Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Ýazylan wagty: 04 сентября 2015 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan jogapkärli wezipelerini netijeli çözmek maksady bilen bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler hem-de olaryň ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda ozal berlen anyk tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlaryny diňledi. 

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk  ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol Belent Serkerdebaşymyza 2015-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda  harby ulgamda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça alnyp barlan giň möçberli işler, Milli howpsuzlyk  ministrligi tarapyndan durmuş – jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli howpsuzlygyň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyna ýurdumyzda oňaýly jemgyýetçilik – syýasy ýagdaýyň saklanylmagyna  takyk we hemmetaraplaýyn gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagynyň girewidir. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň 8 aýynyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de eziz Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarlylygyny we eldegrilmesizligini üpjün etmek maksady bilen geçirilýän çäreler, serhet galalarynyň  döwrebap binalarynyň gurluşygy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda uly goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Häzirki wagtda bu gulluk zerur bolan ýörite kämil enjamlar we tehniki serişdeler bilen üpjün edilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, serhetçileriň öz mukaddes borjuny birkemsiz ýerine ýetirmek bilen, Türkmenistanyň serhetleriniň öňden gelýän hoşniýetli  goňşular hem-de sebit we halkara ähmiýetli möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlary bolup durýan goňşy döwletler bilen dostluk serhedi bolmagynda galmalydygyna oňat düşünmelidigini belledi. Şeýle hem halkymyzyň asuda we  abadan durmuşynyň goragynda duran ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlygynyň hem-de watançylyk terbiýesiniň derejesini ýokarlandyrmagyň üstünde hemişe işlemegiň wajypdygy bellenildi. 

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol  sekiz aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler we döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan harby özgertmeleriniň ilerledilişi barada hasabat berdi. Şol özgertmeler bolsa ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilendir. 

Hasabatyň çäklerinde ministr Belent Serkerdebaşymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleri serkerdeligini döretmek hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi.  

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhetleri bolup durýan mukaddes araçäkleriniň hemişe mähriban halkymyzyň parahatçylykly we döredijilikli durmuşynyň ygtybarly galkany bolup hyzmat etmelidigini belledi. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak boýunça yzygiderli   işler alnyp barylýar. Şu gün  kabul edilýän çözgüt hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Belent Serkerdebaşymyz biziň Bitarap Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň Harby – Deňiz Güýçleriniň serkerdeliginiň döredilýändigini belläp, kabul edilýän resminamanyň taryhy häsiýetini nygtady. Bu serkerdelik eziz Watanymyzyň deňiz serhetlerini gorar. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmasy boýunça kaşaň “Merdana” myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli onuň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ministrligiň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleri hem-de jemgyýetçilik tertip-düzgünini saklamak we ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde jogapkär düzümler bilen bilelikde guralýan çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl milli Liderimiziň başlangyjy bilen biraýlygyň çäklerinde guralan esasy çäreleriň biri türkmen paýtagtynyň demirgazyk böleginde, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Awtoulag sporty merkeziniň golaýynda gurlan Çagalar awtoşäherjiginiň  açylyşy bilen baglanyşykly boldy. Mundan başga-da, biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli çäreler, şol sanda maslahatlar, mekdeplerde we çagalar baglarynda bu mowzuga degişli bäsleşikler guralar. Şeýle hem Türkmenistanda ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň onuň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine degişli maksatnamalaýyn çäreler geçiriler. 

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 22-nji awgustynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sport ulaglarynyň Alfa-Romeo görnüşinde bäsleşik geçirilipdi. Şol bäsleşikde milli Liderimiz öz ussatlygyny görkezip, birinji orna mynasyp bolupdy. Mejlisiň barşynda ministr döwlet Baştutanymyza ýeňijiniň Kubogyny hem-de şahadatnamasyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. 

Belent Serkerdebaşymyz  içeri işler edaralarynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýan işleriň örän jogapkärlidigini belläp, Türkmenistanyň içeri işler ministrine, ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak, ýol gözegçiligi gullugynyň işini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreleri kämilleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçiligi amala aşyryp, ulag serişdeleriniň sürüjileriniň hem-de pyýada ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmelidirler. Badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk hem şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz bu biraýlygyň her ýyl geçirilmeginiň oňyn netijeleri berýändigini nygtady. 

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de prokuratura edaralary tarapyndan döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunlaryň pugta berjaý edilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri, ilkinji nobatda bolsa, kanunylygy üpjün etmek hem-de kabul edilen kanunçylyk namalarynyň ähli kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý  edilişine berk gözegçilik etmek baradaky wezipeleriň çözülmegine örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, hereket edýän milli kanunçylygyň bozulmalarynyň öňüni almagy talap etdi. 

Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew täze taryhy eýýamyň talaplaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 8 aýyň dowamynda görlen çäreler, şeýle-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, barada hasabat berdi. Ol milli bähbitleriň goragynda duran kazyýet edaralarynyň işgärleriniň mundan beýläk hem kanunlaryň berjaý edilişini üpjün etmek boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmek üçin tutanýerli we halal zähmet çekjekdiklerini nygtady. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kazylaryň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän uludygyny belläp, işgärleri seçip almak meselesine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Çünki kanunçylygyň hem-de hukuk tertibiniň berk berjaý edilmegi köp babatda kazyýet işgärleriniň iş başarjaňlygyna we hünär derejesine baglydyr. 

Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän gullugynyň şu ýylyň 8 aýynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak maksady bilen amala aşyran çäreleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hukuk goraýjy, saglygy goraýyş edaralary, ýerli häkimiýet düzümleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde tassyklanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ilatyň arasynda wagyz-nesihat, aň-bilim işleri yzygiderli alnyp barylýar, raýatlarymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini seçip almagyna ýardam edýän medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmekde tagallalaryň birleşdirilmeginiň wajypdygyny nygtap, Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde mundan beýläk hem neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna berk we barlyşyksyz göreş alyp barjakdygyny, kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde  hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklar babatda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak, neşekeşligiň düýp-teýkary bilen soňuna çykmak boýunça  giň möçberli çäreleri amala aşyrjakdygyny belledi. 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow  bu gullugyň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleri, hususan-da, ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleriň barlanmagyny üpjün etmek üçin döwrebap tehniki  serişdeleriň ulanylyşy  boýunça  görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük gullugynyň ýolbaşçysynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada aýdyp, işgärleri seçip almagy we ýerli-ýerinde goýmagy, gümrük barlag bölümleriniň tehniki üpjünçiligini möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow 8 aýda  ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bu işleriň netijeleri dünýäniň dürli künjeklerinden ýurdumyza iş we tanyşlyk saparlary bilen gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň barha artýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  häzirki Türkmenistana, onuň baý taryhyna hem-de täze taryhy eýýamda gazanýan üstünliklerine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän bu oňyn ýagdaýy kanagatlanma bilen belläp, gullugyň öňünde duran jogapkärli wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri  B.Muhammedow  ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň işi we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, ony täze taryhy eýýamyň talaplaryna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, hereket edýän kanunlary ýurdumyzyň ilatyna düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilata ýokary hünärli hukuk kömegini bermegiň, şol sanda guralýan raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde hukuk maslahatlaryny bermek çärelerini geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Belent Serkerdebaşymyz giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda harby we hukuk goraýjy edaralaryň möhüm ornuny belläp, parahatçylygy söýüji döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan  Harby doktrinadan ugur almak bilen, ýurdumyzyň  harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitjekdigini, harby gullukçylaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtady. 

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde  başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi. 

Okalan sany: 302   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06223 sek. ýüklenen baýt: 46414