Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
MEDENIÝET—HALKLARYŇ RUHY DÜNÝÄSINIŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI
Ýazylan wagty: 15 апреля 2013 Ýazan GundogarNews

MEDENIÝET—HALKLARYŇ RUHY DÜNÝÄSINIŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI

Medeniýet—bu adamyň we jemgyýetiň döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň toplumydyr. Ol jemgyýetiň sosial instituty bolup, ruhlandyryjy, terbiýeçilik, şahsyýetara gatnaşyklary sazlaşdyryjy hem-de ony kämilleşdiriji wezipeleri ýerine ýetirýär. Hut şonuň üçin-de häzir medeniýete döwlet syýasatynyň derejesinde  milletiň we ýurduň ruhy galkynyşynyň möhüm çeşmesi bolan demoktarik we sosial özgertmeleriň binýady hökmünde baha berilýär.

   Dünýäde iň bir gadymy halklaryň biri bolan türkmen halky asyrlaryň dowamynda özüniň iň gowy däpleriniň durnuklylygy we durmuşa ukyplylygy, baý mirasyna aýawly garamagy netijesinde öz medeniýetiniň umumy durkyny saklap galmagy başaran halkdyr.

  Biziň pähimdar, gollary hünärli halkymyz asyrlaryň içinden amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryny, gahrymançylykly eposlaryny, paýhasy we umyt-arzuwlary döredýän rowaýatlary,ýaňlananda on iki süňňüňi bogun-bogun söküp gelýän türkmen aýdym-sazlarynyň üzülmez kökenini, dagdan inen tereň çeşme ýaly börüňňüldäp akyp ýatan türkmen poýeziýasynyň dury bulagyny, akyldarlarymyzyň akyl eleginde elenen dürdäneler ummany alyp geldi.  Olarda durmuş we ruhuň taryhy öz beýanyny tapdy. Halk aýdymlarynda, dessanlarynda durmuş, zähmetiň we  döredijiligiň, arzuwyň we bagtyň ajaýyp birleşmesi hakynda düşünjeler beýan edilendir. Olar çuňňur paýhasa, durmuşa bolan höwese eýlenip, adamlara hemişe ruhy joşgunlylyk duýgularyny bagyş edýär.

 Mysal üçin, sazy alyp göreliň. Milli saz medeniýetinde sazyň we sazandalaryň howandarlary hasaplanan, ady rowaýata öwrülen birnäçe şahsyýetler bar: Gorkut Ata, Baba Gammar, Aşyk Aýdyň pir we beýlekiler. Olaryň atlary diňe bir etnograflara, filologlara, folklorçylara, gündogarşynaslara mälim bolman, dünýä medeniýeti bilen gyzyklanýan adamlaryň ählisine hem mälimdir.

  Edil aýdym-sazda bolşy ýaly, türkmen söz sungatynyň ägirtleriniň akyl-paýhas eleginde eläp, ýugrup halkyna miras goýup giden şygryýet ummanynda-da hut şeýle. Halkymyz ady rowaýata öwrülip giden söz ussatlary Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Aby Sagyt Abul Haýyr, Döwletmämmet Azady,Nurmuhammet Andalyp,  Magtymguly Pyragy ýaly şahsyýetleriniň heýkellerine, ruhy dünýäsine tagzym edýär. Beýik daragty iýmitlendirýän çuň kökler ýaly, biziň däplerimiz hem medeniýetiň täze ösüntgilerine we şahalaryna täzeden jan bermäge ukyplydyr.

  Hut  şonuň üçin-de  Berkarar döwletimiziň bagtýarlyk döwründe häzirki döwrüň  milli medeniýetini  ösdürmegiň meseleleri  ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet  syýasatynyň hemişelik ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ata Watanymyzyň medeni kuwwatyny ýokarlandyrmak, neşirýat işini, kinomotografiýany ösdürmek, milli  mirasymyzy gorap saklamak hem-de wagyz etmek, milli medeniýete daşary ýurtlarda mynasyp wekilçilik etmek, şeýle-de hünärli işgärleri taýýarlamak we başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak bu günki günüň derwaýys we möhüm wezipesi bolup durýar.

  Ýaňy-ýakynda  medeniýetiň gülleýän mmekany hökmünde çawlanýan türkmen topragynda  Ýapon medeniýetiniň hepdeiginiň, Ukrainayň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň, Mary şäherinde hindi kinosynyň görkezilişiniň ýaýbaňlanmagynyň özi hem  ýurdumyzda medeniýet ulgamyna uly orun berilýändigini kepillendirýär.

Atamyrat Sarygulow
Okalan sany: 775   Jogaplar: ( 3 )

Betman
15 апреля 2013

medeniýet barada beren maglumatlaryňyza sag boluň

marala
15 апреля 2013

a[dym sazly diýar barha bat alýar, good

Garabeg
15 апреля 2013

turkmen medeniýeti daşary ýurtlarda-da öz medeniýetini görkezen halkdyr


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07125 sek. ýüklenen baýt: 38837