Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
BEDEWLERI SPORT ÝARYŞLARYNA TAÝÝARLAMAKLYGYŇ, AÝRATYNLYGY
Ýazylan wagty: 28 августа 2015 Ýazan Mayichka

 BEDEWLERI SPORT ÝARYŞLARYNA TAÝÝARLAMAKLYGYŇ, AÝRATYNLYGY


Atçylyk sporty, at münmek we at çapyşyklary adamda batyrlyk, ugurtapyjylyk, ezberlik hem-de öz-özüňe erk etmegi başarmak ýaly häsiýetleri terbiýeleýär.


Atçylyk sportda üstünlige eýe bolmak saýlanyp alnan atlara bagly bolýar. Atlar seçilip alnanda olaryň tohumyna, syna-beden gurluşyna, işjeňligine, emelli hereketine, sagatlygyna aýratyn üns berilmelidir.


Ýaryşlara taýýarlamak üçin daşky synasy görmegeý, gujurly, uzyn ädimläp, dogry we erkin hereketli, beýikligi 160-168 sm. bolan atlar saýlanylýar. Boýny uzyn, ýeňsesi giň we egrelen, gamyş gulakly, reňki dor, gara, mele, al reňkli, uly bolmadyk nyşanlary bolan atlar saýlanylsa amatly bolýar. Gezim oýunlary üçin ahalteke, iňlis, arap, trakenen tohumyndan bolan atlar saýlanylýar.


At çapyşyklary üçin bedewler 1,5-2 ýaşyndan başlap taýýarlanylýar. Atçylyk sporty üçin 3 ýaşyny dolduran atlar saýlanyp alynýar. Ilkibaşda geljekde sportuň haýsy görnüşleri boýunça ulanyljakdygyna garamazdan, olaryň ählisinde umumy türgenleşik geçirilýär.


Sport gezimleri boýunça atlary türgenleşdirmek azyndan 10 aý we 1 ýyl dowam edip, ol üç tapgyry öz içine alýar.


Birinji tapgyr 3 aý dowam edýär. Atlar ýörite meýdançada uzyn ýüpde (kordda) elde töwerekleýin kowalamak bilen hem-de münülip türgenleşdirilýär. Ýaş atlary günüň dowamynda 1 sagat 20 minuda. Töweregi işletmek bilen olar ädim, gorgun, öňürdikleme hereketleriniň aralyk görnüşlerinde işledilýär.


Ikinji tapgyr 3-3,5 aý dowam edýär. Her günki türgenleşiklere 1 sagat 40 minut sarp edilýär. Atlary jylawda saklap we onuň üstünde oturyp baş öwredýärler. Özi-de maneżde münülmäge we päsgelçiliklerden böküp geçmäge werziş edilen atlara sekizligi şekillendirmek öwredilip başlanýar. Munuň üçin atyň çep ýa-da sag egnine eliň aýasy bilen kakmak arkaly oňa ýarym we doly öwrümi ýerine ýetirmek, saklanmak we duran ýerinde durmak öwredilýär. Jylawyndan saklamak bilen at 50-60 santimetr belentlikdäki päsgelçiliklerden böküp geçmäge, päsgelçiligiň üstüne galmaga we ondan çapyksuwar bilen bilelikde aşaklygyna bökmäge mejbur edilýär.


Üçünji tapgyr 4-5 aýlap dowam edýär. Atlar açyk meýdanda çarkandakly ýerlerde, çägeli toprakda türgenleşdirilýär. Ilkibaşda olar bilen çylşyrymly bolmadyk maşklar çuň bolmadyk suwly ýerlerden böküp geçmek, beýikli-pesli ýollardan ýöriş etmek amala aşyrylýar. Soňra maşklar çylşyrymlaşdyrylýar, atlar has çarkandakly ýollardan ýöremäge mejbur edilýär. Çylşyrymly maşklar hepdede iki gezek ýerine ýetirilýär.


Uly sport üçin atlar 3-4 ýyllap türgenleşdirilýär, öň öwredilen endikler elmydama kämilleşdirilip has-da berkidilýär, yzygiderli taýýarlanylýar.


Atçylyk sportunda bedewiň ýeten kämillik derejesini uzak wagtlap saklamaklyk seýisdir, türgeniň ussatlygyna bagly bolýar.


Ata erk etmegi öwrenmek üçin esasy üç şerti berjaý etmek zerur:


- atyň üstünde dik oturmaly;


-at bilen sazlaşykly özara gatnaşygy amala aşyrmagy öwrenmeli;


-uýany, jylawy we gamçyny ulanmagy başarmaly.


Okalan sany: 144   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,17814 sek. ýüklenen baýt: 35549