Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI
Ýazylan wagty: 28 августа 2015 Ýazan NEXTTM
ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ähli ugurlar boýunça işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirip, Prezident Mohammad Aşraf Ganä we onuň üsti bilen Owganystanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutanlary özara düşünişmek we  ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini, iki goňşy ýurduň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Tutuş sebitiň abadançylygy we gülläp ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolan TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy ýaly möhüm bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady ulgamda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň möhümdigini aýdyp, medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatiki ýollar arkaly ylalaşylar. 

Prezident Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy owgan topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Owganystanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýandygyny nygtady. Biziň ýurtlarymyz dürli ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Owgan Lideriniň belleýşi ýaly,  belent mertebeli türkmen myhmanyny uly hormat-sarpa bilen, ilkinji gezek atlylaryň gatnaşmagynda   garşylaýarlar. 

Prezident Mohammad Aşraf Gani ikiçäk derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda gadymy dostluk gatnaşyklary hem-de ruhy-medeni däpleriň umumylygy bilen baglaşan türkmen we owgan halklarynyň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýtdy. Goňşy döwletiň Baştutany Owganystanyň ýurdumyz bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, türkmen Liderine söz berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Owganystana  gelmek baradaky çakylygy, myhmansöýerligi we netijeli işlemäge  döredilen ajaýyp şertler üçin, owgan kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, iki dostlukly goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda şu duşyşygyň möhümdigini belledi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ähli ugurlarda – syýasatda, ykdysadyýetde we söwdada, medeni we ynsanperwer ugurlarda      ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli     giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, häzirki döwürde netijeli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sebitde möhüm      ähmiýete eýedigini, şol  gatnaşyklaryň  parahatçylygyň, uzak möhletli durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň üpjün        edilmegine uly ýardam berýändigini nygtady. Türkmenistanyň Baştutany uzak   ýyllaryň dowamynda kemala gelen dostluk, özara düşünişmek we birek-birege goldaw bermek ýörelgesiniň Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň  arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadydyr, ynamly öňe gitmek, bilelikdäki uzak möhletli ösüş meýilnamalaryny işläp düzmek üçin esas bolup durýandygyny aýtdy. Biziň ýurdumyz  alnyp barylýan bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär hem-de  gatnaşyklary  pugtalandyrmak, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ähli tagallalary eder. Bu tagallalar bolsa iki doganlyk halkyň we döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň özara gatnaşyklaryň gün tertibinde örän möhüm orny eýeleýändigini belledi. Türkmenistan we Owganystan  parahatçylyk söýüji, parasatly we jogapkärli syýasaty alyp barýar,  Merkezi Aziýany öňe gitmegiň we ösüşiň sebitine öwürmegiň, onuň häzirki zaman ählumumy gatnaşyklara doly goşulmagynyň, sebit we halkara derejesinde ykdysady taslamalary amala aşyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bu maksada ýetmegiň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň barşynda taraplar  sebitde döreýän jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy ýollar bilen çözülmegine pugta eýerýändiklerini  tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri iki ýurduň hem  Birleşen Milletler Guramasyna, beýleki halkara we sebit guramalaryna gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary aradan aýyrmaga ýardam berjekdigini, degişli syýasy-diplomatik usullary işläp taýýarlamaga gönükdirilen gurallary döretmäge bilelikde goşant goşmaga hemmetaraplaýyn kömek etjekdigini nygtady. Türkmenistan bilen Owganystan  halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga we beýleki bikanun işlere garşy göreşmek boýunça umumy tagallalara öz goşantlaryny goşup, mundan beýläk hem özara gatnaşyklary berkiderler. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň soňky onýyllyklaryň dowamynda  köp synaglary başdan geçiren  doganlyk owgan halkyna duýgudaşlyk bildirýändigini nygtap, ýurdumyzyň goňşy döwletde gazanylýan  üstünliklere we oňyn özgertmelere guwanýandygyny belledi. Häzirki döwürde Owganystana giň halkara syýasy we ykdysady goldawyň berilmegi zerurdyr.  Şeýle goldaw birek-birege hormat goýmak, deňhukukly gatnaşyklar we Owganystanyň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgesi esasynda berilmelidir.  Owganystandaky  ýagdaýy tiz wagtda syýasy taýdan düzgünleşdirmek bu işleri durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň  bu maksada parahatçylyk, syýasy serişdeler we umumymilli ylalaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň esasy orny eýelemegi bilen ýetmegiň tarapdary bolup yzygiderli çykyş edýändigini ýene-de bir gezek nygtady.  Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz eger zerur bolsa, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň  Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda şeýle ylalaşygy  gazanmaga gönükdirilen gepleşikleri  geçirmek üçin öz syýasy giňişligini  bermäge taýýardygyny belledi.
  
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy awgustynda Aşgabat şäherinde  Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiň 22-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni «TAPI Ltd.» konsorsiumynyň ýolbaşçysy hökmünde biragyzdan saýlandy. Türkmenistanyň Baştutany zerur bolan guramaçylyk meseleleri çözülenden soň, Konserniň işe girişip biljekdigine ynam bildirip, gaz geçirijiniň   gurluşygyna şu ýyl başlamagyň  göz öňünde tutulýandygyny belledi.  Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri bu taslamany goldaýandygy we amala aşyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy üçin owgan kärdeşine  minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy geljekde goňşy ýurtlary birleşdirjek ýene-de bir iri taslamalaryň biridir. Bu demir ýoluň gurlup, ulanmaga berilmegi, elbetde, taslama gatnaşýan ýurtlaryň,   umuman, Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşine uly itergi berer. Maýa goýumlarynyň çekilmegi, beýleki sebitler bilen gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi üçin amatly şertleri döreder. Biz bu taslama Owganystany dikeltmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzyň bir bölegi hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu ugurda Türkmenistan Stambul prosesiniň çäklerinde uly işleri amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, bu çäklerde biziň ýurdumyz «Sebit üpjünçilik ulgamlary» atly ynanyşmagy pugtalandyrmak çärelerine ýolbaşçylyk edýär. Milli  Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň  2017-nji ýylda Owganystan boýunça nobatdaky 7-nji sebit ykdysady maslahatyny geçirmek boýunça borçnamalary öz üstüne almaga taýýardygyny  tassyklady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Lebap we Mary  welaýatlarynda gurulýan täze kuwwatly energetiki desgalaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň owgan ugry boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini bäş esse artdyrmaga taýýardygyny belledi.

Ynsanperwer kömegini bermek, ykdysady we durmuş ulgamlarynyň dürli ugurlary üçin ýokary taýýarlykly milli hünärmenleri taýýarlamak häzirki döwürde owgan halkyna berilýän goldawyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Owganystana durmuş maksatly desgalary gurmak arkaly ýardam bermegi dowam eder. Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherinde şu ýylyň 5-nji awgustynda çaga dogrulýan öýüň düýbüniň tutulmagy  biziň bu ugurda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigimiziň ýene-de bir mysalydyr. Şeýle hem Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde owgan hünärmenlerini taýýarlamak işi  dowam etdiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň  Owganystandaky ýagdaýy durnukly saklamaga, onuň ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam bermäge mundan beýläk-de hemişe taýýardygyny belledi.     

Owganystanyň Baştutany hususan-da, halyçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada durup geçdi. Bu babatda  türkmen halky täsin gadymy däplere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenhaly”  döwlet birleşigine bu pudakda owgan tarapy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada tabşyryklary berendigi bellenildi. 

Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystana energiýa serişdeleriniň beýleki görnüşlerini, şol sanda gaz we nebit önümlerini ibermek boýunça hem gepleşikleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde, söwda-ykdysady ulgamda we hususy telekeçilik ugry boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şu maksat bilen, ýurtlaryň ikisinde hem owgan we türkmen önüm öndürijileriniň önümleriniň sergisi guralar. 

Owgan Lideri ýangyç-energetika toplumynda özara gatnaşyklar meselesine degip geçip, Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýetini aýratyn nygtady we “Türkmengaz”  döwlet konserniniň “TAPI Ltd.”  öňbaşçysy saýlanmagyny doly goldaýandygyny aýtdy. 

Prezident Mohammad Aşraf Gani ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň 1 milliard amerikan dollaryndan geçendigini kanagatlanmak bilen belledi.  Owganystan bu görkeziji boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň  arasynda 7-nji orny eýeleýär. 

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny nygtap, ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. 

Okalan sany: 136   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04798 sek. ýüklenen baýt: 43025