Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Dem alyş ulgamy çuňlaşýar
Ýazylan wagty: 28 августа 2015 Ýazan Mayichka

Dem alyş ulgamy çuňlaşýar


 


Asuda ýagdaýda adam minutda 16 gezek dem alyş hereketini işläp çykarýar. Her dem alyşda öýkene 500sm  kub howa baryp ýetýär. Fiziki agramda myşsalara agram düşüp kilorody köp talap etmegi bilen dem alyş tizleýär we çuňlaşýar. Öýken galkanlarynyň giňligi ýagny howanyň ýygylygy bir minudyň dowamynda öýkenden geçýän howanyň ýygylygy tiz ýokary galýar, lyjada ýöreýişde, ýüzmekde, tiz ylgawda 8L -den 100-140L ýetýär. Öýkenden näçe köp howa geçse şonçada organizm köp kislorod talap edýär.Asuda ýagdaýda adam minutda 0,2L kislorody harçkaýar. Myşsaly işlerde bolsa adatdakydan kislorodyň harçlanmasy artýar, ýöne belli bir araçäkde. Kislorody harçlamagyň uly bolmadyk belentligi, ýagny kislorod diwary, türgenleşik geçmeýän adamlarda o diyen uly dal,2-3,5L deňleşýär, emma türgenleşik geçýän adamlarda bolsa,organizm öýken arkaly minutda 5-5,5 L kislorody kabul edýär. Şonuň üçin türgenleşen adamlarda fiziki zähmetde "kislorod borjy" (beý diýilmeginiň sebäbi kisloroda bolan isleg bilen,onuň ulanylyşynyň arasyndaky tapawuda aýdylýar) beýle tiz emele gelmeýär we olar dem alyşyň we gan aýlanyşygynyň başarnyklaryny hasda kadalaşdyrýar. Muny, meselem, spirometr bilen gan basyşy ölçenende hasda aýdyň görmek bolýar.


Ganyň düzümi gowlanýar we organizmiň gorag güýçleri ýokarlanýar.


Türgenleşen adamlarda eritrositleriň ( gyzyl gan öýjükleri) göwrümi  1mm kub ganda 4,5-5mln, 6mln çenli artýar. Eritrositler- kislorody daşaýjylar, şonuň üçin olaryň sany köpelende gan öýkende köp kislorody kabul edip biler, şeýlede köp bölegi dokumalara, has dogrysy myşsalara barýar. Türgenleşen adamlarda limfositleriň - ak gan dokumalaryň hem sany ýokarlanýar. Limfositler- organizme gelýän ya-da organizmde döreýän dürli görnüşli zäherleri ýok edip bilýär. Limfositleriň sanynyň köpelmegi - fiziki maşklaryň täsirinde organizmiň goraýjy güýçleriniň ýokarlanmagy, dürli ýokançlaryň organizmde döremeginiň öňüni almakda täsiri ulydyr. Fiziki maşklar we sport bilen ulgamlaýyn meşgullanýan adamlar köp kesellemeýärler, birden keselläýen halatlarynda köp halatlarda ýokanç keselleri aňsat geçirýärler. Türgenleşen adamlarda ganda şekeriň mukdary durnukly ýagdaýda bolýar. Belli bolşy ýaly myşsalaryň uzak we kyn zähmetinde  ganda şekeriň mukdary pese gaçýar. Türgenleşen adamlarda türgenleşmediklere garanda beýle ýagdaýlar az bolýar ýa-da bolmaýar. Fiziki zähmete uýgunlaşmadyk adamlarda myşsa işleriniň agram salmagynda köp halatda peşewiň bölüp çykarylyşy bozulýar. Türgenleşen adamlarda böwregiň işi üýtgeýän ýagdaýlara gowy uýgunlaşýar we fiziki agram düşende organizmde madda çalşygynyň göwrümi öz wagtynda ýok bolýar. Şeýlelik bilen fiziki medeniýet we sport dine bir muskullar üçin täsirli bolman eýsem beýleki organlaryň hem işini kadalaşdyrýandygyny we ýokarlandyrýandygyny görýäris. Sagdyn,berk bedenli , çydamly köp taraplaýyn ukyply adam bolmak üçin hemişe fiziki maşklar we spordyň dürli görnüşleri bilen ulgamlaýyn meşgullanmak hokmanydyr. 


Okalan sany: 224   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
28 августа 2015

Sport bilen meşgullanýan türgenlerimiz üçin şu makalanyñ peýdasy deger diýip umyt edýârin.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04521 sek. ýüklenen baýt: 33349