Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Ýazylan wagty: 05 сентября 2015 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriniň netijeleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi, ol parlamentiň şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp baran işleri, 28-nji awgust – 3-nji sentýabr aralygynda Zenan Parlament baştutanlarynyň 10-njy duşuşygyna hem-de Parlament baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň jemleri, şeýle hem 10-njy sentýabrda Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

A.Nurberdiýewa geçen 8 aýyň dowamynda milli parlamentiň mejlisleriniň yzygiderli geçirilendigini, şol mejlisleriň dowamynda deputatlar tarapyndan Türkmenistanyň Kanunynyň 72-siniň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň 47-siniň kabul edilendigini, häzirki wagtda hünärmenler we pudak edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde beýleki kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň işlenilip taýýarlanylýandygyny habar berdi, bu resminamalar milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilýän döwlet ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, türkmen jemgyýetiniň jebisligini we durnuklylygyny has-da pugtalandyrmaga, demokratiki binýadyny berkitmäge ýardam berer. 

Şunuň bilen birlikde, deputatlar halkara işlerine işjeň gatnaşýarlar,  parlamentara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň ýolbaşçysy türkmen wekiliýetiniň Nýu-Ýorkda geçirilen Zenan Parlamentleriň baştutanlarynyň 10-njy duşuşygyna hem-de Parlament baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatynyň işine gatnaşmagynyň netijeli bolandygyny belledi.  

Soňra milli parlamentiň Başlygy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda 10-njy sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Maslahata taýýarlyk görmek işleri bilen baglanyşykly ähli guramaçylyk meseleleri çözülýär. Häzirki wagtda umumymilli maslahatda ara alyp maslahatlaşmak üçin resminamalar, dolandyryş-çäk özgertmeleri we beýlekiler boýunça teklipler taýýarlanyldy.
 
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça milli parlamentiň möhüm ornuny hem-de deputatlaryň saýlawçylaryň ynamyny ödemek boýunça ýokary jogapkärçiligini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri  R. Meredowa söz berildi. Ol şu ýylyň sekiz aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Şu döwürde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlaryň birnäçesine bolan saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Baştutanlarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Umuman, hasabat döwründe Daşary işler ministrligi arkaly  Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 350-si geldi. Şol döwürde daşary ýurtlara Türkmenistanyň 581 wekiliýeti iberildi. Halkara ähmiýetli çäreleriň 161-si, şol sanda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän maslahatlar, okuw maslahatlary, duşuşyklar geçirildi. Hasabat döwründe halkara resminamalarynyň 158-sine gol çekildi. 

Şu geçen döwürde Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň 30-sy, şeýle hem   bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 15-si geçirildi. Şol toparlaryň işi bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de ynsanperwer – medeni gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. 

Wise-premýer, daşary işler ministri şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça  Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen şu ýylyň 28-29-njy awgustynda Türkiýe amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Duşuşygyň esasy maksady üç döwletiň Baştutanlarynyň birinji Sammitine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Bu duşuşyk şu ýylyň güýzünde ýurdumyzda geçiriler. 

Hasabatyň çäklerinde şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň  şu ýylyň 24-27-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bütindünýä forumynyň gün tertibine syýasy, durmuş-ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa we beýleki möhüm meseleleriň ençemesi giriziler. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň münberinden Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlary, şeýle hem netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary  beýan ediler. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşmaga ygrarlydygyny tassyklady. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygyna taýýarlyk görmek meselesine degip geçip, üç döwletiň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda bu duşuşygyň uly ähmiýete eýedigini nygtady.  Döwlet Baştutanymyz türkmen, türk we azerbaýjan halklaryny köpasyrlyk taryhy-medeni umumylygyň, dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjek ýokary derejedäki duşuşygyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygynyň meselelerine geçip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen oňyn halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýyl bellenilýän şanly senäniň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň BMG-niň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň  ABŞ-a boljak iş saparyna taýýarlyk görmek meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu babatda degişli tabşyryklary berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini şöhlelendirýän Türkmenistanyň ileri tutulýan   garaýyşlaryny hem-de halkara başlangyçlarynyň many-mazmunyny dünýä jemgyýetçiligine düşündirmek boýunça işleriň  yzygiderli alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi. Munuň özi bolsa bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek,  ählumumy durnukly ösüş babatda zerur şertleri döretmek maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow şu ýylyň sekiz aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ykdysady syýasaty, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli pudaklar ýokary görkezijilere eýe boldy. 

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 108,3 göterim derejesinde üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýändigini alamatlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda bu görkeziji 103,5 göterime, gurluşykda --112,6 göterime, ulag we aragatnaşyk toplumlarynda-- 111,9 göterime, söwdada-- 112,7 göterime, oba hojalygynda-- 112,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 112,3 göterime barabar boldy. Şu ýylyň sekiz aýynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 107,2 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 19,4 göterim artdy. Halkyň sarp edýän harytlaryna we ilata edilýän hyzmatlara bolan nyrhlar bellenilen çäkde saklandy.

Şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzyň ähli edaralarynda we kärhanalarynda  ortaça aýlyk haklarynyň görkezijisi hem ýokarlandy. Daşary söwda dolanyşygynda oňyn ösüş gazanyldy. Hasabat döwründe onuň möçberi ABŞ-nyň 16,2  milliard dolllaryna barabar boldy.

Şeýle hem  ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň hasabyna eksport edilen harytlardan we hyzmatlardan gelip gowuşýan daşary ýurt serşdeleriniň meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigi barada aýdyldy.

Wise-premýer ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, senagat we medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygynyň depgini barada habar berdi. Hasabat döwründe özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 32,8 milliard manada barabar boldy. 

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini  özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda" kesgitlenen işleriň meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda suw arassalaýjy desgalaryň ikisiniň, dumuş maksatly desgalaryň 51-siniň gurluşygy tamamlandy. Mundan başga-da, desgalaryň 118-sinde, 1 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynda, inženerçilik ulgamlarynda  gurluşyk işleri alnyp baryldy. Şu desgalaryň gurluşygynda 3,3 milliard manat möçberde düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.

Hasabat döwründe welaýatlaryň senagat düzümini ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda  binalaryň we desgalaryň 
142-siniň gurluşygy tamamlandy. Şeýle hem 166 desgada gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär.

Şu ýylyň sekiz aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 84,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar-awgust aýlarynda  aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň ünsüni  ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri herekete girizmegiň zerurdygyna çekdi. Döwlet Baştutanymyz  milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, maliýe-ykdysady ulgamynyň edaralarynyň işine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gazanýan netijelerine yzygiderli gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa  gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly wakalara we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşyna, şeýle hem Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet günlerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi barada aýdyp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda birnäçe halkara derejesindäki iri çäreleriň geçirilendigi hakynda habar berdi. Köpsanly dostlukly ýurtlarda iş saparlarynda bolan medeniýet işgärleri öz kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar we halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny wagyz etdiler. Daşary ýurtlaryň binäçesinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreler guraldy.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümleriniň 237 görnüşi neşir edildi. Bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler dowam edýär. Muzeýleriň, teatrlaryň, medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň we köpçülikleýn habar beriş serişdeleriniň işi döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň  sungat ussatlary, döredijilik toparlary sentýabr aýynda medeni çäreleriň uly maksatnamasyny taýýarladylar. Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda  medeni-durmuş maksatly birnäçe desgalaryň açylyşy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak mynasybetli ýörite konsert maksatnamasy taýýarlanyldy. 

Wise-premýer 2015-nji ýylyň 22-24-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet günlerine görülýän taýýarlyk barada aýdyp, bu döredijilik çäresine gatnaşmak üçin ýörite toparyň bu ýurda ugradyljakdygyny belledi. Mongoliýanyň Bilim, medeniýet we ylym minisrtrliginde duşuşyk, konsert çykyşlary, türkmen halkynyň amaly-haşal sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň manysyny döredijilikli açmagyň, häzirki döwürde Türkmenistanyň ýeten derejesini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz raýatlaryň öndürijilikli zähmeti we döredijiligi üçin oňaýly şertleri hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň işiniň üstünlikli . kämilleşmeginiň möhümdigini belledi

Döwlet Baştutanymyz medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, şol dabaralaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelip, ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakasyna öwrülmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly 
hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny saklamakda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, milli medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegini, baýlaşdyrylmagyny, işjeň tejribe alşylmagyny, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň dünýä ýüzünde wagyz edilmegini şertlendirýän halkara çäreleriniň geçirilişine  aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, Türkmenistanyň Mongoliýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depginiň 101,4 göterime deň bolandygyny habar berdi.

Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzda öndürilýän unuň mukdary-- 7,5 göterim, unaş önümleriniňki—13,4 göterim,  bakja önümleriniň öndürilişi—7,4, üzümiňki – 2 göterim, et önümleri – 17,28 göterim, süýt önümleri bolsa 1,9 göterim artdy. 

Maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 124,4 göterim ýerine ýetirildi. Manat dolanyşygynda bu görkeziji 1 milliard 18 million 555 müň manada deň boldy. 

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Obasenagat toplumyny mundan  beýläk-de sazlaşykly ösdürmegiň, oba hojalyk önümleriniň giň görnüşleriniň möçberlerini artdyrmagyň, degişlilikde ýurdumyzyň sarp ediş bazarlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ähli toplumlaýyn çäreleriň, şol sanda pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmegini talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz bol hasyl almak maksady bilen, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynda ekologiýa ulgamynyň ähmiýetlidine ünsi çekip, ýurdumyzyň  daşky gurşawy goramak boýunça dünýä bileleşigini tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözülmegine önjeýli goşant goşýandygyny, bu ulgamda köpsanly halkara guramalary bilen özara işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Bu başlangyçlaryň mundan beýläk-de öňe sürülmeginiň we iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň  netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. 

Hasabat döwründe,  ýurdumyzda 12 müň 124 orunlyk orta mekdepleriň 25-si, 2 müň 410 orunlyk çagalar baglarynyň 15-si, Aşgabatdaky A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumy, şeýle hem Lebap welaýatynda 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi dabaraly açylyp ulanmaga berildi. 

Okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 191-si taýýarlanyldy we çapa berildi, olardan 118-si neşir edildi.  

Hasabat döwründe ders we taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders, taslama we internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 132 medala, şol  sanda 45 altyn, 50 kümüş, 37 bürünç medala mynasyp boldular. Ýurdumyzyň talyplary hem halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Olar 109 medala, şol sanda 20 altyn, 44 kümüş we 45 bürünç medala eýe boldular. 

Şu okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 7 müň 128 talyp, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 8 müň 342 talyp okuwa kabul edildi. 

Wise-premýer saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyndaky görkezijiler barada aýdyp, hasabat döwründe Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberiniň 115 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden 114 göterim ösüş    gazanylandygyny belledi.   Bu görkeziji gyzyl pulda girdeji almakda 102 göterime, derman serişdelerini öndürmekde bolsa 142 göterime deň boldy. 

Şunuň bilen birlikde, milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça  maksada laýyk çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe 69 müň 412 syýahatça  hyzmat edilendigi we geçen ýylyň şu döwrüne garanyňda, 106,6 göterim ösüş gazanylandygy bellenildi. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 111,8 göterim, gyzyl pul girdejiniň möçberi 101,3 göterim artdy. 

Şeýle hem şu ýylyň sekiz aýynyň dowamynda türkmenn türgenleriniň 116 halkara ýaryşyna gatnaşyp, olarda jemi 244 medal, şol sanda 87 altyn, 57 kümüş we 100 bürünç medala mynasyp bolandyklary bellenildi. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň    garamagyna Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permanyň hem-de Haj parzyny berjaý etmek üçin 188 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek hakyndaky buýrugyň taslamalaryny hödürledi. Şu ýyl Gurban  baýramy 24-25-26-njy sentýabrda bellenilip geçiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim we ylym, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, bu ileri tutulýan ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzda sporty we syýahatçylygy ösdürmek, munuň üçin     bar bolan uly kuwwatdan we mümkinçiliklerden doly peýdalanmak boýunça möhüm çäreleriň görülmeginiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýokarda agzalyp geçilen bu ulgamlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge hem-de ornaşdyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  “Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permana gol çekip, bu nurana baýramçylygyň däpleriniň gadymdan bäri parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, rehimdarlyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarly bolan türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň mizemezligine şaýatlyk edýändigini nygtady.   Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde mukaddes Gurban baýramynyň halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň özüniň baý taryhy-medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň  aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi. Munuň özi eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň esasy şertleriniň biridir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen döwletiniň ýurdumyzyň zyýaratçylarynyň olaryň Gurban baýramy mynasybetli haj parzyny berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýändigini aýtdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri bolan türkmen zyýaratçylarynyň 188-sini Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmek üçin ibermek baradaky Buýruga gol çekip, degişli guramaçylyk we beýleki meseleleriň ählisiniň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda geçen sekiz aýda ýerine ýetrilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 106,9 göterime, buraw işleriniň ösüş depgini 132,2  göterime, maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depgini bolsa 145 göterime deň boldy. 

Tebigy we ugurdaş gazy almak, uglewodorod serişdelerini gaýtadan  işlemek we nebit önümlerini öndürmek, şeýle hem edaralarda, kärhanalarda we ýaşaýyş jaý toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak babatda  gazanylan görkezijiler barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetmiiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de işläp taýýarlamalary netijeli peýdalanmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, häzirkizaman önümçilik kuwwatlyklary döredilýär, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen kärhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar we ulanylmaga berilýär. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, pudakda ýokary hilli önümleriň, aýratyn-da, ekspora niýetlenen önümleriň möçberleriniň artdyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän zerur çäreleriň ähmiýetlidigini belläp,  bu babada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary  B.Ereşow gözegçilik edýän senagat pudaklarynda şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelei barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberiniň  meýilnamasy 121,5 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa 114,2 göterime deň boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişi boýunça 105,8 göterim, magdan däl serişdeler boýunça 131,3 göterim, keramzitiň öndürilişi boýunça 113,3 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 106,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 110,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 101,9 göterime deň boldy.  Nah ýüplügiň öndürilişi boýunça 110,1 göterim, nah matalaryň öndürilişi boýunça 110 göterim, tikin we örme önümleriň öndürilişi boýunça 107 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 101,5 göterim, aýakgabyň öndürilişi boýunça 100,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2015-nji ýylyň 8 aýynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 110,4 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 108,7 göterime barabar boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan şol döwürde 29 müň inedördül metr haly önümleri dokaldy we     102,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi. 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň ösüş depgini 221,5 göterime barabar boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 216 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 100 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 103,5 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 120 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat döwründe önüm öndürmek   boýunça ösüş depgini 174,3 göterime barabar boldy. Balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 154,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   hasabaty diňläp, özümiziň baý çig mal serişdelerimiziň esasynda ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa  önümleri öndürmek boýunça döwrebap önümçilikleri döretmegiň, şol önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň döwletimiziň senagat syýasatynyň esasy weztpeleriniň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny  ornaşdyrmagyň, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň täze ugurlaryny özleşdirmek üçin senagat ulgamynda dünýäniň makroykdysady ýagdaýyny öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz pudakda önümçiligiň depginini güýçlendirmek meselesine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere  anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.  

Wise-premýer tutuş ulaglar we aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak we aragatnaşyk hyzmatlary boýunça meýilnamanyň 118,6 göterime, şunda ösüş depgininiň 119,3 göterime barabar bolandygyny aýtdy. 

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 126,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýolagçy dolanyşygynda 100,6 göterime barabar boldy. 

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 125 göterim üpjün edildi. Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 101,7 göterime, ýolagçy dolanyşygynda bolsa 101,4 göterime deň boldy. 

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,9 göterim üpjün edildi. Şol döwürde ilatymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz boýunça 407 müň, şol sanda 381 müň öýjükli belgi, 6 müň radiotellefon belgi we 20 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,5 esse        ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda 1 müň 544 telefon belgilik beketler gurnaldy hem-de 1 müň 490 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. 

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça sekiz aýyň dowamynda ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň ösüş depgini 114,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 101,1 göterim, ýolagçy dolanyşygynda bolsa 100,1 göterim üpjün edildi. 

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetrilen işleriň ösüş depgini 130,3 göterime, ýük dolanyşygynda 101 göterime, ýolagçy dolanyşygynda bolsa 142 göterime deň boldy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň takyk we sazlaşykly işlemeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüşini üpjün edýän esasy şertleriň biridigini   belledi. Häzirki döwürde ýükleriň daşalyşynda hem-de ýolagçylaryň gatnadylyşynda işiň hili we ygtybarlylygy babatda bu ulgama ýokary talap bildirilýär. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem ýardam etmelidir.  Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn kärhanalaryň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen, döwrebap tehnikalary we enjamlary netijeli hem-de rejeli ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulaglaryň ähli görnüşlerinde – deňiz, demir ýol, howa we awtomobil ulaglarynda edilýän hyzmatlaryň  ýokary derejesini, degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. 

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ulag- aragtanaşyk toplumynyň ornunyň barha artýandygyny aýdyp, täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe hem-de peýdaly innowasion  işläp taýýarlamalary alyşmagyň wajypdygyny nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň  netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de  hyzmatlaryň meýilnamasy 123 göterim berjaý edildi. Şunda, 115,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň sekiz aýynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen  işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 136,5 göterim  ýerine ýetirildi. Şunda ösüş depgini 129,5 göterime deň boldy. Elektrik energiýasynyň öndürilişi  101,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 114,3 göterime, ösüş depgini bolsa 106,5 göterime deň boldy. 

Aşgabat şäheri boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 127,9 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem wise-premýer paýtagtymyzyň ulag ýollaryny tapgyrlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak we gurmak boýunça alyn barylýan işler, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde şu ýylyň 12-13-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Nobatdaky ýöriteleşdirilen forum ýurdumyzyň energetika ulgamynyň ýeten derejesini we geljekki ösüşini giňden beýan etmäge gönükdirlendir. 

Şeýle hem wise-premýer Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde gurlan kuwwaty 504,4 MWt bolan gaz turbinaly elektrik bekediniň 
hem-de Mary döwlet elektrik bekedinden “Atamyrat” podstansiýasyna we podstansiýa toplumyna çenli bolan 500 kilowoltlyk asma elektrik geçirijisini we beketler toplumyny açmaga görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. 

Elektrik energiýasyny Gündogar ugur boýunça eksport etmegiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Mary döwlet elektrik bekediniň energiýa bloklaryny döwrebaplaşdyrmak işleri, Marynyň döwlet bekedinden Türkmenistanyň Owganystan bilen araçägine çenli LEP-500 elektrik geçirijiniň gurluşygy tamamlandy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykmagy üçin ähli şertleri döredýändigini, iri pudaklaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly maýa goýumlary gönükdirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz senagat kuwwatlyklaryny diňe bir artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň alyp barýan işlerini ýokary derejä çykarmaga bolan toplumlaýyn çemeleşmeleri üpjün etmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz häzirki döwürde paýtagtymyzyň etraplarynyň abadanlaşdyrylmagyna  serişdeleri gönükdirmegiň zerurdygyny belläp, eger gerek bolsa bu işe ähli pudaklaryň, welaýatlaryň gurluşyk guramalaryny, daşary ýurtlaryň kompaniýalaryny çekmelidigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektroenergiýa pudagynyň goşmaça kuwwatlyklaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, ýurdumyzyň goňşy Owganystan babatda üýtgewsiz orun eýeleýändigini, dostlukly owgan halkyna parahat we abadan durmuş gurmakda,  durmuş-ykdysady düzümi dikeltmekde anyk kömek berýändigini nygtady. Elektrik energetika pudagyndaky gatnaşyklar türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Energetika babatdaky hyzmatdaşlygy mundan býläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara duşunişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.  Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasy Owganystanyň demirgazyk sebitlerine ýeňillikli  şertlerde ugradylýar. Lebap we Mary welaýatlarynda degişli düzümiň täze desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberleri artar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Öňde boljak halkara sergisi we maslahaty barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleriň geçirilmeginiň elektroenergetika pudagyndaky halkara işjeň gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň sekiz aýynda durmuşa geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. 

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 114,5 göterime, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça 106,3 göterime, lomaý haryt dolanyşygy boýunça bolsa 118,6 göterime barabar boldy. Ministrligiň kärhanalary boýunça girdejileriň ösüş depgini 100,6 göterime barabar boldy. Sekiz aýyň jemleri boýunça özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 145,3 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 167-si geçiirldi. Hasabat döwründe jemi 14 müň 336 şertnama bellige alyndy. Import-eksport şernamalarynyň bahasy 11 milliard 740,4 million manat, gurluşyk şertnamalarynyň jemi bahasy 21 milliard 452,8 million manat boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň ösüş möçberi 100,5 göterime ýetdi. Hasabat döwründe jemi 81,58 million manatlyk girdeji alynda we meýilnama 118,8 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň sekiz aýynda 10,3 million manatlyk hyzmat edildi, ösüş depgini 110,6 göterime deň boldy. Bu edaranyň düzüm bölekleri tarapyndan alnan girdejiniň möçberi 106,6 göterim boldy. Hyzmatlardan gelip gowuşýan daşary ýurt pul serişdeleriniň möçberi 116,8 göterime ýetirildi. Hasabat döwründe 17 sergi we 17 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-awgust aýlarynda 283,6 million manatlyk senagat we 402,9 million manatlyk oba hojalyk önümleri öndürildi. Bu görkezijiler degişlilikde 20,6 göterim we 3,1 göterim artdy. Gurluşyk-gurnama işleriniň ösüş depgini 100,9 göterime deň boldy. Haryt dolanyşygy boýunça 124 göterim ösüş üpjün edildi. Hyzmat ulgamynda bu görkeziji 128,6 göterime barabar boldy.

Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň  söwda ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän we ýurdumyzdan çykarylýan harytlaryň käbir görnüşlerine gümrük paçlaryny artdyrmagyň maksada laýyklygy baradaky mesele öwrenldi. Geçirilen işleriň netijesinde degişli kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu sanawa önümleriň 6 görnüşi, şol sanda şöhlat önümleri, gök-miwe  önümleri, miwe şireleri we beýlekiler girýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümleriniň dünýäniň dürli döwletlerinde uly islegden peýdalanýandygyny aýdyp, şol önümleriň ýerleşdirilýän bazarlarynyň gerimini okgunly giňeltmek maksady bilen, degişli çäreleriň geçiirlmeginiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda we hyzmatlar ulgamynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistana getirilýän we ýurdumyzdan çykarylýan harytlaryň käbir görnüşlerine gümrük paçlaryny ýokarlandyrmak baradaky resminamanyň taslamasyny umuman goldap, bu çözgüdiň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini mundan beýläk-de höweslendirmäge, olaryň bähbitlerini goramaga hem-de öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini belledi. Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.   

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemlerini jemlemek bilen,  käbir kemçilikleriň bardygyny garamazdan, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň 8 aýda ýeten sepgitleriniň ähli maksatnamalaryň umuman üstünlikli amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar diýip belledi. Ol maksatnamalar halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen senagatlaşdyrmaga gönükdirilendir. 

Bitarap döwletimiz BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, ŞHG, GDA we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýaly iri halkara guramalary bilen giň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz  şunuň bilen baglylykda türkmen wekiliýetiniň Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň ýolbaşçylygynda BMG-da geçirilen Zenan parlament baştutanlarynyň  10-njy halkara duşuşygyna we  Parlament baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatyna gatnaşandygyny, ol forumda Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewanyň  gender deňligi boýunça  çykyş edendigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan başga-da, sentýabr aýynda ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň işine gatnaşjakdygyny aýtdy, onda  ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa howpsuzlygy, ulag düzümlerini kämilleşdirmek ýaly meselelere garalar, şeýle hem bilim we medeniýet, adam hukuklary we azatlyklary, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de durnukly ösüş meseleleri ara alyp maslahatlaşylar diýip aýtdy. 

Berkarar döwletimiziň içeri syýasaty barada aýdylanda bolsa, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen ýarym ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri daşarky we içerki serişdelerimiziň ýeterlik möçberde bardygyny gözkezýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gazanylan oňyn netijeler bize jemi içerki önümiň ösüşini ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Biz ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny alyp barýarys. Netijede, hususy hem-de döwlete degişli pudaklara goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi artýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim ýokarlandy. Zähmet haklarynyň möçberi ortaça 10 göterim köpeldi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti hem şol bir derejede durnukly saklanýar. Diýarymyzda bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän köp sanly desgalar guruldy we täze desgalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul edilen täze döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirip başladyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Oňat netijeleriň gazanylandygyna garamazdan, biz ýylyň ahyryna çenli birnäçe meseleleri hem çözmeli. Garaşsyz döwletimiz soňky döwürde tanalmaz derejede özgerdi, ykdysadyýetimiz hem berkedi. Bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ähli pudaklarda netijeli we durnukly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda ykdysadyýetiň düzüminde telekeçilik we işewürlik barha uly orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi, ykdysadyýetiň yzygiderli ösmegi üçin döwlet dolandyryş gurluşyny kämilleşdirmeli. Hökümetiň gurluşy çeýe bolar ýaly we netijeli işlär ýaly zerur çäreleri görmeli. Gynansak-da, häzirki döwürde dolandyryş edaralarynyň düzümi zerur möçberden artypdyr. Bu bolsa, dolandyryş ulgamynyň işine ýaramaz täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň işini mysal getirdi. 

Bu topluma degişli hojalyklaryň 90 göteriminden gowragy häzirki döwürde bazar ykdysadyýeti şertlerinde işleýär. Emma, muňa garamazdan, bu hojalyklar birnäçe ministrlikleriň kömegi bilen dolandyrylýar. Hakykatda bolsa, bu ministrlikler kärendeçileriň alyp barýan işlerine täsir edip bilmeýär. Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň pudaklaryny dolandyryş ulgamyny seljermeli. Artykmaç dolandyryş düzümlerini gysgaltmak boýunça teklipleri taýýarlamaly we 1-nji oktýabra çenli seretmek üçin bermeli. Häzirki döwürde ministrlikler ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça syýasaty kesgitlemeli. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak we pudaklary ylmy esasda ösdürmek meseleleri bilen meşgullanmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň üstünde durup geçmek bilen, ählumumy ykdysady çökgünligiň dowam edýändigi bilen baglylykda,  biziň öňümizde ýeňil bolmadyk wezipeleriň  durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hökümet agzalarynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Hormatly Prezidentimiz  wise-prmeýer  B.Hojamämmedowa ýüzlenip,  bar bolan ähli mümkinçilikleri netijeli ulanyp, täze ýylyň Döwlet býujetinde öňküsi ýaly mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmalydygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşowa senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, önümçilikde täze häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak  we ösdürmek boýunça hem köp işleri etmelidigini, daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen harytlary öndürýän önümçilikleri döretmek meselesiniň üstünde işlemelidigini aýtdy. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl täze zawodlaryň we fabrikleriň birnäçesiniň gurluşygyna başlamaly.  Öň hem belläp geçişim ýaly, biz ýakyn geljekde ykdysadyýetimiziň ösüşi nebitgaz serişdelerine bagly bolmaz ýaly zerur işleri geçirmeli. Bu kyn, emma biziň mümkinçiliklerimiz göz öňünde tutulanda, doly ýerine ýetirip boljak wezipedir diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

M.Ýazmuhammedowa, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini doly üýtgedip guramaly. Bu işe ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesinden başlamaly. Habarlary taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryna geçmeli. Bu ulgamda paýdarlar jemgyýetleri görnüşindäki kärhanalary döretmek boýunça hem zerur işleri geçirmeli. Bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler barada teklipleri taýýarlaň we seretmek üçin hödürläň diýip, döwlet Baştutanymyz tabşyrdy. 

24–27-nji sentýabr aralygynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşar. Şoňa görä-de, R.Meredow, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine boljak sapara gowy taýýarlyk görüň diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna tabşyryk berdi.  

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk görmek mese
Okalan sany: 247   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14180 sek. ýüklenen baýt: 93382