Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDAKY ÜSTÜNLIKLI BADALGA
Ýazylan wagty: 29 августа 2015 Ýazan NEXTTM
DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDAKY ÜSTÜNLIKLI BADALGA

Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde taekwondo boýunça /ITF görnüşi/ geçirilýän dünýä çempionatynda ýygyndymyz ilkinji medaly gazandy. Mähri Agaýewa “aýratynlykdaky tullar” /toplumlaýyn maşklar/ görnüşinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Dünýä çempionatyna 80-den gowrak ýurtdan koreý söweş sungatynyň 1 müň töweregi ussatlary gatnaşýar. Sport ussady, gara guşagyň I danyň eýesi Mähri Agaýewa ýene-de 51 kilograma çenli agram derejesinde aýratynlykdaky sparringde we sahnada özüňi goramak görnüşinde bäsleşer. 

Türkmen türgeni gara guşagyň II danynyň eýesi Annamyrat Goşanyýazow hem dünýä çempionatynda tutluşyklarda çykyşyny ýeňişden başlady. 57 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji göreşinde ol Argentinanyň toparynyň taekwondoçysyny ynamly ýeňdi. Annamyrat tullar we sahnada özüňi goramak boýunça ýaryşlara gatnaşar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde türgenlerden başga-da, halkara derejeli sport ussady, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, gara guşagyň I danynyň eýesi Gaýgysyz Atabaýew hem bar. Ol taekwondo ITF-nyň üç görnüşinde bäsleşer, gara guşagyň I danynyň eýesi Orazberdi Annamyradow aýratynlykdaky sparringde güýç synanyşar.

Ýaryşlar 30-njy awgusta çenli dowam eder.  
Okalan sany: 167   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04901 sek. ýüklenen baýt: 29998