Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Maşgala bäsleşigi
Ýazylan wagty: 14 апреля 2013 Ýazan Mayichka

   Ýakynda Abadan şäherindäki 350 orunlyk sport mekdebinde tamamlanan maşgalalaryň bäsleşigi çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ahal welaýatynyň sport baradaky komitetiniň welaýat zenanlar guramasy bilen bilelikde guran bu sport çäresinde baýrakly orunlar ugrunda etrap-şäherlerden gelen 11 maşgala göreş alyp bardy.


   Bäsleşige gatnaşyjylar erkin maşklary ýerine ýetirmekde, pökgüli ylgamakda, basketbol topuny halka gönükdirmekde, ýakyn aralyga ylgamakda ukyp- başarnyklaryny görkezdiler. Şeýlelik-de , toplan utuklary esasynda baýrakly orunlary eýelän maşgala toparlary mälim edildi.


   Abadan şäherinden Samoşinleriň maşgalasy iň köp utuk toplap, baş baýraga mynasyp boldy. Ak bugdaý etrabyndan Nuriýewleriň maşgalasy ikinji, Abadan şäherinden Magamedowlaryň maşgalasy üçünji netijeler bilen bäsleşigi jemlediler.


 


 


 


 


Okalan sany: 459   Jogaplar: ( 6 )

marala
14 апреля 2013

Dabbled.haladym

HEZRET
14 апреля 2013

Ba beyle yaryshlaram gechyaray, sag bol habaryna !!!   

Jekson
15 апреля 2013

sag bol tazeliklerinize, gyzyklydance

HEZRET
15 апреля 2013


maşgala bolanda kiçi çagalaram gatnaşdylarmy

Garabeg
15 апреля 2013

 sagdyn maşgala sport ýaryşlara gatnaşmak gowy


Mayichka
16 апреля 2013


Ejesi,kakasy, bir çagasy bilen gatnaşýarlar


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07262 sek. ýüklenen baýt: 34217