşikler geçirdik. Olaryň iň irisi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisidir. 

Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy belleniler. Biz Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň çagyrmagy boýunça bu şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşarys. Türkmen Bitaraplygy sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýe dir. 

Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 1 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Owganystan haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça Türkmenitsanyň ýedinji orundaky hyzmatdaşy bolup durýar. Bu örän oňat görkezijidir. Türkmenistan bilen Owganystan sebitde hyzmatdaşlygyň täzeçe çemeleşmelerini görkezýärler. Türkmenistanyň  Stambul meselesi – jarnamasy boýunça hem oňyn işleri alyp barýandygy bizi begendirýär. Türkmenistan bitaraplyk syýasay, şeýle hem beýleki uly ähmiýetli halkara başlangyçlary bilen öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Türkmenistanyň häzirki wagtdaky ösüşleri şol syýasatyň oňyn netijesidir. 

Hormatly jenap Prezident,  Size ýene bir gezek hoşallyk bildirmäge rugsat ediň. Siz ýaly belent mertebeli myhmany ýene-de garşylamaga şat bolarys. Gepleşikleriň tiz wagtda öz netijelerini berjekdigine ynanýaryn. Uly hormat bilen Size söz berýärin.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti öz dogan, dost ýurduňyz bolan owgan topragyna hoş geldiňiz. Biz Sizi dostlukly ýurduň hormatly Baştutanyny atlar bilen çapyksuwarlarymyz - atly ýigitlerimiz bilen, uly sarpa bilen garşyladyk. Siz bedewlere uly sarpa goýýan döwlet işgäri hökmünde hem meşhursyňyz. 

Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylygyň, gülläp ösüşiň, Bitaraplyk hukuk derejesiniň oňyn ýol alýan abadan mekanyna öwrüldi. Siziň BMG-niň çäklerinde, Hazar deňzi meselesinde,Aziýada şeýle hem tutuş dünýä ähmiýetli alyp barýan syýasatyňyz Size belent halkara abraýyny getirdi. 

Men Siziň sözleriňiz bilen aýtsam, biziň garaýyşlarymyz gabat gelýär. Iki ýurduň gadymdan gelýän medeni we ruhy gatnaşyklarynyň baýlygy geljekki gatnaşyklarymyzyň hem rowaçlygynyň kepili bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, biziň hyzmatdaşlygymyzyň ýollary we ugurlary iki tarap üçin hem bähbitlidir. Biziň bilelikdäki iş toparlarymyz netijeli iş alyp bararlar diýip ynam bildirýärin.

Okalan sany: 90   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13605 sek. ýüklenen baýt: 36396