Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy okuw türgenleşik ýygnanşygyna gitdi
Ýazylan wagty: 26 сентября 2015 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy okuw türgenleşik ýygnanşygyna gitdi

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça 19 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen ýaşlar ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine okuw türgenleşigine ugrady. Tälimçi Ahmet Agamyradowyň şägirtleri bu ýerde 4-nji oktýabrda Saud Arabystanynda badalga aljak Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşarlar. Mälim bolşy ýaly, ildeşlerimiz «B» toparçada çykyş eder. Bu toparçada Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyndan başga-da, Ýemeniň, Saud Arabystanynyň we Siriýanyň ýygyndylary bar.

Ildeşlerimiz toparçadaky ilkinji duşuşygyny 4-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň topary bilen geçirer.

 

U-19 Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň tälimçiler we futbolçylar düzümi:

Okalan sany: 121   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11609 sek. ýüklenen baýt: 30793